Nakyllar 14:1—35

  • Ýürek öz derdini özi bilýär (10)

  • Dogry görünýän ýol ölüme eltýär (12)

  • Sada adam her söze ynanýar (15)

  • Baýyň dosty köpdür (20)

  • Rahatlyk ömrüňi uzaldýar (30)

14  Paýhasly aýal öýüni dikýär+,Akmak aýal öýüni öz eli bilen ýykýar.   Dogrulyk ýolunda ýöreýän Ýehowadan gorkýar,Egri ýoldan ýöreýän Allany äsgermeýär.   Tekepbir akmagyň dili gamçy kimindir,Paýhasly adamyň dili galkan kimin goraýandyr.   Mal⁠-⁠garasy bolmadygyň malýatagy arassadyr,Öküzli adam ýerden bol hasyl alýandyr.   Hak şaýat ýalan sözlemeýär,Ýalançy şaýat her deminde ýalan ýagdyrýar+.   Özdiýenli adam akyldarlygy gözlese⁠-⁠de, tapyp bilmez.Düşünjeli adam bilim alýar+.   Akmak adamdan uzakda dur,Onuň agzyndan pähimli sözler çykmaýar+.   Akyldarlyk ätiýaçly adama ýolunyň soňuny görkezýär,Akylsyz akmaklygynyň duzagyna düşýär*+.   Eden günäsine gülýän adam akmakdyr+,Dogruçyllar ýaraşmaga taýyndyr*. 10  Ýürek öz derdini özi bilýär,Ýürek şatlananda hem hiç kim düşünmeýär. 11  Erbet adamyň öýi dargar+,Dogruçylyň çadyry berk durar. 12  Ýol bardyr, adama dogry görünýär+,Emma soňy ölüme eltýär+. 13  Käte adamyň ýüzi gülse⁠-⁠de, ýüregi aglaýar,Käte bolsa şatlygy gaýga öwrülýär. 14  Garaýürekli adam eken zadyny orýar+,Ýagşy adam eden ýagşylygyndan dadýar+. 15  Sada* adam her söze ynanýar,Ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär+. 16  Paýhasly adam ätiýaçly bolup, zalymlykdan gaçýar,Akmak özüne göwni ýetip batyrsyraýar*. 17  Gaharjaň adam akmaklyk edýär+,Oýlanyp ädim ädýän* adamy il⁠-⁠gün ýigrenýär. 18  Sada* adam akmaklygy miras alar,Ätiýaçly adam bolsa başyna bilim täjini geýer+. 19  Erbetler ýagşy adamyň öňünde baş eger,Zalymlar adalatlynyň derwezesinde dyz eper. 20  Garyby goňşusy⁠-⁠da ýigrenýär+,Baýyň bolsa dosty köpdür+. 21  Goňşusyny kemsidýän günä edýär,Garyba rehim edýän bagtlydyr+. 22  Päliýaman ýolundan azaşar, Bar güýji bilen ýagşylyk edýän adamÝagşy* we wepaly dostlary gazanar+. 23  Agyr zähmetiň peýdasy köpdür,Boş gürrüňler garyp düşürýär+. 24  Paýhasly adamyň täji onuň baýlygydyr,Akylsyzyň işleri akmaklyga eltýär+. 25  Dogruçyl şaýat jany halas edýär,Ýalançy şaýat her deminde ýalan ýagdyrýar. 26  Ýehowadan gorkýan oňa bil baglaýar+,Nesilleri hem Hudaýa daýanýar+. 27  Ýehowadan gorky ýaşaýyş çeşmesidir,Adamy ölüm duzaklaryndan halas edýändir. 28  Patyşanyň halky köp bolsa, şan⁠-⁠şöhraty hem beýikdir+,Halksyz hökümdaryň güýç⁠-⁠kuwwaty ýokdur. 29  Giň göwünli* adam parasatlydyr*+,Sabyrsyz bolsa akmaklygyny görkezýändir+. 30  Rahatlyk ömrüňi uzaldýar*,Gabanjaňlyk süňkleri çüýredýär+. 31  Garyby aldaýan Ýaradanyň duşmanydyr+,Mätäje rehim edýän Ýaradany şöhratlandyrýandyr+. 32  Erbet adam gazan çukuryna özi düşer,Dogruçyl adama Hudaýa wepalylygy* pena bolar+. 33  Akyldarlyk düşünjeli adamyň kalbynda ümsüm oturýar+,Akmaklaryň arasynda bolsa özüni tanadýar. 34  Dogruçyllyk milleti beýgeldýär+,Günä bolsa halky masgara edýär. 35  Patyşa düşünjeli hyzmatkärinden razy bolýar+,Utançsyz hyzmatkärine bolsa gahary gelýär+.

Çykgytlar

Başga manysy: Akmak başgalary duzaga düşürýär.
Ýa⁠-⁠da: hoşniýetlidir.
Ýa⁠-⁠da: Tejribesiz; ynanjaň.
Ýa⁠-⁠da: gazap atyna atlanýar.
Sözme⁠-⁠söz: Pikirleniş ukyby bolan.
Ýa⁠-⁠da: Tejribesiz; ynanjaň.
Ýa⁠-⁠da: Wepaly söýgini bildirýän.
Ýa⁠-⁠da: Sabyr⁠-⁠takatly; çalt gaharlanmaýan.
Sözme⁠-⁠söz: saýgarma ukyplydyr.
Ýa⁠-⁠da: saglygyňy berkidýär.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyzlygy.