Serdarlar 20:1—48

  • Benýamine garşy söweş (1—48)

20  Dandan+ Beýer⁠-⁠şeba çenli we Gilead topragynda+ ýaşaýan ähli ysraýyllar Mispada ýygnandylar. Olar bir adam ýaly Ýehowanyň huzuryna geldiler+.  Ysraýyl halkynyň we taýpalarynyň ähli han⁠-⁠begleri Hudaýyň halkynyň geňeşine* geldiler. 400 000 sany eli gylyçly we pyýada esger bardy+.  Benýaminler ysraýyllaryň Mispada ýygnanandygyny eşitdiler. Ysraýyllar: «Bolan elhenç wakany gürrüň beriň»+ diýdiler.  Öldürilen aýalyň äri lewilerdendi+. Ol: «Men gijäni geçirmek üçin gyrnagym bilen benýaminleriň Gibeýa galasyna barypdym+.  Gije Gibeýanyň adamlary* meni öldürjek bolup, myhman öýümiň daşyny gabadylar. Emma maňa degmän gyrnagymy zorladylar, ol hem öldi+.  Men gyrnagymy böleklere bölüp, Ysraýylyň ähli künjegine paýladym+, sebäbi olar Ysraýyl topragynda azgynçylyk we biabraýçylyk etdiler.  Indi, ysraýyl ogullary, gelen kararyňyzy aýdyp, maslahat beriň»+ diýdi.  Şonda tutuş halk bir adam ýaly aýaga galyp şeýle diýdi: «Indi hiç kim çadyryna, öýüne gaýtmaz.  Bije atyp, Gibeýa galasyna garşy kimiň gitmelidigini bileliň+. 10  Ysraýylyň her taýpasyndan 100 adamdan 10 adam, 1 000 adamdan 100 adam, 10 000 adamdan 1 000 adam goşuna azyk getirip bersin. Goşun bolsa Ysraýylda biabraýçylyk eden benýaminleriň Gibeýa galasyna garşy söweşer». 11  Ysraýyllar gala çozmak üçin bir adam ýaly jem boldular. 12  Ysraýyllar benýaminiň taýpa baştutanlaryna adam ugradyp: «Beýle azgynçylygy nädip edip bildiňiz? 13  Gibeýanyň zalym adamlaryny elimize beriň+, biz olary öldürip, Ysraýyldan erbetligi köki bilen aýrarys»+ diýdiler. Emma benýaminler ysraýyl doganlaryna gulak asmadylar. 14  Ysraýyl ogullary bilen söweşmek üçin benýaminler ähli galalaryndan gelip, Gibeýada jemlendiler. 15  Şol gün benýamin galalaryndan eli gylyçly 26 000, Gibeýadan bolsa 700 edermen esger ýygnandy. 16  Olaryň 700 edermen esgeri çepbekeýdi, olar şeýle bir mergendi welin, atan daşy nyşanadan sowa* geçmezdi. 17  Ysraýylyň beýleki taýpalarynda söweşe ukyply, eli gylyçly 400 000 esger bardy+. 18  Ysraýyllar Beýtele baryp, Hudaýdan: «Benýaminler bilen söweşe ilki kim gider?» diýip soradylar+. Ýehowa: «Ýahuda gider» diýip jogap berdi. 19  Ysraýyllar säher bilen turup, Gibeýa galasyna garşy söweşmek üçin düşelge gurdular. 20  Ysraýyl ogullary benýaminler bilen söweşmäge çykdylar. Olar Gibeýanyň garşysynda nyzama durdular. 21  Benýaminler Gibeýadan çykyp, şol gün ysraýyllaryň 22 000 esgerini öldürdiler. 22  Emma ysraýyllaryň goşuny gorkmady, olar ertesi gün ýene⁠-⁠de nyzama durdular. 23  Şeýle⁠-⁠de olar Ýehowanyň huzuryna baryp, Gün ýaşýança agladylar, soňra Ýehowadan: «Biz ýene⁠-⁠de benýamin doganymyz bilen söweşelimi?»+ diýip soradylar. Ýehowa olara: «Söweşiň!» diýip jogap berdi. 24  Ertesi güni ysraýyllar benýaminleriň üstüne gitdiler. 25  Benýaminler hem Gibeýadan çykyp, ysraýyllaryň eli gylyçly 18 000 esgerini gyrdylar+. 26  Şonda ysraýyl ogullarynyň ählisi Beýtele gitdiler. Olar Ýehowanyň huzurynda oturyp aglaşdylar+, agşama çenli agyz beklediler+ we Ýehowa ýakma+, parahatlyk gurbanlyklaryny+ berdiler. 27  Ysraýyllar Ýehowadan maslahat soradylar+, sebäbi şol wagtlar hak Hudaýyň äht sandygy Beýteldedi. 28  Şol günler Harunyň agtygy, Algazaryň ogly Pinehas+ äht sandygynyň öňünde gulluk edýärdi. Olar: «Benýamin doganlarymyza garşy söweşe gidelimi ýa⁠-⁠da ýok?»+ diýip soradylar. Ýehowa olara: «Gidiň, ertir men olary siziň eliňize bererin» diýip jogap berdi. 29  Ysraýyllaryň esgerleri Gibeýanyň daş⁠-⁠töwereginde bukuda ýatdylar+. 30  Üçünji gün diýlende, ysraýyllar benýaminleriň üstüne gitdiler we Gibeýanyň garşysynda öňküsi ýaly nyzama durdular+. 31  Benýaminler goşunyň garşysyna çykyp galadan daşlaşdylar+. Olar ýene⁠-⁠de hüjüm edip, Beýtele we Gibeýa barýan uly ýollarda esgerleri gylyçdan geçirip başladylar. Şol ýerde 30⁠-⁠a golaý esger wepat boldy+. 32  Benýaminler: «Olary ýene⁠-⁠de gyrarys»+ diýdiler. Ysraýyllar bolsa: «Yza çekilip olary aldalyň, benýaminleri galadan daşlaşdyryp, uly ýollara getireliň» diýişdiler. 33  Ysraýyl ogullary aýaga galyp, Bagal⁠-⁠tamarda nyzama durdular. Gibeýanyň daş⁠-⁠töwereginde gizlenip oturan adamlar bolsa hüjüme geçdiler. 34  Tutuş Ysraýyldan saýlanyp alnan 10 000 esger Gibeýa galasynyň golaýynda gazaply söweşdiler. Emma benýaminler başyna injek betbagtçylykdan bihabardy. 35  Ýehowa benýaminleri ysraýyllaryň öňünde derbi⁠-⁠dagyn etdi+. Şol gün ysraýyllar benýaminleriň eli gylyçly 25 100 esgerini öldürdiler+. 36  Ysraýyllar yza çekilende, benýaminler ýeňeris öýtdüler+. Ysraýyllar Gibeýada bukuda ýatanlara bil baglap, yza çekildiler+. 37  Bukuda ýatanlar bolsa dessine Gibeýa çozdular. Olar galany eýeläp, ilatyny gylyçdan geçirdiler. 38  Ysraýyl ogullary özara gepleşipdiler; bukuda ýatan esgerler galadan al⁠-⁠asmana tüsse çykaryp, olara duýduryş bermelidiler. 39  Ysraýyllar yza çekilende, benýaminler olara topulyp, 30⁠-⁠a golaý esgerini öldürdiler+. Olar: «Ysraýyllaryň ýeňiljegi görnüp dur»+ diýişdiler. 40  Emma galadan tüsse ýokary galyp başlady. Benýaminler yzyna seretse, galadan gap⁠-⁠gara tüsse al⁠-⁠asmana galýar. 41  Şonda gaçyp barýan ysraýyllar yzyna dolandylar, benýaminler üstüne abanýan howpy görüp gorkdular. 42  Olar ysraýyllardan gaçyp, çöle tarap eňdiler. Ysraýyllar galany eýelän esgerler bilen bilelikde olaryň yzyndan kowdular. 43  Olar badyny gowşatman benýaminleri kowalap, gabawa saldylar. Olar Gibeýanyň gündogarynda benýaminleri gyrdylar. 44  Şeýlelikde, benýaminleriň 18 000 batyr esgeri öldürildi+. 45  Diri galanlary çöle, Rimmon gaýasyna tarap gaçdylar+. Ysraýyllar uly ýollarda olaryň 5 000 esgerini öldürdiler. Olar Gidoma çenli benýaminleriň yzyndan kowup, ýene 2 000 esgerini öldürdiler. 46  Şol gün benýaminlerden eli gylyçly jemi 25 000 esger öldürildi+. Olaryň hemmesi mert adamlardy. 47  Benýaminleriň 600 esgeri çölüň içi bilen Rimmon gaýasyna gaçdylar we dört aýlap şol ýerde boldular. 48  Ysraýyllar yzyna gaýdyp, benýaminleriň beýleki galalaryna bardylar. Olaryň ilatyny, mal⁠-⁠garasyny gyrdylar we ähli zadyny ýok etdiler. Olar ýoluň ugrundaky ähli galalary otlap kül etdiler.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýygnagyna.
Başga manysy: ýer eýeleri.
Sözme⁠-⁠söz: saçyň taryna degmän.