Matta 9:1—38

  • Ysmaz adam sagalýar (1—8)

  • Isa Mattany çagyrýar (9—13)

  • Agyz beklemek meselesi (14—17)

  • Ýaýrusyň gyzy; Isanyň donuna elini degren aýal (18—26)

  • Kör we lal adam sagalýar (27—34)

  • Hasyl bol, işçi az (35—38)

9  Isa gaýyga münüp, deňziň beýleki tarapyna geçip, ýaşaýan şäherine bardy+.  Onuň ýanyna ysmaz ýatan adamy getirdiler. Isa olaryň imanyny görüp, ysmaz adama: «Alada etme, oglum! Günäleriň bagyşlandy»+ diýdi.  Şonda käbir kanunçylar: «Ol Hudaýa dil ýetirýär» diýişdiler.  Isa olaryň pikirini bilip: «Siz näme üçin erbet pikir edýäňiz?+  Siziň pikiriňizçe, „Günäleriň bagyşlandy“ diýmek aňsatmy ýa⁠-⁠da „Tur, ýöre“ diýmek?+  Emma siz Ynsan oglunyň günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyna düşünmegiňiz üçin...» diýdi⁠-⁠de, ysmaz adama: «Tur, düşegiňi alyp, öýüňe gaýt»+ diýdi.  Ol hem turup, öýüne gaýtdy.  Muny gören märeke juda gorkdy we adama şeýle ygtyýar beren Hudaýy şöhratlandyrdy.  Isa gaýdyp gelýärkä, salgythanada oturan Mattany gördi. Isa oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. Ol hem ýerinden turup, Isanyň yzyna düşdi+. 10  Soňra Isa şägirtleri bilen Mattanyň öýüne myhmançylyga bardy. Olar nahar iýip otyrka*, ençeme salgytçylar we günäkärler gelip, saçak başyna geçdiler*+. 11  Fariseýler olary görüp, Isanyň şägirtlerine: «Mugallymyňyz näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen nahar iýýär?»+ diýdiler. 12  Isa muny eşidip: «Lukman sag adama däl, syrkawa gerek+. 13  Baryň, ilki: „Men gurbanlyk däl, rehimdarlyk isleýärin“+ diýen sözleriň manysyna düşüniň. Men hudaýhon* adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi. 14  Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Bizem, fariseýlerem agyz bekleýäris. Seniň şägirtleriň näme üçin agyz beklemeýär?»+ diýdiler. 15  Isa olara şeýle jogap berdi: «Öýlenýän ýigit+ ýanynda bolsa, dostlary ýas tutarmy? Emma öýlenýän ýigit dostlaryndan aýra düşer+, şonda olar agyz beklärler. 16  Hiç kim köne dona täze matadan ýama salmaýar, sebäbi täze mata girip, donuň ýyrtygyny has⁠-⁠da ulaldar+. 17  Hiç kim täze şeraby köne meşiklere* guýmaýar. Eger guýaýsa, onda meşikler ýyrtylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Adamlar täze şeraby täze meşiklere guýýarlar, şonda olaryň ikisi⁠-⁠de zaýalanmaýar». 18  Isa sözüni tamamlamanka, baştutanlaryň biri ýanyna gelip, tagzym etdi⁠-⁠de: «Gyzym eýýäm ölendir. Şonda⁠-⁠da öýüme baryp, üstüne eliňi goý, gyzym direler»+ diýdi. 19  Isa şägirtleri bilen onuň öýüne gitdi. 20  Ýolda barýarka, 12 ýyl bäri gan akma keselinden+ ejir çekýän aýal Isanyň yzyndan gelip, donunyň etegine elini degirdi+. 21  Sebäbi ol içinden: «Donuna elimi degirsem⁠-⁠de sagalaryn» diýýärdi. 22  Isa yzyna öwrülende, aýaly görüp: «Gyzym, gorkma! Seni imanyň sagaltdy»+ diýdi. Aýal şol bada sagaldy+. 23  Isa şol baştutanyň öýüne gelende, tüýdükçileri we zaryn⁠-⁠zaryn aglaşýan märekäni gördi+. 24  Isa olara: «Jaýdan çykyň, gyzjagaz ölenok, uklap ýatyr»+ diýdi. Şonda adamlar ony ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar. 25  Märeke daşaryk çykan badyna, Isa öýe girdi. Ol gyzjagazyň elinden tutdy welin+, ol ýerinden turdy+. 26  Bolan waka töwerekdäki obalara we şäherlere ýaýrady. 27  Isa gaýdyp barýarka, iki kör adam+ yzyna düşüp: «Eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyryp gelýärdi. 28  Isa bir öýe giren badyna ýaňky iki kör adam ýanyna bardy. Isa olardan: «Gözüňizi açyp biljegime ynanýaňyzmy?»+ diýip sorady. Olar: «Hawa, Agam!» diýdiler. 29  Isa olaryň gözlerine elini degrip+: «Goý, imanyňyza görä bolsun» diýdi. 30  Şonda olaryň gözleri açyldy. Isa olara: «Muny hiç kime aýdaýmaň»+ diýip, berk tabşyrdy. 31  Emma olar öýden çykan badyna bolan wakany töwerekdäki obalara we şäherlere ýaýratdylar. 32  Olar gidip barýarka, Isanyň ýanyna jynly, lal adamy getirdiler+. 33  Isa jyny kowanda, lal adam gepläp başlady+. Muny gören märeke haýran galyp: «Ysraýylda beýle zady heniz görmändik»+ diýişdiler. 34  Emma fariseýler: «Ol jynlary jynlaryň hökümdarynyň kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler. 35  Isa ähli şäherlere we obalara aýlanyp, adamlara sinagogalarda öwredýärdi, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärdi, dürli keselli adamlary sagaldýardy+. 36  Isa märekäni görüp, ýüregi awady+, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyzdy, hor⁠-⁠homsy ýaşaýardy+. 37  Isa şägirtlerine: «Dogrudan⁠-⁠da, hasyl bol, ýöne işçi az+. 38  Şonuň üçin hasyl ýygnamaga işçi iberer ýaly+, hasyl Eýesine ýalbaryň» diýdi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: saçak başynda ýassanyp otyrka.
Ýa⁠-⁠da: saçak başynda ýassanyp oturdylar.
Ýa⁠-⁠da: halal; dogry; dogruçyl.
Sözlüge serediň.