Serdarlar 16:1—31

  • Şimşon Gaza barýar (1—3)

  • Şimşon bilen Delile (4—22)

  • Şimşon ar alýar we ölýär (23—31)

16  Bir gün Şimşon Gaza gitdi we ahlaksyz aýala sataşyp, öýüne bardy.  Gazanyň halkyna: «Şimşon galaňyza gelipdir» diýdiler. Olar daşyny gabap, daň atýança galanyň derwezesinde garawullap ýatdylar. Olar: «Daňdan tutup öldüreris» diýşip, bütin gije sessiz⁠-⁠üýnsüz oturdylar.  Şimşon ýarygijä çenli ýatdy, soňra turup, galanyň derwezesini, gulpy we söýeleri bilen gopardy⁠-⁠da, egnine atyp, Hebronyň garşysyndaky dagyň depesine alyp gitdi.  Soňra Şimşon Sorek jülgesinde ýaşaýan Delile atly bir gyza aşyk boldy+.  Piliştli hanlar gyzyň ýanyna gelip: «Saňa herimiz 1 100 kümüş bereli. Sen Şimşonyň gözüni⁠-⁠başyny aýlap, beýik güýjüniň syryny bil+. Biz ony daňyp, boýun egdirmek isleýäris» diýdiler.  Delile Şimşondan: «Sen güýji nireden alýarsyň? Seni näme bilen daňyp, boýun egdirip bolar?» diýip sorady.  Şimşon: «Meni täze ýedi kiriş* bilen daňsalar, güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.  Piliştli hanlar Delilä täze ýedi kiriş getirip berdiler. Ol Şimşony ýedi kiriş bilen daňdy.  Hanlar içki otagda bukulyp otyrdylar. Delile: «Şimşon, piliştliler gelýär!» diýdi. Şonda Şimşon kirişleri edil oda ýanan sapak ýaly üzüp taşlady+, güýjüniň syry bilinmän galdy. 10  Delile Şimşona: «Sen meni oýnap, ýalan sözlediň. Indi bir aýdaý, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. 11  Şimşon: «Eger meni täze ýüp bilen daňsalar, men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 12  Delile Şimşony täze ýüp bilen daňdy⁠-⁠da: «Piliştliler gelýär!» diýdi. (Hanlar içki otagda bukulyp otyrdylar). Şimşon ýüpi oda ýanan sapak ýaly üzüp taşlady+. 13  Delile Şimşona: «Sen ýene⁠-⁠de meni aldap, üstümden güldüň+. Aýtsana, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. Şimşon: «Eger sen meniň ýedi örüm saçymy dokmaçynyň ýüpi bilen örseň, güýjüm gaçar» diýdi. 14  Delile onuň aýdyşy ýaly edip, saçyny darak bilen berkitdi⁠-⁠de: «Şimşon, piliştliler gelýär!» diýdi. Ol ukudan oýandy⁠-⁠da, daragy we ýüpleri goparyp taşlady. 15  Delile: «Sen maňa ynanmaýarsyň. „Men seni söýýärin“+ diýmäge neneň diliň barýar? Meni üç gezek aldadyň, güýjüň syryny aýtmadyň»+ diýdi. 16  Delile her gün iňirdäp şeýle bir ýürege düşdi welin, Şimşon janyndan doýdy+. 17  Ol ahyry Delilä syryny açyp: «Meniň saçyma heniz päki degmedi. Ejemiň göwresindekäm Hudaý meni nezir edip belledi+. Eger meniň saçymy gyrksalar, güýjüm gidip, kuwwatym gaçar, şonda beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 18  Delile Şimşonyň dogrusyny aýdýandygyna düşünip, derrew piliştli hanlara habar ýollap+: «Indi geliberiň, ol maňa syryny açdy» diýdi. Piliştli hanlar kümüşlerini alyp geldiler. 19  Delile Şimşony dyzynda uklatdy⁠-⁠da, bir adamy çagyryp, ýedi örüm saçyny gyrkdyrdy. Delile Şimşonyň erkini ele aldy, Şimşonyň güýji kem⁠-⁠kemden gaçyp başlady. 20  Delile: «Şimşon, piliştliler gelýär!» diýip gygyrdy. Ol ukudan oýanyp: «Öňkim ýaly boşanaýyn»+ diýdi. Emma Ýehowanyň indi güýç bermeýändigini bilmeýärdi. 21  Piliştliler ony tutup, gözlerini oýdular. Gaza getirip, mis gandal bilen bagladylar. Şimşony zyndana atyp, degirmen üwetdiler. 22  Şimşonyň saçy günsaýyn ösüp başlady+. 23  Piliştli hanlar Dagon+ taňra gurbanlyk bermek üçin ýygnanyp, baýramçylyk bellediler. Olar: «Taňrymyz Şimşony tutup berdi» diýişýärdiler. 24  Halk taňrysyna bakyp: «Köp adam öldürip+, ýurdy tozduran duşmany tutup berdiň»+ diýip, alkyş aýtdylar. 25  Olaryň keýpi kök bolup: «Şimşony getiriň, göwün açalyň» diýdiler. Şimşony zyndandan getirip, sütünleriň arasynda duruzdylar. 26  Şimşon elinden tutup duran oglanjyga: «Jaýy saklaýan sütünleriň ýanyna elt, men olara söýeneýin» diýdi. 27  Jaýyň içi aýal⁠-⁠erkekden doludy. Piliştli hanlar hem şol ýerdedi. Jaýyň üstünde⁠-⁠de 3 000⁠-⁠e golaý adam Şimşona tomaşa edip durdy. 28  Şimşon+ Ýehowa ýalbaryp: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, meni ýadyňa sal, haýyş edýärin! Hudaýym, ýene birje gezek maňa güýç ber+, ýalbarýaryn! Iň bolmanda, bir gözüm üçin piliştlilerden ar alaýyn»+ diýdi. 29  Şimşon jaýy saklaýan ortaky iki sütüne söýenip, birine sag elini beýlekisine çep elini goýdy. 30  Ol: «Piliştliler bilen bile öleýin» diýip, bar güýji bilen sütünleri itekledi welin, tutuş jaý hanlaryň we märekäniň üstüne ýykyldy+. Şimşonyň şol gün öldürenleri bütin ömründe öldürenlerinden köp boldy+. 31  Şimşonyň doganlary we kakasynyň tutuş maşgalasy gelip, jesedini alyp gitdiler hem⁠-⁠de Zora+ bilen Eştawolyň aralygynda jaýladylar. Kakasy Manowa+ hem şol ýerde jaýlanypdy. Şimşon Ysraýylda 20 ýyllap serdar boldy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýaýyň kirşi; malyň çig siňri.