Serdarlar 21:1—25

  • Benýamin taýpasyna kömek (1—25)

21  Ysraýyllar: «Hiç kim benýaminlere gyz bermez» diýip, Mispada+ ant içdiler+.  Halk Beýtele+ gelip, Hudaýyň huzurynda Gün ýaşýança zaryn⁠-⁠zaryn aglaşdylar.  Olar: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, Ysraýylyň başyna näme üçin şeýle bela⁠-⁠beter indi? Ysraýylyň bir taýpasy ýitip gidibermelimi?» diýdiler.  Ertesi gün halk ir bilen turup, ýakma we parahatlyk gurbanlyklaryny+ bermek üçin gurbanlyk ojagyny* gurdular.  Ysraýyllar Mispada Ýehowanyň huzuryna gelmedik adam hökman öldüriler diýip ant içipdiler. Şonuň üçin olar: «Ýehowanyň huzuryna geňeşmäge ysraýyl taýpalaryndan gelmedik barmy?» diýip soradylar.  Ysraýyllar benýamin doganlarynyň düşen ýagdaýyna gynanyp: «Şu gün ysraýylyň bir taýpasy kesilip taşlandy.  Biz olara gyz bermeris diýip, Ýehowanyň huzurynda ant içdik+. Indi diri galan benýaminler üçin nireden gyz taparys?»+ diýdiler.  Olar: «Ýehowanyň huzuryna ysraýyl taýpalaryndan Mispa gelmedik barmy?»+ diýdiler. Halkyň ýygnanan düşelgesine Ýabeş⁠-⁠gilead galasyndan hiç kim gelmändir.  Halky sanap görseler, Ýabeş⁠-⁠gilead galasyndan bir adam hem gelmändir. 10  Şonda jemagat ol ýere 12 000 batyr ýigitlerini ugradyp: «Gidiň⁠-⁠de, Ýabeş⁠-⁠gileadyň aýal⁠-⁠erkeklerini, çagalaryny gylyçdan geçiriň+. 11  Siz olaryň erkekleriniň we aýallarynyň ählisini öldüriň. Emma durmuşa çykmadyk gyzlaryny diri galdyryň» diýip tabşyryk berdiler. 12  Ýabeş⁠-⁠gilead galasynda 400 gyz bardy. Olary Kengan topragynda ýerleşýän Şilodaky+ düşelgä getirdiler. 13  Ysraýyllar Rimmon gaýasyndaky+ benýaminlere habar ýollap, ýaraşmagy teklip etdiler. 14  Benýaminler ýurduna dolanyp geldiler. Halk olara Ýabeş⁠-⁠gileadyň diri galan gyzlaryny berdi+. Ýöne olaryň hemmesine gyz ýetmedi. 15  Ysraýyllaryň benýamin doganlaryna rehimi indi+, sebäbi Ýehowa olary ysraýyl taýpalaryndan aýra saldy. 16  Halkyň ýaşululary: «Benýaminleriň gelin⁠-⁠gyzlarynyň ählisi öldürildi. Olaryň galan erkeklerine nireden gyzy tapmaly?» diýip soradylar. 17  Olar şeýle jogap berdiler: «Ysraýylyň bir taýpasy ýitip gitmez ýaly, diri galan benýaminlere mülk bereliň. 18  Ýöne biz olara gyz berip bilmeris, sebäbi ysraýyl halky: „Benýaminlere gyz beren adam näletlidir“ diýip ant içipdi»+. 19  Olar: «Ine, Şiloda+ her ýyl Ýehowa bagyşlap baýramçylyk bellenilýär. Şilo Beýteliň demirgazygynda, Beýtelden Şekeme barýan uly ýoluň gündogarynda, Lebonyň günortasynda ýerleşýär» diýdiler. 20  Olar benýaminlere şeýle tabşyryk berdi: «Gidiň⁠-⁠de, üzümçiligiň içinde gizlenip oturyň. 21  Şilonyň gyzlary üýşüp tans etseler, üzümçilikden çykyň⁠-⁠da, heriňiz birini tutup, Benýamin topragyna alyp gaýdyň. 22  Gyzlaryň kakasy ýa⁠-⁠da agasy üstümize gelse, olara: „Benýaminlere⁠-⁠de, bize⁠-⁠de rehim eýläň. Söweşde ýesir alnan gyzlar olara ýetmedi+. Siz hem antyňyzdan dänip, gyz berip bilmezdiňiz“ diýeris»+. 23  Benýaminler aýdylyşy ýaly hem etdiler. Olaryň hersi tans edýän gyzlaryň birini alyp, mülküne dolandylar we galalaryny täzeden dikeldip+, ýaşap başladylar. 24  Şonda ysraýyllar öýli⁠-⁠öýüne, taýpasyna we mülküne dolandylar. 25  Şol döwürde Ysraýylyň patyşasy ýokdy+. Her kes öz bilenini ederdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.