Nesihat 10:1—20

  • Bir akylsyz iş abraýdan düşürer (1)

  • Akmaklygyň netijesi (2—11)

  • Akmagyň heläk bolşy (12—15)

  • Akmak han⁠-⁠begler (16—20)

    • Guşlar habar berer (20)

10  Öli siňek atyry porsadar we zaýalar, şonuň ýaly bir akylsyz iş hem paýhasly adamy abraýdan düşürer+.  Akyldaryň ýüregi dogry ýoly görkezýär, akylsyzyň ýüregi bolsa erbet ýola sowýar+.  Akmak haýsy ýoldan ýörese⁠-⁠de, akyly kemlik edýär+. Akmaklygyny hemmeler görýär+.  Patyşa saňa gazaplansa, ornuňy taşlap gitme+, sebäbi özüňi rahat alyp barsaň, agyr günäleriň hem bagyşlanar+.  Gök* astynda ruhdan düşürýän bir zat bar. Hökümdarlar şeýle ýalňyşlyk goýberýär+:  akmagy ýokary wezipä belleýärler, zehinli* adamy bolsa pes ýerde oturdýarlar.  At üstünde oturan gullary, gul kimin pyýada barýan şazadalary gördüm+.  Adam öz gazan çukuryna özi düşer+; diwary deşeni ýylan çakar.  Daş döwýän adam ýaralanar, odun çapýan howply ýagdaýa uçrar*. 10  Kütelen palta ýiteldilmese, köp güýç gerek bolar, akyldarlyk bolsa üstünlik getirer. 11  Ýylan oýnadýan adam tüýdügini çalmanka, ýylan çaksa, tüýdükçiniň ukybyndan ne peýda? 12  Akyldaryň agzyndan çykan sözler ýakymlydyr+, akmagyň dili özüni heläk edýär+. 13  Agzyndan ilki bilen akmaklyk çykýar+, akmaklygy bolsa heläkçilik bilen gutarýar. 14  Şonda⁠-⁠da akmak agzyny ýummaýar+. Adam näme boljagyny bilmeýär, ol dünýäden ötse, kim ony yzyna getirip, boljak zatlary aýdyp biler?+ 15  Akylsyzy agyr zähmet ýadadýar, ol hatda şähere barýan ýoly tapmaýar. 16  Ýaş oglan patyşa bolsa, han⁠-⁠begleri ir⁠-⁠ertirden keýp çekmäge başlasa, ol ýurduň dat gününe!+ 17  Patyşasy abraýly maşgaladan bolsa, han⁠-⁠begleri serhoşlyk etmän, wagtynda nahar iýip, güýç toplasa, ol ýurt gülläp ösýär!+ 18  Ýaltanyň üçegi çökýär, elini gowşuryp oturýanyň üçeginden suw geçýär+. 19  Çörek ýüregi şatlandyrýar, şerap keýpi göterýär+, pul hem zada zar etmeýär+. 20  Patyşa içiňden⁠-⁠de* gargama+, baý adamy düşegiňde⁠-⁠de näletleme, sebäbi gögüň guşlary gargyşyňy ýetirer, guşlar aýdan sözleriňi habar berer.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Gün.
Sözme⁠-⁠söz: baý.
Başga manysy: odun çapýan seresap bolmalydyr.
Başga manysy: düşegiňde ýatanyňda⁠-⁠da.