Serdarlar 9:1—57

  • Abymälik Şekemde patyşa bolýar (1—6)

  • Ýotamyň aýdan mysaly (7—21)

  • Abymälik zalym hökümdar (22—33)

  • Abymälik Şekeme hüjüm edýär (34—49)

  • Aýal Abymäligiň kellesini ýarýar (50—57)

9  Ýerubagalyň ogly Abymälik+ Şekemde ýaşaýan daýylarynyň we babasynyň dogan⁠-⁠garyndaşlarynyň ýanyna baryp:  «Şekemiň baştutanlaryna* şeýle diýiň: „Size Ýerubagalyň 70 oglunyň+ baş bolany gowumy ýa bir adamyň? Unutmaň, biz garyndaş“» diýdi.  Daýylary onuň sözlerini Şekemiň baştutanlaryna ýetirdiler. Olar hem: «Ol özümiziňkidir» diýşip, Abymäligiň tarapdary boldular.  Olar Bagal⁠-⁠beritiň+ ybadathanasyndan 70 kümüş alyp, Abymälige berdiler. Abymälik işýakmaz we dereksiz adamlary hakyna tutup, olar bilen agyz birikdirdi.  Soňra Abymälik Opradaky+ kakasynyň öýüne baryp, doganlaryny, ýagny Ýerubagalyň 70 ogluny bir daşyň üstünde öldürdi+. Diňe Ýerubagalyň körpe ogly Ýotam gizlenip, diri galdy.  Şekemiň we Beýt⁠-⁠millonyň baştutanlary Şekemdäki uly agajyň golaýyndaky sütüniň ýanyna ýygnanyşyp, Abymäligi patyşa edip bellediler+.  Olar muny Ýotama habar berenlerinde, ol Gerizim dagynyň+ depesine çykdy⁠-⁠da, batly gygyryp, şeýle diýdi: «Eý Şekemiň baştutanlary, gulak asyň! Şonda Hudaý hem sizi diňlär.  Günlerde bir gün agaçlar özüne patyşa saýlamakçy bolýarlar. Olar zeýtun agajyna ýüzlenip: „Bize patyşa bol“+ diýýärler.  Emma zeýtun agajy: „Men Hudaýy we adamlary şöhratlandyrýan ýagymy taşlap, başga agaçlara saýa salarynmy?!“ diýip jogap berýär. 10  Soňra olar injir agajyna: „Bize patyşa bol“ diýýärler. 11  Injir agajy: „Men şirin⁠-⁠şeker miwämi taşlap, başga agaçlara saýa salarynmy?!“ diýip jogap berýär. 12  Olar üzüm agajyna: „Bize patyşa bol“ diýýärler. 13  Üzüm agajy: „Men Hudaýyň we adamlaryň göwnüni göterýän täze şerabymy taşlap, başga agaçlara saýa salarynmy?!“ diýip jogap berýär. 14  Iň soňunda olar tikenli agaja: „Bize patyşa bol“+ diýýärler. 15  Tikenli agaç hem olara: „Eger patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda boluň. Ýogsam menden ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp kül eder“ diýýär. 16  Siz Abymäligi patyşa saýlap+, dogry edendirin öýdýäňizmi? Ýerubagalyň öý⁠-⁠içerisine eden ýagşylygyňyz şumy? Şumy siziň minnetdarlygyňyz? 17  Kakam sizi midýanlardan halas etmek üçin janyny gaýgyrman söweşdi+. 18  Siz bolsa kakamyň öý⁠-⁠içerisine garşy çykyp, 70 ogluny bir daşyň üstünde öldürdiňiz+. Gyrnagyndan doglan ogly Abymäligi+ doganyňyz hasaplap, Şekeme patyşa bellediňiz. 19  Eger siz Ýerubagala we öý⁠-⁠içerisine ýagşylyk etdik diýýän bolsaňyz, onda Abymälik bilen şatlanyň, ol hem siziň bilen şatlansyn. 20  Eger başgaça bolsa, Abymälikden ot çykyp, Şekem bilen Beýt⁠-⁠millon baştutanlaryny ýakyp kül etsin+. Şekem bilen Beýt⁠-⁠millon baştutanlaryndan hem ot çykyp, Abymäligi ýakyp kül etsin»+. 21  Soňra Ýotam+ Beýere gidip, dogany Abymälikden gizlenip ýaşady. 22  Abymälik Ysraýylyň üstünden üç ýyllap hökümdarlyk etdi. 23  Şonda Hudaý Şekem baştutanlary bilen Abymäligiň arasynda düşünişmezlik döretdi. Olar Abymälige garşy çykdylar. 24  Şeýdip, Ýerubagalyň 70 ogluny öldüren Abymälikden we ony goldan Şekem baştutanlaryndan ar alynmalydy+. 25  Şekemler Abymäligi ele salmak üçin dagyň depesinde adamlary goýdular. Olar deňinden geçýänleriň ählisini talaýardylar. Muny Abymälige habar berdiler. 26  Ebetiň ogly Gagal doganlary bilen Şekeme+ geldi. Şekemiň baştutanlary olary goldadylar. 27  Olar üzüm ýygmaga çykdylar, şerap ýasamak üçin üzüm sykdylar we meýlis gurnadylar. Soňra taňrysynyň ybadathanasynda+ iýip içdiler we Abymäligi näletlediler. 28  Soňra Ebetiň ogly Gagal şeýle diýdi: «Abymälik bilen Zebula gulluk eder ýaly, olar kimmişin? Ol Ýerubagalyň+ ogly dälmi? Zebul weziri dälmi? Geliň, Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryna gulluk edeliň! Biz näme üçin Abymälige gulluk etmeli? 29  Men halka serdar bolsadym, onda Abymäligi tagtdan agdarardym». Soňra ol: «Goşun topla⁠-⁠da, gel, söweşeli!» diýip, Abymäligiň üstünden güldi. 30  Galanyň hany Zebul Ebetiň ogly Gagalyň aýdan sözlerini eşidende, gahar⁠-⁠gazaba mündi. 31  Ol gizlinlikde* Abymälige çapar ýollap, şeýle diýdi: «Ebetiň ogly Gagal doganlary bilen Şekeme gelip, halky seniň garşyňa öjükdirýär. 32  Esgerleriň bilen gije gelip, galanyň golaýynda bukuda ýat. 33  Daň atan badyna, gala çoz. Gagal ýaranlary bilen gaýtawul berse, olary ýeňmek üçin güýjüňi gaýgyrma». 34  Abymälik gije turup, esgerlerini dörde böldi⁠-⁠de, Şekeme çozmak üçin gizlenip ýatdy. 35  Ertesi Ebetiň ogly Gagal derwezäniň öňüne baranda, Abymälik nökerleri bilen bukudan çykyp başladylar. 36  Gagal olary görüp, Zebula: «Seret! Dagdan adamlar inip gelýär» diýdi. Zebul bolsa: «Dagyň kölegesi adam bolup görünýändir» diýdi. 37  Biraz wagtdan Gagal ýene⁠-⁠de: «Seret! Dagdan adamlar inip gelýär. Olaryň bir bölegi Meýonim agajynyň ýanyndan gelýär» diýdi. 38  Şonda Zebul: «Hany sen: „Abymälige gulluk eder ýaly, ol kimmişin?“ diýýärdiň⁠-⁠le?+ Olara göwnüň ýetenokdy, şeýle dälmi?! Bar, indi olar bilen söweş!» diýdi. 39  Gagal Şekemiň baştutanlaryna baş bolup, Abymälige garşy söweşe çykdy. 40  Abymälik Gagalyň yzyndan kowdy; Gagal hem gaçyp gitdi. Galanyň derwezesine barýan ýol jesetden doldy. 41  Abymälik Arumada ýaşady. Zebul+ bolsa Gagal bilen doganlaryny Şekemden kowdy. 42  Ertesi Şekemiň halky galadan çykyp başlady we muny Abymälige habar berdiler. 43  Şonda Abymälik adamlaryny üç topara bölüp, bukuda garaşyp ýatdy. Ol galadan çykyp gelýän adamlara topulyp, olary öldürdi. 44  Abymälik öz topary bilen gala tarap gidip, derwezäni eýeledi. Beýleki iki topar bolsa galanyň daşyndaky adamlara çozup, olary gyrdy. 45  Abymälik uzakly gün söweşip, galany basyp aldy, ilatyny gyrdy; galany ýumurdy+, ýerine duz sepdirdi. 46  Şekem diňiniň baştutanlary muny eşidip, El⁠-⁠beritiň+ ybadathanasynyň gaçybatalgasynda gizlendi. 47  Olaryň bir ýere ýygnanandygyny Abymälige habar berdiler. 48  Ol şol bada nökerleri bilen Zalmon dagyna çykdy. Abymälik eline palta alyp, agajyň şahasyny çapdy⁠-⁠da, egnine alyp, nökerlerine: «Sizem meniň edenimi ediň» diýdi. 49  Olar hem agajyň şahalaryny çapyp aldylar⁠-⁠da, Abymäligiň yzyna düşdüler. Olar şahalary gaçybatalganyň daş⁠-⁠töweregine üýşürip otladylar. Şeýdip, Şekem diňiniň ilaty, 1 000⁠-⁠e golaý aýal⁠-⁠erkek öldürildi. 50  Soňra Abymälik Tebese gitdi, ol galany gabady we basyp aldy. 51  Galanyň ortasynda berk diň bardy. Aýal⁠-⁠erkekler we baştutanlar oňa gaçdylar. Olar diňiň gapysyny gulplap, depesine çykdylar. 52  Abymälik diňi otlamak üçin daşyny gabady⁠-⁠da, gapysyna bardy. 53  Şonda bir aýal degirmen daşyny* zyňyp, Abymäligiň kellesini ýardy+. 54  Ol derrew ýarag göterýän nökerini çagyryp: «Gylyjyňy çykaryp, meni öldür, ýogsam meni aýal öldürdi diýerler» diýdi. Nöker gylyjyny Abymäligiň içinden geçirdi, ol hem jan berdi. 55  Ysraýyllar Abymäligiň ölenini görüp, öýli⁠-⁠öýüne dargadylar. 56  Abymälik 70 doganyny öldürip, kakasynyň öýüne zalymlyk edipdi. Hudaý şol zalymlygy Abymäligiň öz başyndan inderdi+. 57  Hudaý Şekemiň ilatynyň zalymlygyny olaryň özüne görkezdi. Ýerubagalyň+ ogly Ýotamyň näleti+ olaryň başyndan indi.

Çykgytlar

Başga manysy: ýer eýelerine.
Ýa⁠-⁠da: hilegärlik bilen.
Degirmeniň ýokarky daşy göz öňünde tutulýar.