Nakyllar 25:1—28

  • Syry paş etme (9)

  • Ýerlikli aýdylan sözler (11)

  • Goňşyň öýüne köp barma (17)

  • Duşmanyň başyna közler goý (21, 22)

  • Hoş habar sowuk suw kimindir (25)

25  Süleýmanyň nakyllary+. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň+ kätipleri ýazyp aldy.   Syr saklamak Hudaýyň şöhratydyr+,Meseläni derňemek patyşalaryň şöhratydyr.   Gökler beýikdir, ýeriň düýbi çuňdur,Patyşanyň pikirini bilip bolýan däldir.   Kümüşden hapany aýyr,Ýalpyldysy gözüňi gamaşdyrar*+.   Erbedi patyşanyň huzuryndan kowsaň,Tagt adalat bilen berkidiler+.   Patyşanyň ýanynda özüňi uly tutma+,At⁠-⁠abraýly adamlaryň arasynda oturma+.   Sebäbi han⁠-⁠begleriň öňünde kemsidileniňden, Patyşanyň: «Töre geç!» diýeni ýagşydyr+.   Kazynyň ýanyna barmaga howlukma,Goňşyň sözüňi ýalana çykarsa näme edersiň?+   Goňşyň bilen dawaňy çöz+,Emma kesekiniň syryny paş etme*+. 10  Gürrüňiňizi biri eşidip, seni utanja goýaýmasyn,Agzyňdan çykan erbet sözleri* yzyna gaýtaryp bolmaz. 11  Ýerlikli aýdylan sözler+Kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir. 12  Maslahatyň gadyryny bilýän* adam üçin,Akyldaryň käýinji altyn gulakhalka,Sap altyndan ýasalan şaý⁠-⁠sep ýalydyr+. 13  Hasyl döwri sowuk suw* jana lezzet berýär,Wepaly çapar hem özüni ýollanyň,Hojaýynynyň göwnüni galkyndyrýar+. 14  Bermedik sowgady bilen öwünýän adam,Ýagyşsyz buluda, gurak şemala meňzeýär+. 15  Sabyrly bolsaň, serkerdäni yrarsyň,Ýumşak* dil bilen süňki döwersiň+. 16  Bal görseň, köp iýme,Aşa düşüp gusaýma+. 17  Goňşyň öýüne köp barma,Senden bizar bolup, ýigrenäýmesin. 18  Goňşusyna garşy ýalan şaýatlyk edýän adam+,Çekiç, gylyç we ýiti peýkam ýalydyr. 19  Ynamyňy ödemeýäne* kyn günüňde bil baglamak,Döwük dişe, agsak aýaga daýanan ýalydyr. 20  Gaýgyly ýürege aýdym aýdyp bermek,Sowuk howada geýimi çykaran,Aşgaryň* üstüne sirke* guýan ýalydyr+. 21  Duşmanyň* aç bolsa, naharla,Suwsan bolsa suw ber+. 22  Şonda başyna közler goýarsyň*+,Ýehowanyň berekedini alarsyň. 23  Demirgazyk ýeli ýagyş getirýär,Gybatçy dil gahary getirýär+. 24  Igenjeň* aýal bilen bir öýde ýaşanyňdan,Üçegiň bir burçunda ýaşanyň gowudyr+. 25  Uzak ülkeden gelen hoş habar,Teşne jany* gandyrýan sowuk suw ýalydyr+. 26  Erbediň gepine giden dogruçyl adamBulançak çeşme, hapa guýy ýalydyr. 27  Baly köp iýmek+,Özüňi öwmek gowy däldir+. 28  Gaharyna erk edip bilmeýän adamDiwarlary ýumrulan gala ýalydyr+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ol sap kümüş bolar.
Ýa⁠-⁠da: aýybyny açma.
Ýa⁠-⁠da: gybaty.
Ýa⁠-⁠da: Maslahata gulak asýan.
Sözme⁠-⁠söz: gar.
Ýa⁠-⁠da: Mähirli.
Başga manysy: Dönüge.
Ýa⁠-⁠da: Sodanyň. Kir ýuwulýan serişde.
Miwe turşadylyp alynýan içgi göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: Seni ýigrenýäniň.
Ýagny adamyň ýüregini ýumşadyp, gaharyny ýatyrmak.
Ýa⁠-⁠da: Şerraý; dawaçyl.
Sözlüge serediň.