Nahum 2:1—13

  • Ninewiýa weýran ediler (1—13)

    • «Derýalaryň derwezeleri açylar» (6)

2  Seni* derbi⁠-⁠dagyn etjek duşman geler+. Galalaryňy gora, Ýoluňy garawulla. Biliňi berk guşap, güýjüňi topla.   Ýehowa Ýakubyň şöhratyny,Ysraýylyň şan⁠-⁠şöhratyny gaýtaryp berer.Sebäbi duşmanlar ony weýran edip+,Şahalaryny çapyp taşlapdy.   Ninewiýanyň duşmanlarynyň galkany gyzyl reňklidir,Esgerleri gyrmyzy sowut geýýär. Söweşe taýýarlyk gören güni,Şöweş arabalarynyň demir çişleri gözüňi gamaşdyrýar*,Esgerler naýzalaryny ýokary galdyrýarlar.   Söweş arabalaryny köçelerde dälirän dek sürýärler, Şäher meýdançalarynda* eýläk⁠-⁠beýläk urunýarlar. Olar alaw ýaly ýanyp, ýyldyrym dek süýnýärler.   Patyşa serkerdelerini jemlär. Olar ýykylyp⁠-⁠sürçüp bararlar. Şäher diwarlaryna okdurylarlar,Böwetler gurarlar.   Derýalaryň derwezeleri açylar,Köşk çöküp gider.   Perman ýatyrylmaz: halkyň namysy depelener,Olar sürgün ediler, kenizleri aglarlar,Gursaklaryna urup, kepderi deý nalarlar.   Gadymy günlerden bäriNinewiýa+ suwdan doly howza meňzeýärdi.Onuň halky gaçyp gider. Olara: «Duruň, duruň!» diýseler⁠-⁠de, Hiç haýsy yzyna seretmez+.   Kümşüni talaň, altynyny talaň! Olaryň ummasyz hazynasy Gymmatbaha zatlardan doludyr. 10  Şäher boşap galar,Janly⁠-⁠jemende bolmaz, haraba öwrüler!+ Olaryň ýürekleri ýarylar, dyzlary epiler, bedeni saňňyldar.Olaryň ýüzi çuw ak bolar. 11  Arslanlaryň mekany+,Ýaş arslanlaryň aw awlaýan ýeri nirede?Arslanlaryň çagalary bilenGorkusyz⁠-⁠ürküsiz gezýän ýeri nirede? 12  Arslan öz balalary üçin aw awlardy,Ene ýolbarslar üçin awuny bogup öldürerdi. Gowaklaryny awdan,Parçalanan haýwanlardan doldurardy. 13  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:«Seniň bilen söweşerin!+Söweş arabalaryňy ýakyp kül ederin+.Ýaş arslanlaryňy gylyç bilen gyraryn. Indi sen ýer ýüzüni talamarsyň,Çaparlaryň sesi eşidilmez»+.

Çykgytlar

Ýagny Ninewiýany.
Ýa⁠-⁠da: ýalyn kimin ýalpyldaýar.
Sözlüge serediň.