Matta 3:1—17

  • Suwa çümdürýän Ýahýanyň wagzy (1—12)

  • Isa suwa çümdürilýär (13—17)

3  Şol wagtlar suwa çümdürýän* Ýahýa+ Ýahudanyň çölünde wagyz edip başlady+.  Ol: «Toba ediň, gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy»+ diýýärdi.  Şeýlelikde, Hudaýyň Işaýa pygamber arkaly: «Çölde biriniň sesi eşidilýär: „Ýehowa* ýol taýýarlaň! Ýodalaryny dogrulaň!“» diýen sözleri ýerine ýetdi+.  Ýahýanyň egninde düýe ýüňünden eşigi, bilinde deriden guşagy bardy+. Ol çekirtge we ary balyny iýýärdi+.  Ýahýanyň ýanyna Iýerusalimden, tutuş Ýahudadan we Iordanyň daş⁠-⁠töwereginden adamlar gelýärdi+.  Olar günälerini boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda suwa çümdürýärdi+.  Ýahýa suwa çümdürilmäge gelýän ençeme fariseýlere* we saddukeýlere*+ şeýle diýdi: «Eý alahöwrenler nesli!+ Ýetip gelýän höküm gününden gaçyp gutularyn öýdýäňizmi?+  Toba edýäniňizi iş ýüzünde görkeziň.  „Biz Ybraýymyň nesli“+ diýmäň. Hudaý Ybraýyma daşlardan hem nesil döredip biler. 10  Palta agajyň aşagynda dur. Gowy miwe bermeýän agaç çapylyp, oda taşlanar+. 11  Men sizi toba edendigiňiz üçin suwa çümdürýärin+, emma yzymdan has beýik adam gelýär. Men onuň çarygyny* çykarmaga⁠-⁠da mynasyp däldirin+. Ol sizi mukaddes ruh+ we ot bilen çümdürer+. 12  Onuň elinde galla sowurýan kürek bar. Ol harmany arassalap, bugdaýy ammara üýşürer, samany bolsa sönmeýän otda ýakar»+. 13  Isa suwa çümdürilmek üçin Jelileden Ýahýanyň ýanyna Iordana geldi+. 14  Emma Ýahýa: «Men seni däl, sen meni suwa çümdürmeli ahyry» diýip, Isany saklajak boldy. 15  Isa: «Meni saklama, biz Hudaýyň islegini berjaý etmeli» diýdi. Şonda Ýahýa onuň bilen ylalaşdy. 16  Isa suwa çümdürilip çykan badyna gök açyldy+. Görse, Hudaýyň ruhy kepderi kimin Isanyň üstüne inip gelýär+. 17  Şonda gökden+: «Ine söýgüli Oglum+, men ondan razy»+ diýen ses eşidildi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň: Suwa çümdürilmek.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: aýakgabyny; köwşüni.