Nahum 1:1—15

  • Hudaý duşmanlaryndan ar alýar (1—7)

    • Hudaý ýürekden wepaly bolmagy talap edýär (2)

    • Ýehowa pena gözleýänleriň howandary (7)

  • Ninewiýa ýanyp kül bolar (8—14)

    • Siz bir demde ýok edilersiňiz (9)

  • Ýahuda üçin hoş habar (15)

1  Ninewiýa+ çykarylan höküm. Elkoşly Nahumyň* gören görnüşi* hakda ýazan kitaby.   Ýehowa Hudaý ýürekden wepaly bolmagy talap edýär*+,Alla öç alýar.Ýehowa ar alýar, gahar⁠-⁠gazapdan doly+. Ýehowa duşmanlaryndan öç alýar,Gaharyny duşmanlary üçin saklaýar.   Ýehowa güýçli+ bolsa⁠-⁠da, giň göwünli*+.Emma Ýehowa günäkäri jezasyz goýmaz+. Ol ýörände apy⁠-⁠tupan hem harasat turýar,Bulutlar aýagynyň astynda tozaýar+.   Ol käýände deňiz guraýar+,Ähli derýalar takrap galýar+. Başan hem Karmel çöle dönýär+,Liwan gülleri solýar.   Ol daglary titredýär,Depeleri eredýär+. Onuň huzurynda ýer lerzana geler,Tutuş zemin we janly⁠-⁠jemende howsala düşer+.   Ol gahar⁠-⁠gazaba münende,Kim öňünde durup biler?+ Lowlaýan gazabyna kim çydap biler?+ Onuň gahary ot kimin tutaşýar,Gaýalary sarsdyrýar.   Ýehowa ýagşydyr+, agyr günde gala kimin goraýar+. Pena gözleýänleriň howandarydyr*+.   Ol şäheri* sil bilen süpürip taşlar,Duşmanlaryny tümlük bilen gaplar.   Ýehowa garşy näme edip bilersiňiz? Ol köküňiz bilen sogrup taşlar, Sizi bir demde ýok eder+. 10  Ninewiýanyň halky biri⁠-⁠birine çyrmaşan tikenek kimindir.Olar içgiden* serhoş bolan adam ýalydyr.Olaryň ählisi saman kimin ýanyp kül bolar. 11  Siziň araňyzdan biri aýaga galyp, Ýehowa garşy hile gurar,Peýdasyz maslahatlary berer. 12  Ýehowa şeýle diýýär: «Assiriýalylar* güýçli, sansyz⁠-⁠sajaksyz bolsalar⁠-⁠da,Ählisi gyrlar, ýok bolar*. Seni* urupdym, indi urmaryn. 13  Onuň saňa salan boýuntyrygyny döwerin+,Zynjyrlaryňy üzüp taşlaryn. 14  Ýehowa sen hakda buýruk berdi:„Eý Ninewiýa*, seniň adyň ýitip gider. Buthanaňda duran oýma we guýma butlaryňy kül ederin. Ýigrenji işleri edeniň üçin, saňa gabyr gazyp goýaryn“. 15  Daglardan aşyp, hoş habary aýdýanlara serediň.Olar parahatlygy yglan edýärler+. Eý Ýahuda, baýramçylyklaryňy belle+,Wadalaryňy berjaý et.Sebäbi zalym adam ýurduňa gelmez. Ol hökman ýok ediler».

Çykgytlar

Manysy: Teselli beriji.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: gabanjaň; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýär.
Ýa⁠-⁠da: sabyr⁠-⁠takatly; çalt gaharlanmaýar.
Sözme⁠-⁠söz: Özünden pena gözleýänleri tanaýandyr.
Ýagny Ninewiýa.
Ýa⁠-⁠da: bugdaýdan edilen piwodan.
Sözme⁠-⁠söz: Olar.
Başga manysy: Men aralaryndan geçip giderin.
Ýagny Ýahudany.
Ýa⁠-⁠da: Eý assiriýaly.