Serdarlar 10:1—18

  • Tola serdar we Ýaýyr serdar (1—5)

  • Ysraýyllar günälerine toba edýär (6—16)

  • Ammonlar Ysraýylda düşleýär (17, 18)

10  Abymälikden soň Ysraýyly halas etmäge ysahar taýpasyndan Tola bellendi+. Ol Dodonyň agtygy, Puwasyň ogludy we Efraýymyň daglarynda ýerleşýän Şemirde ýaşaýardy.  Tola Ysraýyla 23 ýyl serdarlyk edip, aradan çykdy we Şemirde jaýlandy.  Soňra Ysraýyla gileadly Ýaýyr 22 ýyl serdarlyk etdi.  Onuň 30 ogly bardy. Ogullarynyň hersi bir eşege münerdi we Gilead topragynda 30 şäheri bardy. Şol şäherlere häzirem Hawot⁠-⁠ýaýyr+ diýilýär.  Ýaýyr dünýäden ötüp, Kamonda jaýlandy.  Ysraýyllar ýene⁠-⁠de Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdiler+. Olar Bagal+ we Aştoret butlaryna, Aramyň*, Sidonyň, Mowabyň+, ammonlaryň+, piliştlileriň taňrylaryna sežde edip başladylar+. Olar Ýehowany unutdylar we oňa gulluk etmediler.  Şonuň üçin ysraýyl halkyna Ýehowanyň gazaby tutaşdy. Hudaý olary piliştliler bilen ammonlaryň eline berdi*+.  Şol ýyl olar ysraýyllary derbi⁠-⁠dagyn edip, köp azar berdiler. Olar Iordanyň gündogaryndaky Gilead topragynda, amorlaryň mülkünde ýaşaýan ysraýyllara 18 ýyllap sütem etdiler.  Ammonlar Iordan derýasyndan geçip, ýahuda, benýamin we efraýym taýpalary bilen söweşdiler. Ysraýyllar gözgyny ýagdaýa düşdüler. 10  Olar Ýehowa Hudaýyna: «Biz senden, öz Hudaýymyzdan ýüz öwürdik we Bagal butlaryna sežde edip, saňa garşy günä etdik»+ diýip, ondan kömek soradylar+. 11  Ýehowa ysraýyllara şeýle diýdi: «Size müsürliler+, amorlar+, ammonlar, piliştliler+, 12  sidonlylar, amalekler we midýanlar sütem etdiler. Şonda men sizi olaryň elinden azat etmedimmi? Siz perýat edeniňizde, men dadyňyza ýetişmedimmi? 13  Emma menden ýüz öwrüp, başga taňrylara gulluk etdiňiz+. Indi sizi halas etmerin+. 14  Baryň, öz saýlan taňrylaryňyza ýüz tutuň+. Agyr günüňizde, goý, olar kömek etsin»+. 15  Ysraýyllar Ýehowa: «Biz günä etdik, näme temmi berseň ber. Ýöne häzir welin, bizi halas et, ýalbarýarys!» diýdiler. 16  Olar başga taňrylardan ýüz öwrüp, Ýehowa gulluk edip başladylar+. Hudaý ysraýyllaryň çekýän jebrini görüp, olara dözmedi+. 17  Bir gün ammonlar+ ýygnanyşyp, Gilead topragynda düşelge gurdular. Ysraýyllar hem jem bolup, Mispada düşelge gurdular. 18  Gileadyň halky we han⁠-⁠begleri bir⁠-⁠birine: «Ammonlar bilen söweşde kim serdar bolar?+ Goý, ol adam tutuş Gileada hökümdarlyk etsin» diýişdiler.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Siriýanyň.
Sözme⁠-⁠söz: satdy.