Nakyllar 23:1—35

  • Myhmançylykda edepli bol (2)

  • Baýajak bolup janyňy gynama (4)

  • Baýlyk gaýyp bolýar (5)

  • Şerap içegenleriň arasynda bolma (20)

  • Şerap ýylan ýaly çakýar (32)

23  Patyşa bilen saçak başynda otursaň,Öňüňde tagam goýlanda dykgatly bol.   Işdäň açyk bolsa⁠-⁠da, özüňe erk et*.   Patyşanyň näz⁠-⁠nygmatyna agzyň suwarmasyn,Nahar saňa duzak bolaýmasyn.   Baýajak bolup janyňy gynama+, saklan, düşünjeli bol*.   Gözüňi baýlyga dikersiň welin, ol gaýyp bolar+,Bürgüt deý ganat ýaýyp, asmana uçup gider+.   Gysganç adamyň çöregini iýme,Näz⁠-⁠nygmatyna agzyň suwarmasyn.   Sebäbi ol her zady hasaplap oturýar. Ol: «Iý, iç!» diýse⁠-⁠de, kiçi dilden bärde aýdýar*.   Iýen bir döwüm çöregiňi gusarsyň,Hoş sözleriňi ýele sowrarsyň.   Akmaga hiç zat gürrüň berme+,Sebäbi ol akylly sözleriň gadyryny bilmez+. 10  Gadymy araçäkleri üýtgetme+,Ýetim⁠-⁠ýesiriň mellegini alma. 11  Sebäbi olaryň Halasgäri güýçlüdir,Saňa garşy edilen şikaýaty eşider+. 12  Terbiýäni ýürekden kabul et,Bilime gulak goý. 13  Temmini çagaňdan gaýgyrma+, Terbiýe taýagy öldürmez. 14  Çagany terbiýe taýagy bilen ursaň,Janyny ölümden* halas edersiň. 15  Oglum, ýüregiňde akyldarlyk kök ursa,Meniň kalbym şatlanar+. 16  Hakykaty sözleseň,Göwnüm göteriler*. 17  Günäkärlere gözüň gitmesin+,Hemişe Ýehowadan gorkup ýaşa+. 18  Şonda görjegiň gowy bolar+,Umydyň üzülmez. 19  Oglum, gulak as, paýhasly bol!Ýüregiň dogry ýoldan sowulmasyn. 20  Şerap içegenleriň+,Et iýegenleriň arasynda bolma+. 21  Sebäbi içegenem, iýegenem garyp düşer+,Ukyny söýýän ýyrtyk eşik geýer. 22  Seni bilinden öndüren kakaňy diňle,Garran ejeňi kemsitme+. 23  Hakykaty satyn al, asla satma+,Akyldarlygy, terbiýäni, düşünjäni hem satyn al+. 24  Dogruçylyň atasy begener,Paýhasly ogluň atasy guwanar. 25  Ene⁠-⁠ataň begener,Seni dünýä inderen şatlanar. 26  Oglum, meni bütin ýüregiň bilen diňle,Ýollarymdan ýöräp şatlan+. 27  Azgyn aýalyň agzy guýy kimindir,Ahlaksyz* aýal dar guýy ýalydyr+. 28  Ol talaňçy deý bukulýar+,Biwepa erkekleri köpeldýär. 29  Kim ah çekýär? Kimiň derdi köp? Kimiň goh⁠-⁠galmagaly ýatmaýar? Kim zeýrenýär? Kimiň endamy gök⁠-⁠ala? Kimiň gözleri gyp⁠-⁠gyzyl? 30  Wagtyny şerap içip geçirýänleriň+,Aragyň yşkyna düşenleriň ýagdaýy şeýledir. 31  Şerabyň gyrmyzy reňkine,Käsede öwşün atyşyna, keýp berişine seretme. 32  Sebäbi soňunda ýylan ýaly çakýar,Alahöwren kimin zäherini pürkýär. 33  Gözleriň geň zatlary görer,Diliň erbet zatlary sözlär+. 34  Deňziň ortasynda gark bolup barýan adam kimin,Gäminiň ýokarsynda ýatan adam kimin bolarsyň. 35  Sen: «Meni urdular, duýmadym. Meni ýençdiler, bilmedim. Çaltrak oýansadym+, Ýene⁠-⁠de içmäge gitsedim» diýersiň.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: damagyňa pyçak goý.
Başga manysy: öz düşünjäňe daýanma.
Sözme⁠-⁠söz: ýüregi seniň bilen däl.
Ýa⁠-⁠da: mazardan. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Böwreklerim böker.
Sözme⁠-⁠söz: Gelmişek. Nak 2:16⁠-⁠a serediň.