Rut 2:1—23

  • Rut Bowazyň ekin meýdanynda hoşa çöpleýär (1—3)

  • Rut bilen Bowaz tanyşýar (4—16)

  • Rut Bowazyň ýagşylygyny Nagoma gürrüň berýär (17—23)

2  Nagomynyň äri Alymäligiň Bowaz+ atly juda baý garyndaşy bardy.  Mowaplardan Rut Nagoma: «Rugsat berseňiz, men ekin meýdanyna gideýin. Maňa rehimi injek adam tapylsa, yzyndan hoşa çöpläýin»+ diýdi. Nagomy: «Gidiber, gyzym» diýdi.  Rut ekin meýdanyna gidip, orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemäge başlady. Ol tötänden Alymäligiň+ garyndaşy Bowazyň+ ekin meýdanyna bardy.  Şol wagt Bowaz Beýtullahamdan ekin meýdanyna gelip, orakçylaryna: «Ýehowa kuwwat bersin!*» diýdi. Olar hem: «Ýehowa ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.  Bowaz orakçylara gözegçilik edýän ýigitden: «Ol gelin kimlerden bolar?» diýip sorady.  Ol hem: «Mowaplardan+, Nagomy bilen Mowapdan+ geldi.  Ol orlan* arpalardan gaçan hoşalary çöplemäge+ rugsat sorady. Ol ertirden bäri işläp ýör, edil ýaňyja dynç almak üçin çatma gelip oturdy» diýdi.  Bowaz Ruta: «Meni diňle, gyzym! Sen hoşa çöplemäge başga biriniň ekin meýdanyna gidip ýörme. Bärde galyp, meniň elimde işleýän gelin⁠-⁠gyzlaryň ýanynda boluber+.  Olar hasyly nirede ýygnasalar, senem olar bilen git. Orakçylarym saňa azar bermez. Suwsan wagtyň olaryň küýzelerinden arkaýyn içiber» diýdi. 10  Rut şol bada dyza çöküp, tagzym etdi⁠-⁠de: «Maňa üns berip, beýle ýagşylyk eder ýaly, men kim bolupdyryn? Men bir gelmişek aýal ahyryn»+ diýdi. 11  Bowaz: «Äriň ýogalsa⁠-⁠da, gaýyneneňe eden ýagşylyklaryň barada maňa gürrüň berdiler. Sen ene⁠-⁠ataňy, dogan⁠-⁠garyndaşlaryňy, ýurduňy taşlap, keseki halkyň arasyna gelipsiň+. 12  Eden ähli ýagşylygyň Ýehowadan gaýtsyn!+ Sen Ysraýyl Hudaýy Ýehowadan pena gözläp*+ geldiň. Goý, ol sylagyňy artygy bilen bersin!» diýdi. 13  Rut: «Agam, men hyzmatkäriňiz bolmasam⁠-⁠da, mähirli sözleriňiz bilen göwnümi* galkyndyrdyňyz. Ýagşylygyňyz üçin taňryýalkasyn!» diýdi. 14  Nahar wagty Bowaz: «Gel, gyzym, bir döwüm çöregi şeraba* batyryp iý» diýdi. Rut hem orakçylaryň ýanynda oturdy. Bowaz oňa gowurga* uzatdy. Rut iýip doýdy, hatda artyp hem galdy. 15  Ol hoşa çöplemäge+ gitjek bolanda, Bowaz orakçylaryna: «Goý, ol orlan* arpalardan gaçan hoşalary hem çöplesin. Oňa degmäň+. 16  Desseleriň arasyndanam az⁠-⁠owlak arpany çykaryň⁠-⁠da, goýup gidiň. Goý, olary hem çöplesin. Oňa hiç zat diýmäň» diýip tabşyrdy. 17  Rut agşama çenli meýdanda hoşa çöpledi+. Ol hoşalaryny döwende, bir çuwala* golaý arpa çykdy. 18  Rut şähere gidip, ýygnan arpasyny gaýynenesine görkezdi. Ol gaýynenesine özünden galan gowurgany hem berdi+. 19  Gaýynenesi: «Bu gün nirede hoşa çöplediň? Kimiň ekin meýdanynda işlediň? Saňa ýagşylyk eden adamy Alla ýalkasyn!»+ diýdi. Şonda Rut: «Men Bowaz diýen bir adamyň ekin meýdanynda işledim» diýip, gaýynenesine gürrüň berdi. 20  Nagomy gelnine: «Goý, dirilerdenem, ölülerdenem wepaly söýgüsini* gaýgyrmaýan Ýehowa+ oňa bereket bersin!» diýdi. Ol sözüni dowam edip: «Bowaz biziň garyndaşymyz+. Onuň bize hossarlyk etmäge* haky bar»+ diýdi. 21  Soňra mowaplardan Rut gaýynenesine şeýle diýdi: «Ol adam maňa: „Hasyl gutarýança, işçilerimiň ýanynda işläber“+ diýdi». 22  Nagomy gelni Ruta: «Gyzym, şol adamyň elinde işleýän gelin⁠-⁠gyzlaryň ýanynda bolanyň gowudyr. Sebäbi başga biriniň ekin meýdanyna gitseň, saňa azar bererler» diýdi. 23  Rut arpa we bugdaý oragy tamamlanýança+, Bowazyň elinde işleýän gelin⁠-⁠gyzlar bilen hoşa çöpledi. Şeýlelikde, ol gaýynenesi Nagomy bilen ýaşaberdi+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ýehowa siziň bilen bolsun!
Başga manysy: desselenen.
Sözme⁠-⁠söz: ganatlarynyň astynda gorag gözläp.
Ýa⁠-⁠da: gyrnagyňyzyň göwnüni.
Sözme⁠-⁠söz: sirkä.
Ýa⁠-⁠da: gowrulan arpa.
Başga manysy: desselenen.
Bir çuwal takmynan 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: bizi satyn almaga.