Rimliler 2:1—29

  • Hudaý ýehudylary we grekleri höküm edýär (1—16)

  • Ýehudylar we Töwrat (17—24)

  • Sünnetlenen ýürek (25—29)

2  Eý ynsan, sen adamlary ýazgaryp, özüňe höküm çykarýarsyň+. Sen kim bolsaň⁠-⁠da, özüňi aklap bilmersiň, sebäbi senem olaryň edýän işlerini edýärsiň+.  Hudaýyň şeýle işleri edýän adamlara adalatly* höküm çykarjagyny bilýäris.  Sen şeýle işleri edip, başgalary ýazgarsaň, Hudaýyň höküminden gaçyp bilerin öýdýärsiňmi?  Bilýän bolsaň, Hudaý saňa ýagşylyk edýär+, çydaýar+ we sabyrly bolýar+. Ol seniň toba etmegiň üçin ýagşylyk edýär+.  Ýöne sen kesirlik edip, toba etmek islemeseň, Hudaý gahar⁠-⁠gazap güni saňa hökman jeza berer. Şonda Hudaýyň adalatly höküm çykarýandygyny bilersiň+.  Hudaý her bir adama eden işine görä hakyny berer+.  Ol çydamly bolup ýagşylyk edýän adamlara ebedi ýaşaýyş sylagyny berer. Olar şöhrata, hormata we baky ýaşaýşa+ eýe bolarlar.  Emma Hudaý dawalaşmagy halaýan adamlaryň we hakykata gulak asmaýanlaryň başyndan gahar⁠-⁠gazabyny inderer+.  Ýamanlyk edýän her bir adam, ilki ýehudylar, soňra grekler betbagtçylyga uçrarlar. 10  Ýöne ýagşylyk edýän adam, ilki ýehudylar+, soňra grekler+ şöhrata, hormata we parahatlyga eýe bolarlar. 11  Sebäbi Hudaý hiç kimi ala tutmaýar+. 12  Hudaýyň kanunyny bilmän günä edenler, kanuny bilmän hem ölerler+. Ýöne kanuny bilip günä edenlere, kanuna görä⁠-⁠de höküm çykarylar+. 13  Hudaýyň kanunyny diňleýän adamlar däl⁠-⁠de, berjaý edýän adamlar dogruçyl hasaplanar+. 14  Başga milletli adamlar Hudaýyň kanunyny bilmese⁠-⁠de+, kanuna laýyk işleri edýärler. Şeýlelikde, olaryň ýüreginde kanunyň bardygy görünýär. 15  Olar edýän işleri üçin özüni ýa günäkärläp, ýa⁠-⁠da aklap, kanunyň ýüreklerine ýazylandygyny görkezýärler. Olaryň ynsaby hem edýän işleriniň gowy ýa erbetdigini aýdýar. 16  Hudaý Isa Mesih arkaly adamlaryň oý⁠-⁠pikirleriniň we gizlin işleriniň üstünden höküm çykarar+. Şol gün meniň aýdýan zatlarym belli bolar. Hawa, Hudaý meniň wagyz edýän hoş habaryma esaslanyp höküm çykarar. 17  Sen ýehudydygyňa+ we kanunyňa buýsanýarsyň, Hudaýyňa öwünýärsiň. 18  Töwrady öwrenendigiň üçin Allanyň niýetini we dogry hasaplaýan zatlaryny bilýärsiň+. 19  Körlere ýol görkezýändigiňe, garaňkylykdaky adamlara ýagtylyk berýändigiňe ynanýarsyň. 20  Töwratdan hakykaty bilip, oňa düşünýändigiň üçin akylsyzlary terbiýeleýärsiň, çagalara tälim berýärsiň. 21  Onda näme üçin adamlara öwredip, özüň öwrenmeýärsiň?+ «Ogurlyk etme»+ diýip, özüň näme üçin ogurlyk edýärsiň? 22  «Zyna etme»+ diýip, özüň näme üçin zyna edýärsiň? Butlary ýigrenýärin diýip, buthanalary näme üçin talaýarsyň? 23  Töwrady bilýändigiňe öwnüp⁠-⁠de, näme üçin kanuny bozup, Hudaýyň adyna ysnat getirýärsiň? 24  Şonuň üçin: «Siz sebäpli başga halklaryň arasynda Hudaýyň adyna dil ýetirilýär» diýilýär+. 25  Sünnetlenmek+ diňe kanuny berjaý edýän+ adama peýda berýändir. Ýöne kanuny bozsaň, sünnetlenmedik ýaly bolýarsyň. 26  Eger sünnetlenmedik adam+ Töwradyň talaplaryny berjaý etse, Hudaý ony sünnetlenen hasaplamazmy?+ 27  Sen Töwrady we sünnetlenmegi bilýärsiň, ýöne tabşyryklary bozýarsyň. Şonuň üçin sünnetsiz adam kanuny berjaý edip, saňa höküm çykarýandyr. 28  Adam «men ýehudy» ýa⁠-⁠da «men sünnetli» diýeni bilen, ýehudy⁠-⁠da, sünnetli⁠-⁠de bolýan däldir+. 29  Emma ýüreginde+ ýehudy bolan hakyky ýehudydyr. Däp boýunça däl⁠-⁠de, mukaddes ruh bilen+ ýüregi sünnetlenen adam+ hakyky sünnetlidir. Şeýle adamy il⁠-⁠gün däl⁠-⁠de, Hudaý beýgeldýändir+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: hakykata görä.