Serdarlar 18:1—31

  • Dan taýpasy ýaşar ýaly ýurt gözleýär (1—31)

    • Mikaýyň butlary, ruhanysy äkidilýär (14—20)

    • Laýyşa Dan ady goýdular (27—29)

    • Danlar buta sežde edýär (30, 31)

18  Şol döwürde Ysraýylyň patyşasy ýokdy+. Dan taýpasy+ ýaşar ýaly ýer gözleýärdi. Sebäbi şol wagta çenli ysraýyl taýpalarynyň arasynda olara mülk paýy berilmändi+.  Danlar öz taýpasyndan, Zora bilen Eştawoldan+ bäş edermen adama: «Baryň, ýurdy gözden geçiriň» diýip ugratdylar. Olar Efraýymyň daglarynda ýaşaýan Mikaýyň+ öýüne baryp, gijäni geçirdiler.  Olar Mikaýyň öýünde bolýan ýaş lewini gepleýşinden tanap, ýanyna bardylar⁠-⁠da: «Seni kim getirdi? Bärde näme edýärsiň? Näme işläp ýörsüň?» diýip soradylar.  Ýigit: «Mikaý meni hakyna tutup, ruhanysy etdi» diýip jogap berdi+.  Olar: «Işimiziň ugruna boljagyny⁠-⁠bolmajagyny Hudaýdan sorap beräý» diýdiler.  Ruhany: «Arkaýyn gidiberiň, Ýehowa siziň bilen bolar» diýdi.  Bäş adam ol ýerden gaýdyp, Laýyşa+ geldi. Laýyşyň ilaty sidonlylar ýaly özbaşyna ýaşaýardy. Laýyşlylar parahat we asuda halkdy+. Olara azar berýän, üstüne çozýan adam ýokdy. Olar Sidondan uzakdady, hiç kim bilen gatnaşmaýardy.  Içalylar Zora bilen Eştawola+ dolanyp gelende, ildeşleri olardan: «Näme habar?» diýip soradylar.  Olar: «Ýurduň mes toprakly ýerleri bar eken. Ýaýdanyp durmalyň, tizräk baryp eýe çykalyň. 10  Ol ýurt giň we halky asuda+ ýaşaýar. Hudaý ýurdy elimize berer. Ol ýerde dünýäniň ähli baýlygy, näz⁠-⁠nygmaty bar»+ diýdiler. 11  Dan taýpasyndan 600 adam eline ýarag alyp, Zoradan we Eştawoldan+ ýola düşdüler. 12  Olar Ýahudadaky Kirýat⁠-⁠ýegarimiň+ günbatarynda düşelge gurdular. Şol sebäpli ol ýere henize çenli Mahan⁠-⁠dan*+ diýilýär. 13  Soňra olar Efraýymyň daglarynda ýaşaýan Mikaýyň öýüniň golaýyna bardylar+. 14  Laýyş+ topragyny gözden geçirmäge giden bäş adam ildeşlerine: «Bilýäňizmi, şol öýde öňlük*, guýma, oýma we maşgala butlary* bar+. Olary näme ederis?» diýdiler. 15  Soňra olar Mikaýyň öýünde ýaşaýan lewiniň+ ýanyna baryp, hal⁠-⁠ahwalyny soradylar. 16  Dan taýpasyndan eli ýaragly 600 adam+ derwezäniň agzynda durdy. 17  Ýurdy görmäge gelen bäş adam+ öňlügi+, oýma, guýma we maşgala butlaryny+ almaga bardylar. (Ruhany+ derwezäniň agzynda eli ýaragly 600 adamyň ýanynda durdy). 18  Olar Mikaýyň öýüne girip, öňlügi, oýma, guýma we maşgala butlaryny alanlarynda, ruhany: «Näme edýärsiňiz?» diýdi. 19  Olar: «Ýuwaş, sesiňi çykarma. Ýör, biziň bilen git, maslahatçymyz* we ruhanymyz bol. Diňe bir adama ruhany bolmak+ gowumy ýa⁠-⁠da Ysraýylyň bir tiresine, hatda tutuş taýpasyna ruhany bolmak gowumy?»+ diýdiler. 20  Olaryň sözi ruhanynyň göwnünden turdy. Ol öňlügi, oýma we maşgala butlaryny+ alyp, olaryň yzyna düşdi. 21  Olar çagalaryny, mal⁠-⁠garasyny we gymmatbaha zatlaryny alyp ýola düşdüler. 22  Olar Mikaýyň öýünden uzaklaşanda, Mikaýyň goňşy⁠-⁠golamlary ýygnanyşyp, danlaryň yzyndan kowalap başlady. 23  Olar danlaryň yzyndan gygyrdylar. Danlar bolsa Mikaýa: «Näme boldy? Adamlary nämä üýşürdiň?» diýdiler. 24  Ol: «Siz meniň ruhanymy, ýasan taňrylarymy alyp gitdiňiz. Mende hiç zat goýman „Näme boldy?“ diýip soraýaňyzmy?» diýdi. 25  Danlar: «Sesiňe bat berme, ýogsam gaharymyz gelse, seni⁠-⁠de, öý⁠-⁠içeriňi⁠-⁠de öldüreris» diýip jogap berdiler. 26  Danlar öz ýollary bilen gitdiler. Mikaý hem olaryň güýçlüdigini görüp, öýüne dolandy. 27  Olar Mikaýyň ýasan butlaryny we ruhanysyny alyp, Laýyşa+ tarap gitdiler. Olar Laýyşyň asuda we aladasyz ýaşaýan halkyny+ gylyçdan geçirdiler, şäheri bolsa otladylar. 28  Olaryň dadyna hiç kim ýetişmedi, sebäbi Sidondan uzakda ýaşaýardylar we hiç kim bilen gatnaşmaýardylar. Söweş Beýt⁠-⁠rehop+ jülgesinde bolup geçdi. Danlar şäheri täzeden gurup, ýaşap başladylar. 29  Şeýle⁠-⁠de olar atalary, Ysraýyl ogly Danyň+ hatyrasyna şäheriň adyna Dan+ goýdular. Şäheriň öňki ady Laýyşdy+. 30  Danlar oýma butlaryny+ getirip goýdular. Musanyň ogly Gerşomyň+ neslinden Ýonatan+ we onuň ogullary halk sürgün edilýänçä dan taýpasyna ruhany bolup gulluk etdiler. 31  Olar Mikaýyň ýasan oýma butuny dikdiler. Hak Hudaýyň çadyry bolsa Şilodady+.

Çykgytlar

Manysy: Danlaryň düşelgesi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: atamyz.