Resullar 22:1—30

  • Pawlus märekäniň öňünde özüni goraýar (1—21)

  • Pawlus Rimiň raýatydygyny aýdýar (22—29)

  • Mejlis ýygnanyşýar (30)

22  Pawlus: «Adamlar, doganlar, atalar, gulak asyň! Men size bolan zatlary düşündireýin»+ diýdi.  Olar Pawlusyň ýewreý dilinde gepleýändigini eşidip dymdylar. Pawlus olara şeýle diýdi:  «Men ýehudy+, Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym+. Iýerusalimde Gamaliýeliň özünden bilim aldym+ we ata⁠-⁠babalarymyza berlen Töwrada eýermegi öwrendim+. Men hem siziň ýaly şu güne çenli Hudaýa yhlasly gulluk edýärin+.  Men şu ýola eýerýänleriň ählisini, aýal⁠-⁠erkek diýmän yzarlap, türmä basýardym, hatda olary ölüme⁠-⁠de tabşyrýardym+.  Baş ruhany bilen halkyň ähli ýaşululary muňa şaýatdyr. Sebäbi men şägirtleriň el⁠-⁠aýagyny daňyp, Iýerusalime äkidip jezalandyrmak üçin, olardan rugsat hatyny aldym, soňra Damaskdaky ýehudylara eltip berdim.  Men ýol söküp, günortan çagy Damasga golaýlanymda, birdenkä gökden güýçli ýagtylyk düşdi+.  Men ýere ýüzin ýykylanymda: „Sawul, Sawul, meni näme üçin yzarlaýaň?“ diýen ses eşitdim.  Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Ol: „Men seniň yzarlaýan nazaretli Isaň“ diýdi.  Meniň ýanymdakylar ýagtylygy görseler⁠-⁠de, meniň bilen gepleşýäniň sesini eşitmediler. 10  Men: „Agam, men näme etmeli?“ diýdim. Ol: „Tur, Damasga git. Näme etmelidigiňi aýdarlar“+ diýdi. 11  Men güýçli ýagtylyk sebäpli kör boldum. Şonuň üçin ýanymdakylar elimden tutup, Damasga eltdiler. 12  Töwrada görä ýaşaýan, hudaýhon we ýehudylaryň arasynda abraýly Ananýas atly adam 13  ýanyma gelip: „Sawul, doganym, gözüň açylsyn!“ diýdi. Şol bada gözüm açylyp, görüp başladym+. 14  Ol maňa: „Ata⁠-⁠babalarymyzyň Hudaýy seni saýlap, niýetini açdy, dogruçyl Isany görkezdi+ we sesini eşitdirdi. 15  Sen gören⁠-⁠eşidenleriňi hemmelere gürrüň berip, Isa hakda wagyz etmelisiň+. 16  Indi nämä otyrsyň? Tur, suwa çümdüril! Alla günäleriňi bagyşlar ýaly+, Isanyň adyny çagyr“+ diýdi. 17  Men Iýerusalime gelenimde+, ybadathanada doga edip durkam, görnüş gördüm. 18  Şonda Halypamyz maňa: „Tiz bol, Iýerusalimden çyk. Sebäbi olar men barada aýdýanlaryňy kabul etmezler“+ diýdi. 19  Men: „Halypam, olar meniň sinagogalara baryp, saňa iman edýänleri ýenjip, türmä basandygymy gowy bilýärler+. 20  Sen hakda şaýatlyk eden Stefanusy öldürenlerinde, menem şol ýerdedim. Olary makullap, donlaryny garawullap durdum“+ diýdim. 21  Ol: „Bar, seni uzak ýerlere, başga halklaryň ýanyna iberýärin“+ diýdi». 22  Halk Pawlusy mundan artyk diňlemek islemän: «Öldüriň ony, beýle adam ýagty jahanda ýaşamaly däldir» diýip gygyryşdylar. 23  Adamlar goh⁠-⁠galmagal edip, donlaryny çykaryp zyňýardylar we gum sowurýardylar+. 24  Goşun serkerdesi Pawlusy esgerleriň jaýyna äkitmegi buýurdy. Soňra ony ýenjip, sorag etmegi tabşyrdy. Ol halkyň Pawlusa näme üçin garşy çykandygyny bilmek isleýärdi. 25  Esgerler Pawlusy ýençmek üçin daňanlarynda, ol ýüzbaşa: «Rimiň raýatyna höküm çykarman, gamçylamak bolýarmy?»+ diýdi. 26  Şonda ýüzbaşy goşun serkerdesiniň ýanyna baryp: «Sen näme etjek bolýaň? Ol Rimiň raýaty ahyryn» diýdi. 27  Goşun serkerdesi bolsa Pawlusyň ýanyna baryp: «Sen Rimiň raýatymy?» diýip sorady. Ol: «Hawa» diýdi. 28  Goşun serkerdesi: «Men Rimiň raýaty bolmak üçin köp pul töledim» diýdi. Pawlus: «Men bolsa Rimiň raýaty bolup doguldym»+ diýdi. 29  Pawlusy gynap, sorag etjek bolan adamlar dessine yza çekildiler. Goşun serkerdesi Pawlusyň Rimiň raýatydygyny bilip, zynjyr bilen daňandygy üçin gorkdy+. 30  Ertesi gün goşun serkerdesi ýehudylaryň Pawlusy nämede aýyplaýandygyny bilmek üçin boşatdy. Soňra uly ruhanylary we Mejlisiň* agzalaryny çagyryp, Pawlusy olaryň öňüne eltdi+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.