Rut 1:1—22

  • Alymäligiň maşgalasy Mowaba göçýär (1, 2)

  • Nagomy, Orpa we Rut dul galýar (3—6)

  • Rut Nagoma we Hudaýa wepaly bolýar (7—17)

  • Nagomy Rut bilen Beýtullahama dolanýar (18—22)

1  Serdarlaryň+ höküm sürýän döwründe ýurtda açlyk boldy. Şonda Ýahudanyň Beýtullaham+ şäherinden bir adam aýalyny we iki ogluny alyp, Mowap+ ýurduna gitdi.  Onuň ady Alymälikdi*, aýalynyň ady Nagomy*, ogullarynyň ady bolsa Mahlon* bilen Kilýondy*. Olaryň asly efratlydy. Olar Ýahudanyň Beýtullahamyndan gaýdyp, Mowap ýurdunda ýaşap başladylar.  Birnäçe wagtdan Nagomynyň äri Alymälik aradan çykdy. Şeýdip, ol iki ogly bilen ýalňyz galdy.  Nagomynyň ogullary mowap gyzlaryna öýlendi. Gelinleriniň ady Orpa bilen Rutdy+. Olar şol ýurtda on ýyla golaý ýaşadylar.  Soňra Mahlon bilen Kilýon hem aradan çykdy. Şeýdip, Nagomy ärinem, iki oglunam ýitirdi.  Ol gelinleri bilen Mowapdan dogduk mekanyna dolanmagy ýüregine düwdi, sebäbi Ýehowanyň öz halkyna bereket berýändigini eşitdi.  Olar ýaşaýan ýurdundan çykyp, Ýahuda ugradylar. Ýolda barýarkalar,  Nagomy gelinlerine ýüzlenip: «Baryň, ejeňiziň öýüne dolanyň. Siz maňa⁠-⁠da, aradan çykan ogullaryma⁠-⁠da wepaly bolduňyz*. Goý, Ýehowa size⁠-⁠de wepaly bolsun+.  Ýehowa size täze gurjak maşgalaňyzda parahatlyk bersin»+ diýdi. Soňra Nagomy gelinlerini ogşady we olar zaryn⁠-⁠zaryn aglaşdylar. 10  Gelinleri özelenip: «Ýok, biz siziň bilen gitjek, siziň halkyňyzyň arasynda ýaşajak» diýdiler. 11  Emma Nagomy: «Gyzlarym, yzyňyza dolanyň! Meniň bilen gitmek nämä gerek? Men size är boljak ogul dogrup bilmerin ahyryn+. 12  Gyzlarym, yzyňyza dolanyň! Indi men äre barardan garrapdyryn, şu gije äre barsam, ýene⁠-⁠de ogullarym bolsa, 13  olar ulalýança, garaşyp bilersiňizmi? Siz durmuş gurman oturyp bilersiňizmi? Ýok, gyzlarym, size ýüregim awaýar. Ýehowa maňa garşy çykdy»+ diýdi. 14  Olar ýene⁠-⁠de ses edip aglaşdylar. Soňra Orpa gaýynenesini ogşap, yzyna dolandy. Rut bolsa Nagomynyň ýanyndan aýrylmady. 15  Nagomy Ruta: «Dul galan eltiň öz halkyna, öz taňrylaryna dolandy. Gyzym, senem onuň bilen gidiber» diýdi. 16  Rut gaýynenesine: «Sizi taşlap gitmegi, yzyma dolanmagy haýyş etmäň. Siz nirä gitseňiz, menem yzyňyzdan giderin. Siz nirede ýatsaňyz, menem ýanyňyzda ýataryn. Siziň halkyňyz — meniň halkym, siziň Hudaýyňyz — meniň Hudaýym bolar+. 17  Siz nirede ölseňiz, menem şol ýerde ölüp, ýanyňyzda jaýlanaryn. Ölümden başga zat meni sizden aýra salsa, goý, Ýehowa maňa has beterini görkezsin» diýdi. 18  Nagomy Rutuň yzyna dolanmajagyna göz ýetirip, hiç zat diýmedi. 19  Olar ýoluny dowam edip, Beýtullahama+ baryp ýetdiler. Olar şähere girenlerinde, adamlar geň galyp seredişdiler. Aýallar bolsa: «Ol Nagomy dälmi näme?» diýişdiler. 20  Nagomy olara şeýle diýdi: «Indi maňa Nagomy* diýmäň, Mara* diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa ajy durmuş berdi+. 21  Men bärden gidenimde, köp zadym bardy, emma Ýehowa yzyma boş getirdi. Ýehowa maňa garşy çykdy, Gudratygüýçli betbagt etdi+. Siz indi maňa nädip Nagomy diýjek?» 22  Şeýlelikde, Nagomy gelni Rut bilen Mowap+ ýurdundan çykyp, Beýtullahama gaýdyp geldi. Şol wagt arpa oragy başlanypdy+.

Çykgytlar

Manysy: Meniň Hudaýym Patyşa.
Manysy: Ýakymly.
Belki, ýewreýçe ejiz, keselli diýmegi hem aňladýandyr.
Manysy: Güýç⁠-⁠gurbatsyz; soňy gelen.
Sözme⁠-⁠söz: wepaly söýgini bildirdiňiz.
Manysy: Ýakymly.
Manysy: Ajy.