Rimliler 9:1—33

  • Pawlus ysraýyllar üçin hasrat çekýär (1—5)

  • Ybraýymyň hakyky nesli (6—13)

  • Hudaýyň saýlanyna şübhelenmeli däl (14—26)

    • Erbet we gowy küýzeler (22, 23)

  • Diňe galyndy halas bolar (27—29)

  • Ysraýylyň büdremegi (30—33)

9  Men Mesihiň şägirdi hökmünde hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlemeýärin. Ynsabym hem mukaddes ruh arkaly  gam⁠-⁠gussa çekýändigime we ýüregimiň hemişe dertlidigine şaýatlyk edýär.  Men dogan⁠-⁠garyndaşlarym üçin gargyşa galyp, Mesihden aýra düşmäge taýyn.  Men muny ysraýyllar hakda aýdýaryn. Hudaý olary ogullyga alyp+, arşa çykardy. Olar bilen äht baglaşyp+, Töwrady+ we wadalary berdi+, sežde etmäge+ mynasyp gördi.  Olar ata⁠-⁠babalarymyzyň nesli+, olardan Mesih geldi+. Ähli zadyň üstünden höküm sürýän Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!  Emma Hudaýyň sözi ýerine ýetmän galmady. Sebäbi Ysraýyldan doglanlaryň ählisine hakyky ysraýyllar diýip bolmaz+.  Olar Ybraýymyň nesli+ bolsalar⁠-⁠da, Hudaýyň nazarynda hemmesi Ybraýymyň çagalary däl. Sebäbi: «Saňa wada beren neslim Yshakdan dörär» diýilýär+.  Diýmek, Ybraýymyň çagalarynyň ählisi Hudaýyň hakyky çagalary däl+. Emma wada boýunça doglanlar+ Ybraýymyň hakyky çagalary.  Sebäbi Hudaý: «Men indiki ýyl şu wagtlar gelerin. Şonda Bibisaranyň ogly bolar» diýip wada beripdi+. 10  Soňra Yshak atamyzdan Rebeka ekiz ogla göwrelikä⁠-⁠de wada berlipdi+. 11  Ekizler dünýä inmänkä we ýagşy⁠-⁠ýaman işleri etmänkä, Hudaý olaryň birini eýýäm saýlapdy. Diýmek, Hudaý adamyň edýän işlerine görä däl⁠-⁠de, öz islegine görä saýlaýar. 12  Hudaý Rebeka: «Uly ogluň kiçi ogluňa hyzmat eder» diýipdi+. 13  Sebäbi: «Men Ýakuby söýdüm, Ysawy ýigrendim» diýilýär+. 14  Onda näme, Hudaý adalatsyzmy? Ýok!+ 15  Hudaý Musa: «Men islän bendäme rehim ederin, islänime⁠-⁠de ýagşylyk ederin*» diýipdi+. 16  Hudaýyň saýlamagy adamyň islegine ýa⁠-⁠da tagallasyna däl⁠-⁠de, rehimdar Hudaýa+ bagly. 17  Hudaý faraona: «Saňa güýjümi görkezmek we adymy bütin dünýä tanatmak üçin, seni diri galdyrdym» diýýär+. 18  Şeýlelikde, ol islän bendesine rehim edýär, islän bendesine⁠-⁠de kesirlik etmäge ýol berýär+. 19  Belki, sen: «Onda näme üçin Hudaý meni günäkärleýär? Onuň islegine kim garşy çykyp biler?» diýersiň. 20  Eý ynsan, Hudaýy günäkärlemäge hakyň barmy?+ Heý⁠-⁠de, gap⁠-⁠gaç özüni ýasana: «Meni näme üçin şeýdip ýasadyň?» diýermi?+ 21  Eýsem küýzegäriň şol bir toýundan+ hem üýtgeşik*, hem ýönekeý* küýze ýasamaga haky ýokmy? 22  Hudaý gaharyny we güýjüni erbet küýzelere* görkezmek isleýär. Ýöne döwülmäge mynasyp küýzelere Hudaýyň gahary gelse⁠-⁠de, sabyrly bolýar. 23  Ol muny gowy küýzelere* şan⁠-⁠şöhratyny görkezmek üçin edýär+. Hudaý küýzeleri arşa çykarmak üçin ýasady. 24  Hudaý diňe ýehudylary däl, bizi hem ähli halklaryň arasyndan çagyrdy+. 25  Ol Hoşeýa pygamber arkaly şeýle diýipdi: «Halkym bolmadyga+ „halkym“ diýerin, söýülmedik aýala „söýgülim“ diýerin+. 26  Olara: „Meniň halkym däl“ diýlen ýerde: „Biribaryň ogullary“ hem diýler»+. 27  Işaýa pygamber hem ysraýyllar hakda şeýle diýdi: «Ysraýyl ogullary deňiz çägesi deý köp bolsa⁠-⁠da, diňe az sanlysy* halas bolar+. 28  Sebäbi Ýehowa* ýer ýüzünde ýaşaýanlary höküm eder, hökümini tiz amala aşyrar»+. 29  Işaýa pygamber: «Serkerdebaşy Ýehowa* nesil galdyrmadyk bolsa, biz Sodom ýaly bolardyk, Gomorra meňzärdik» diýýär+. 30  Indi näme diýeli? Başga halklar dogruçyl bolmaga jan etmeseler⁠-⁠de, Hudaýa iman etdiler+ we dogruçyl hasaplandylar+. 31  Ýöne ysraýyllar kanun arkaly dogruçyl bolmaga jan etseler⁠-⁠de, dogruçyl bolup bilmediler. 32  Näme üçin? Sebäbi olar iman bilen däl⁠-⁠de, edýän işleri arkaly dogruçyl bolarys öýtdüler. Emma olar «büdredýän daşa*» büdrediler+. 33  «Men Sionda büdredýän daşy+ we ýykyp⁠-⁠ýumurýan* gaýany goýýaryn, emma oňa iman eden adamyň umydy puç bolmaz» diýip ýazylgy+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: duýgudaşlyk bildirerin.
Sözme⁠-⁠söz: hormatlanýan.
Sözme⁠-⁠söz: hormatlanmaýan.
Sözme⁠-⁠söz: gahar⁠-⁠gazap küýzelerine.
Sözme⁠-⁠söz: rehimdarlyk küýzelerine.
Ýa⁠-⁠da: galyndysy.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: gahar⁠-⁠gazap oýarýan.