Rut 3:1—18

  • Nagomy Ruta tabşyryk berýär (1—4)

  • Rut harmana barýar (5—15)

  • Rut Nagomynyň ýanyna dolanýar (16—18)

3  Rutuň gaýynenesi Nagomy: «Gyzym, saňa är+ gözlesem nähili bolar? Men seniň bagtly bolmagyňy isleýärin.  Bowaz bize garyndaş+. Sen onuň elinde işleýän gelin⁠-⁠gyzlaryň ýanynda bolupdyň. Şu gün agşam ol harmanda arpa sowrar.  Sen ýuwnup, endamyňa atyr ysly ýag çal we owadan köýnegiňi geýip*, harmana git. Iýip⁠-⁠içip bolýança, Bowaza görünme.  Gije onuň nirede ýatjagyny bil we şol ýere baryp, donunyň etegini galdyr⁠-⁠da, aýagujunda ýat. Soňra näme etmelidigini özi aýdar» diýdi.  Rut hem: «Men ähli zady aýdyşyňyz ýaly ederin» diýdi.  Ol harmana gidip, hemme zady gaýynenesiniň öwredişi ýaly etdi.  Bowaz iýip⁠-⁠içip göwnüni hoşlansoň, üýşürilip goýlan arpanyň gapdalyna geçip ýatdy. Şonda Rut ýuwaşlyk bilen geldi⁠-⁠de, onuň donunyň etegini galdyryp, aýagujunda ýatdy.  Ýarygije Bowaz tisginip oýandy. Turup görse, aýagujunda bir aýal ýatyr.  Ol aýaldan: «Sen kim?» diýip sorady. Ol hem: «Men Rut, siziň gyrnagyňyz. Gyrnagyňyza pena boluň*, sebäbi siziň maňa hossarlyk etmäge* hakyňyz bar»+ diýip jogap berdi. 10  Şonda Bowaz: «Gyzym, goý, Ýehowa seni ýalkasyn! Öňem köp ýagşylyk edeniňi bilýärin, ýöne häzir has uly ýagşylyk etdiň*+. Sebäbi sen garyp bolsun, baý bolsun, ýaş ýigit bilen durmuş gurjak bolmadyň. 11  Gorkma, gyzym, men aýdanyňy ederin+. Şäherdäki adamlar seniň asylly maşgaladygyňy bilýärler. 12  Elbetde, saňa hossarlyk etmäge hakym bar+, ýöne mendenem has ýakyn garyndaşyň bar+. 13  Şu gije bärde galaý. Ertir ol adam saňa hossar çyksa, goý, ol hossarlyk etsin+. Eger hossarlyk etmese, Ýehowa Hudaý diri şaýatdyr, saňa özüm hossar çykaryn. Sen daň atýança, bärde ýatyber» diýdi. 14  Şeýlelikde, Rut daň atýança, onuň aýagujunda ýatdy. Emma hiç kim görmez ýaly, jahan ýagtylmanka turdy. Bowaz Ruta: «Harmana aýal maşgalanyň gelendigi bilinmesin» diýdi. 15  Soňra: «Ýapynjaňy al⁠-⁠da, tutup dur» diýdi. Ol hem ýapynjasyny tutup durdy. Bowaz Rutuň ýapynjasyna alty kersen* arpa guýup, onuň egnine goýup berdi⁠-⁠de, soňra şähere gitdi. 16  Rut bolsa gaýynenesiniň ýanyna geldi. Nagomy: «Gyzym, näme habar?»* diýip sorady. Rut hem Bowazyň ähli edenlerini gaýynenesine gürrüň berdi. 17  Soňra Rut: «Ol adam: „Öýüňe eliň boş barma“ diýip, maňa alty kersen arpa berip goýberdi» diýdi. 18  Şonda Nagomy: «Gyzym, bu işiň näme bilen gutarjagy belli bolýança, öýde garaşyp otur. Ol adam meseläni şu günüň özünde çözmese, ýüregi ynjalmaz» diýdi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýapynjaňy atynyp.
Sözme⁠-⁠söz: Gyrnagyňyzy ýapynjaňyz bilen örtüň.
Sözme⁠-⁠söz: meni satyn almaga.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildirdiň.
Alty kersen takmynan 44 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme⁠-⁠söz: Gyzym, sen kim?