Serdarlar 1:1—36

  • Ýahuda we şimgon taýpalarynyň çozuşy (1—20)

  • Ýabuslar Iýerusalimde galýar (21)

  • Ýusup Beýteli basyp alýar (22—26)

  • Kenganlaryň ählisi kowulmaýar (27—36)

1  Ýuşa aradan çykandan+ soňra ysraýyl ogullary Ýehowadan: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip soradylar+.  Ýehowa olara: «Ýahuda çykar+. Men ýurdy onuň eline berdim» diýip jogap berdi.  Şonda ýahuda taýpasy şimgon taýpasyna: «Ýörüň, bize berlen ýeri*+ eýelemek üçin kenganlar bilen söweşmäge gideliň. Soňra bizem size berlen ýeri eýelemäge kömek ederis» diýdi. Şimgon taýpasy olara kömek etmäge gitdi.  Ýahuda taýpasy söweşe çykdy. Ýehowa kenganlary we perizleri olaryň eline berdi+. Olar Bezekde 10 000 adamy öldürdiler.  Olar Bezekde Adonybezegi hem gözläp tapdylar we söweşdiler, kenganlary+ hem perizleri+ gyrdylar.  Emma Adonybezek gaçyp gitdi. Olar Adonybezegi kowalap tutdular, eliniň we aýagynyň başam barmaklaryny çapdylar.  Şonda Adonybezek: «Men 70 patyşanyň eliniň we aýagynyň başam barmaklaryny çapypdym. Olar saçagymdan galan⁠-⁠gaçan çörekleri iýerdiler. Ine, Hudaý olara edenimi öz başyma getirdi» diýdi. Soňra Adonybezegi Iýerusalime+ getirdiler. Adonybezek şol ýerde aradan çykdy.  Ýahuda taýpasy Iýerusalimi+ basyp aldy, ilatyny gylyçdan geçirdi, şäheri bolsa otlady.  Soňra olar Negepde, Şepelada+ we daglarda ýaşaýan kenganlar bilen söweşmäge gitdiler. 10  Olar Hebronda (öňki ady Kirýat⁠-⁠arba) ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy* gyrdylar+. 11  Soňra olar Debiriň ilatynyň üstüne çozdular+. Öň Debiriň ady Kirýat⁠-⁠seperdi+. 12  Kalep+: «Kirýat⁠-⁠seperi basyp alana gyzym Akşany berjek»+ diýdi. 13  Şäheri Kalebiň inisi Kenazyň+ ogly Otnyýel+ basyp aldy. Kalep oňa gyzy Akşany berdi. 14  Akşa gaýyn öýüne ugramanka, kakasy Kalepden ýer soramagy ärinden haýyş etdi. Ol eşekden düşende*, kakasy: «Gyzym, näme isleýäň?» diýip sorady. 15  Gyzy: «Kaka, maňa günortadaky* takyrlygy berdiň. Haýyş edýärin, Gullot⁠-⁠maýymy* hem maňa beräý!» diýdi. Kalep gyzyna ýokarky Gulloty we aşaky Gulloty berdi. 16  Musanyň gaýynatasynyň+ neslinden kenler+ ýahudalar bilen palma agaçly şäherden*+ çykyp, Aratyň+ günortasyndaky Ýahudanyň çölüne gitdiler. Olar ýerli halkyň arasynda ornaşdylar+. 17  Ýahuda taýpasy şimgon taýpasy bilen Sepatdaky kenganlaryň üstüne çozdular. Olaryň şäherini derbi⁠-⁠dagyn edip+, adyna Horma*+ goýdular. 18  Soňra ýahuda taýpasy Gazany+, Aşkelony+, Ekrony+ we daş⁠-⁠töweregini basyp aldy. 19  Ýehowa olary goldaýardy. Ýahudalar daglyk ýerleri eýelediler, emma düzde ýaşaýan adamlary boýun egdirip bilmediler. Sebäbi olaryň tigirleri kesgir gylyçly söweş arabalary bardy+. 20  Musanyň wada berişi ýaly, Hebrony Kalebe berdiler+, ol hem Anagyň üç ogluny+ kowup çykardy. 21  Benýaminler Iýerusalimden ýabuslary kowmadylar. Olar häzire çenli Iýerusalimde ýaşaýarlar+. 22  Ýusubyň nesilleri+ bolsa Beýtele garşy söweşe çykdy, Ýehowa hem olary goldady+. 23  Olar Beýteli (şäheriň öňki ady Luz)+ gözden geçirmäge adam ugratdylar. 24  Olar şäherden çykyp gelýän bir adama duşup: «Şähere barýan ýoly görkezseň, saňa rehim ederis*» diýdiler. 25  Şonda ýaňky adam olara şähere barýan ýoly görkezdi. Olar şäheriň ilatyny gylyçdan geçirdiler, emma ol adama we maşgalasyna rehim etdiler+. 26  Ol adam hetleriň ýurduna baryp, bir şäher gurdy we adyna Luz dakdy. Şäher häzirem şol ady göterýär. 27  Manaşanyň nesilleri Beýtşeýany, Tanahy+, Dory, Iblegamy, Megiddony we daş⁠-⁠töweregindäki galalary basyp almadylar+, sebäbi kenganlary ýurtdan çykaryp bilmediler. 28  Ysraýyllar kuwwatlanyp, kenganlary gul edip işletdiler+, ýöne ýurtdan kowup bilmediler+. 29  Efraýymyň nesilleri Gezerdäki kenganlary kowmadylar. Kenganlar hem olar bilen Gezerde ýaşadylar+. 30  Zebulunyň nesilleri Kitronyň we Nahalolyň+ halkyny kowup çykarmadylar. Kenganlar hem olar bilen ýaşap, gul ýaly işlediler+. 31  Aşeriň nesilleri Akkonyň, Sidonyň+, Ahlabyň, Akzybyň+, Helbanyň, Apigiň+ we Rehobyň+ ilatyny kowup çykarmady. 32  Aşerler kenganlary kowmansoň, olar bilen ýaşadylar. 33  Naftalynyň nesilleri Beýtşemeşiň we Beýtanatyň+ halkyny kowman, kenganlaryň arasynda ýaşadylar+. Emma Beýtşemeşiň we Beýtanatyň halkyny gul edip işletdiler. 34  Amorlar Danyň nesillerini daglara tarap gysdylar, olary düzlüge goýbermediler+. 35  Amorlar Heres dagynda, Aýalonda+ we Şegalbimde+ ýaşadylar. Ýöne Ýusubyň nesilleri kuwwatlanyp, olary gul edip işletdiler. 36  Amorlaryň ýeri Akrap depesinden+ başlap, Seladan daglara tarap uzalyp gidýärdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: paýy.
4Ms 13:22⁠-⁠däki Talmaý sözüniň çykgydyna serediň.
Başga manysy: eşekde otyrka, elini çarpanda.
Ýa⁠-⁠da: Negepdäki.
Manysy: Suw bulaklary.
Ýagny Ýerihondan.
Manysy: Derbi⁠-⁠dagyn edilen.
Sözme⁠-⁠söz: wepaly söýgini bildireris.