Nakyllar 19:1—29

  • Düşünjeli ynsanyň gahary köşeşýär (11)

  • Igenjeň aýal suw geçirýän üçek ýalydyr (13)

  • Paýhasly aýaly Ýehowa berýär (14)

  • Wagt barka, ogluňa terbiýe ber (18)

  • Maslahaty diňle (20)

19  Ýalançy we akmak adamdan+,Wepaly* garyp ýagşydyr+.   Bilimsiz bolmak gowy däldir+,Alňasak adam günä eder.   Adam akmaklyk edip, dogry ýoldan sowulýar,Ýüreginde bolsa Ýehowa gaharlanýar.   Baýyň dosty köpdür,Garypdan dosty hem ýüz öwürýär+.   Ýalançy şaýat jezasyz galmaz+,Her deminde ýalan ýagdyrýan adam aman galmaz+.   Begden* ýagşylyk isleýän köpdür,Her kes sowgat berýäniň dosty bolýar.   Garyby aga⁠-⁠inileri ýigrenýär+,Dostlary ondan aýagaldygyna gaçýar+; Ol ýalbaranda, hiç kim ýardam bermeýär.   Ýagşy niýetli* adam janyny söýýär+, Özüni parasatly alyp barýan* bereket tapýar+.   Ýalançy şaýat jezasyz galmaz,Her deminde ýalan ýagdyrýan heläk bolar+. 10  Akmaga kaşaň jaýda ýaşamak ýaraşmaz,Gula hanlaryň üstünden agalyk etmek gelişmez+. 11  Düşünjeli ynsanyň gahary köşeşýär+,Günäni geçmek onuň şöhratydyr+. 12  Patyşanyň gahary arslanyň arryldysy kimindir+,Güler ýüzi gök otlara düşen çyg ýalydyr. 13  Akmak ogul atasyna dertdir+,Igenjeň* aýal suw geçirýän üçek ýalydyr+. 14  Jaý we mal⁠-⁠mülk ataňdan galýan mirasdyr,Paýhasly aýaly Ýehowa berýär+. 15  Ýaltalyk agyr uka giderýär,Işýakmaz adam aç galýar+. 16  Hudaýyň tabşyrygyny berjaý edýän janyny goraýar+,Ýollaryna biperwaý garaýan janyndan mahrum bolýar+. 17  Garybyň dadyna ýetişýän Ýehowa karz berýär+,Alla hem ýagşylygynyň öwezini dolar*+. 18  Wagt* barka, ogluňa terbiýe ber+,Şonda onuň ganyna galmarsyň+. 19  Gaharjaň adam jezasyny çekmelidir.Eger ony bir sapar halas etseň,Gaýta⁠-⁠gaýta halas etmeli bolarsyň+. 20  Gelejekde paýhasly bolar ýaly+,Maslahaty diňle, terbiýäni kabul et+. 21  Adamyň ýüreginde maksat⁠-⁠myrady köpdür,Emma Ýehowanyň aýdany bolar*+. 22  Wepalylyk* ynsanyň bezegidir+,Ýalançy bolanyňdan garyp bolanyň ýagşydyr. 23  Ýehowadan gorkmak ýaşaýşa eltýär+,Hudaýdan gorkýan gije rahat ýatar, başyna bela gelmez+. 24  Ýalta tabaga uzadan elini agzyna ýetirmäge⁠-⁠de ýaltanýar+. 25  Ýaňsylaýjyny ur+, tejribesiz* ätiýaçly bolmagy öwrener+,Düşünjeli adama käýeseň bilimi artar+. 26  Atasyna sütem edýän, enesini kowýan ogul,Ile masgara hem gülki bolýar+. 27  Oglum, terbiýä gulak asmasaň,Bilimiň ýolundan sowlarsyň. 28  Dereksiz şaýat adalatyň üstünden gülýär+,Erbet adam zalymlyk etmekden keýp alýar+. 29  Ýaňsylaýjylara höküm garaşyp dur+,Akmagyň ýagyrnysy üçin taýak taýýar dur+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Aýypsyz.
Ýa⁠-⁠da: Jomartdan.
Sözme⁠-⁠söz: Ýürekli.
Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukybyny gymmat saýýan.
Ýa⁠-⁠da: Şerraý; dawaçyl.
Ýa⁠-⁠da: sylagyny berer.
Sözme⁠-⁠söz: Umyt.
Ýa⁠-⁠da: niýeti amala aşar.
Ýa⁠-⁠da: Wepaly söýgi.
Ýa⁠-⁠da: sada; ynanjaň.