Serdarlar 17:1—13

  • Mikaýyň butlary we ruhanysy (1—13)

17  Efraýymyň daglarynda+ Mikaý atly bir adam ýaşaýardy.  Günlerde bir gün ol: «Eje, ýadyňda bolsa, 1 100 kümşüň ogurlanypdy. Şonda meniň ýanymda ogra gargapdyň. Kümüşleri men aldym, olar mende» diýdi. Şonda ejesi: «Oglum, goý, Ýehowa seni ýalkasyn!» diýdi.  Mikaý 1 100 kümşi berende, ejesi: «Men kümüşleri Ýehowa bagyş etjek. Ine olary yzyna saňa berýärin. Sen olardan oýma we guýma butlaryny ýasa»+ diýdi.  Ejesi oglunyň beren pullaryndan 200 kümşi alyp, zergäre berdi. Ussa oýma we guýma butlaryny ýasady. Soňra olary Mikaýyň öýüne getirip goýdular.  Mikaý taňrylaryna buthana gurdy. Ol öňlük*+ tikdi we maşgala butlaryny*+ ýasady, ogullarynyň birini bolsa ruhany edip belledi*+.  Şol döwürde Ysraýylyň patyşasy ýokdy+. Her kes öz bilenini ederdi+.  Ýahudalardan bir ýigit Ýahudanyň Beýtullahamyna+ az wagtlyk ýaşamaga geldi. Ol lewilerdendi+.  Günlerde bir gün ol Ýahudanyň Beýtullahamyndan çykyp gaýtdy⁠-⁠da, ýaşamaga ýer gözläp başlady. Ahyry ol Efraýymyň daglarynda ýaşaýan Mikaýyň öýüne geldi+.  Mikaý ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Ýigit: «Men Ýahudanyň Beýtullahamyndan gelýärin, ýaşamaga ýer gözleýärin. Men lewi taýpasyndan» diýip jogap berdi. 10  Mikaý: «Meniň öýümde galaý, maslahatçym* hem ruhanym bolarsyň. Men saňa ýylda on kümüş tölärin, iýjegiňi hem geýjegiňi bererin» diýdi. Lewi hem öýe girdi. 11  Şeýdip, lewi Mikaýyň öýünde galmaga razy boldy. Mikaý oňa ogly ýaly seretdi. 12  Şeýle⁠-⁠de ol lewini ruhany edip belledi+, şonuň üçin ýigit Mikaýyň öýünde ýaşaberdi. 13  Mikaý: «Indi Ýehowa maňa ak pata berer, sebäbi ruhanym lewilerden» diýdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: birine bolsa ygtyýar berdi.
Sözme⁠-⁠söz: atam.