Serdarlar 15:1—20

  • Şimşon piliştlilerden ar alýar (1—20)

15  Birnäçe wagtdan, orak döwri Şimşon bir owlagy alyp, gelnini görmäge geldi. Ol: «Men içki otaga, aýalymyň ýanyna girjek» diýdi. Emma gyzyň kakasy Şimşony saklady.  Kakasy: «Sen gyzymy ýigrenensiň öýdüp+, toýda oturan dostlaryň birine berdim+. Ine, gyz jigisi has⁠-⁠da owadan. Belki, ony alarsyň?» diýdi.  Şimşon bolsa: «Indi piliştlilere näme etsem⁠-⁠de, hiç kim hiç zat diýip bilmez» diýdi.  Şimşon 300 tilkini tutup, iki⁠-⁠ikiden guýruklaryny biri⁠-⁠birine daňdy. Olaryň guýrugynyň arasyna taýak berkitdi.  Şimşon taýaklary otlap, tilkileri piliştlileriň galla meýdanyna kowdy. Olaryň galla meýdanyny, desse⁠-⁠desse duran bugdaýlaryny, üzümlerini, zeýtun agaçlaryny otlady.  Piliştliler: «Muny kim etdikä?» diýişdiler. Şonda olara: «Muny timnahlynyň giýewi Şimşon etdi, sebäbi gaýynatasy onuň gelnini toýda oturan dostuna beripdir»+ diýdiler. Piliştliler gidip, Şimşonyň aýalyny we gaýynatasyny otladylar+.  Şimşon olara: «Eger siz şeýle edýän bolsaňyz, arymy alýançam köşeşmerin»+ diýdi.  Ol piliştlileri biruçdan öldürip başlady. Öldürilenleriň san⁠-⁠sajagy ýokdy. Soňra ol Eýtam gaýasyndaky gowaga gitdi.  Piliştliler Ýahuda gelip düşelge gurdular we Lehiniň daşyny gabadylar+. 10  Ýahudanyň ilaty: «Biziň üstümize näme üçin geldiňiz?» diýip soradylar. Şonda olar: «Şimşony tutup, edenini öz başyna getirjek bolýarys» diýip jogap berdiler. 11  Ýahudadan 3 000 adam Eýtam gaýasyndaky gowaga baryp Şimşona: «Häzir piliştliler üstümizden höküm sürýär+. Şony bilip⁠-⁠de, näme üçin başymyza bela getirdiň?» diýdiler. Şimşon olara: «Men olardan arymy aldym» diýdi. 12  Adamlar: «Biz seni daňyp, piliştlileriň eline bermek üçin geldik» diýenlerinde, Şimşon: «Meni öldürmejegiňize ant içiň» diýdi. 13  Olar: «Bolýar, öldürmeris, biz seni daňyp, piliştlilere bereris» diýdiler. Olar Şimşony iki sany täze ýüp bilen daňdylar⁠-⁠da, gowakdan alyp gitdiler. 14  Şimşony Lehä getirenlerinde, piliştliler begenjinden ýaňa gygyryşdylar. Şonda Ýehowanyň ruhy Şimşona güýç berdi+ we elindäki ýüpler* otda ýanan sapak kimin üzülip gitdi+. 15  Ol ölen eşegiň äňini aldy⁠-⁠da, onuň bilen müň adamy öldürdi+. 16  Şimşon şeýle diýdi: «Eşegiň äňi bilen bir süri duşmanlary gyrdym! Eşegiň äňi bilen müň adamy öldürdim»+. 17  Şu sözleri aýdyp, ol elindäki äňi zyňdy, şol ýeriň adyna Ramat⁠-⁠lehi*+ dakdy. 18  Biraz wagtdan ol suwsuzlykdan ýaňa ysgyndan gaçdy. Şimşon Ýehowa ýalbaryp: «Sen guluňa uly ýeňiş berdiň. Indi men damagym kepäp ölmelimi? Sünnetsiz piliştlileriň eline düşmelimi?» diýdi. 19  Alla Lehidäki çukurdan suw çykardy+. Şimşon suwdan gandy, özüne gelip kuwwatlandy. Şonuň üçin Şimşon ol ýeriň adyna En⁠-⁠hakor* dakdy. Ol şu günlerem Lehide ýerleşýär. 20  Şimşon piliştlileriň höküm sürýän döwründe 20 ýyllap Ysraýyla serdar boldy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: zygyr ýüpler.
Manysy: Äň depesi.
Manysy: Perýat edeniň çeşmesi.