Matta 27:1—66

  • Isa Pilatusyň eline tabşyrylýar (1, 2)

  • Iuda özüni asýar (3—10)

  • Isa Pilatusyň öňünde (11—26)

  • Isany kemsidýärler (27—31)

  • Isany pürse çüýleýärler (32—44)

  • Isanyň ölümi (45—56)

  • Isany jaýlaýarlar (57—61)

  • Mazary garawullaýarlar (62—66)

27  Ertesi irden uly ruhanylar we halkyň ýaşululary Isany öldürmek hakda maslahatlaşdylar+.  Soňra Isanyň ellerini daňyp, alyp gitdiler we hökümdar Pilatusyň eline tabşyrdylar+.  Dönüklik eden Iuda Isa ölüm jezasynyň berlendigini görüp, eden işine ökündi we uly ruhanylaryň, ýaşulularyň ýanyna baryp, 30 kümüş teňňäni yzyna berdi+.  Ol: «Men bigünä adamy satyp, günä etdim» diýdi. Olar: «Bize näme? Näme etseň şony et» diýdiler.  Şonda Iuda kümüş teňňeleri ybadathana zyňyp, çykyp gaýtdy⁠-⁠da, özüni asdy+.  Uly ruhanylar kümüş teňňeleri alyp: «Muny ybadathananyň hazynasyna atsak nädogry bolar, sebäbi olar adam öldürmek üçin tölendi» diýdiler.  Olar maslahatlaşyp, şol pula gelmişekleri jaýlamak üçin küýzegäriň mellegini satyn aldylar.  Şonuň üçin ol ýere häzire çenli «Ganly mellek»+ diýilýär.  Şeýlelikde, Hudaýyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözleri ýerine ýetdi: «Olar 30 kümüş teňňäni, Ysraýyl ogullarynyň şol adama kesen bahasyny aldylar. 10  Ýehowanyň* maňa tabşyryşy ýaly, olar şol pula küýzegäriň mellegini satyn aldylar»+. 11  Isa hökümdaryň öňünde durdy. Pilatus: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi+. 12  Emma uly ruhanylar we ýaşulular Isany günäkärlände, ol hiç zat jogap bermedi+. 13  Pilatus: «Olaryň seni nämede günäkärleýändigini eşideňokmy?» diýdi. 14  Isa şonda⁠-⁠da hiç zat jogap bermedi. Hökümdar muňa diýseň geň galdy. 15  Hökümdar her ýyl baýramçylykda däp boýunça halkyň islän adamyny tussaglykdan boşadýardy+. 16  Şol wagt ile belli jenaýatçy Barabbas türmede otyrdy. 17  Pilatus ýygnanan adamlardan: «Hany aýdyň, kimi azat edeýin? Barabbasymy ýa⁠-⁠da Mesih diýilýän Isany?» diýip sorady. 18  Pilatus olaryň Isa göriplik edýändigini, şonuň üçin hem tutup getirendiklerini bilýärdi. 19  Pilatus höküm kürsüsinde otyrka, aýaly: «Ol dogruçyl adama hiç zat edäýme, sebäbi ol gije düýşüme girdi, men gorkup turdum» diýip habar ýollady. 20  Uly ruhanylar we ýaşulular halky yryp, Barabbasy azat etmegi+, Isany bolsa ölüme tabşyrmagy talap etdiler+. 21  Hökümdar halkdan: «Kimi azat edeýin?» diýip sorady. Olar: «Barabbasy!» diýip jogap berdiler. 22  Pilatus: «Onda Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip sorady. Olar biragyzdan: «Pürse çüýle!» diýip gygyrdylar+. 23  Hökümdar: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýdi. Olar bolsa: «Pürse çüýle!» diýip, öňküdenem beter gygyryşdylar+. 24  Pilatus eden tagallasynyň başa barmandygyna düşündi we goh⁠-⁠galmagalyň güýjeýändigini görüp, suw getirtdi. Soňra adamlaryň öňünde elini ýuwup: «Men⁠-⁠ä bigünä adamyň ganyna galýan däldirin. Muňa siz günäkär» diýdi. 25  Şonda märeke: «Onuň ölümine özümiz hem çagalarymyz jogap berer» diýdiler+. 26  Pilatus Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp+, pürse çüýletmäge iberdi+. 27  Pilatusyň esgerleri Isany hökümdaryň köşgüne eltdiler. Şonda ähli esgerler Isanyň daşyna üýşdüler+. 28  Esgerler onuň eşigini çykaryp, egnine gyrmyzy mata atdylar+. 29  Tikenekden täç örüp, kellesine geýdirdiler, sag eline bolsa hasa berdiler. Soňra öňünde dyza çöküp: «Salam, ýehudylaryň Patyşasy!» diýip, üstünden güldüler. 30  Esgerler oňa tüýkürdiler+, elindäki hasany alyp, kellesine urdular. 31  Üstünden gülüp bolanlaryndan soň, egnindäki matany aýryp, eşigini geýdirdiler we pürse çüýlemäge alyp gitdiler+. 32  Olar ýolda kirenaly Simuna duşup, Isanyň jebir pürsüni* götertdiler+. 33  Olar Galgota, ýagny Kelleçanak diýlen ýere gelenlerinde+, 34  Isa ajy şerap berdiler+. Emma Isa dadyp gördi⁠-⁠de, içmedi. 35  Isany pürse çüýläp, eşiklerini paýlaşmak üçin bije atdylar+. 36  Soňra ony garawullap oturdylar. 37  Olar Isa ýöňkelýän günäni tagtanyň ýüzüne ýazyp, pürsüň ýokarsyna çüýlediler. Onda şeýle ýazylgydy: «Isa — ýehudylaryň Patyşasy»+. 38  Soňra Isanyň her tarapynda bir garakçyny pürse çüýlediler. Olaryň birini sagynda, beýlekisini çepinde+. 39  Isanyň deňinden geçip barýanlar başyny ýaýkap+, oňa sögýärdiler+. 40  Olar: «Ybadathanany ýykyp, üç günde gurjakdyň+. Indi özüňi halas et! Hudaýyň Ogly bolsaň, jebir pürsünden düş!»+ diýdiler. 41  Uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular Isanyň üstünden gülüp, şeýle diýýärdiler+: 42  «Ol adamlary halas edip, özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyň Patyşasy+ bolýan bolsa, goý, jebir pürsünden düşsün! Şonda biz oňa ynanarys. 43  Ol Hudaýa bil baglaýardy. Hudaý ondan razy bolsa, goý, halas etsin!+ Sebäbi ol: „Men Hudaýyň Ogly“+ diýýärdi». 44  Ýanynda pürse çüýlenen garakçylar hem oňa sögýärdiler+. 45  Bütin ýer ýüzi günortan on ikiden* öýlän üçe* çenli tüm⁠-⁠garaňky boldy+. 46  Sagat üçlerde* Isa batly ses bilen: «Eli, Eli, lama sabahtani?» diýdi. Bu sözler «Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?» diýmegi aňladýar+. 47  Duranlaryň käbiri muny eşidip: «Ol Ylýasy çagyrýar» diýişdiler+. 48  Olaryň biri ylgap bardy⁠-⁠da, pagtany* alyp, turşy şeraba batyrdy. Ony taýaga gysdyryp, Isanyň agzyna tutdy+. 49  Beýleki adamlar bolsa: «Duruň bakaly. Hany, göreli, Ylýas halas etmäge gelermikä?» diýdiler. 50  Isa ýene⁠-⁠de batly ses bilen gygyryp, jan berdi*+. 51  Şonda ybadathanada mukaddes otagyň tutusy+ ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp+, ikä bölündi+. Ýer titräp, gaýalar jaýryldy. 52  Mazarlar açylyp, ölüm ukusyna giden ençeme mukaddesleriň jesetleri daşyna zyňyldy. 53  Jesetleri köp adamlar gördi. (Isa direlensoň, mazarlaryň töweregindäki adamlar gören zatlaryny mukaddes şähere baryp gürrüň berdiler). 54  Isany garawullap duranlar hem⁠-⁠de serkerde ýertitremäni we beýleki bolan zatlary görüp, juda gorkdular. Olar: «Dogrudanam, ol Hudaýyň Ogly eken»+ diýdiler. 55  Isa hyzmat etmek üçin Jelileden gaýdan ençeme aýallar bolýan zatlara uzakdan seredip durdylar+. 56  Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýusesiň ejesi Merýem we Zebedeýiň aýaly* bardy+. 57  Agşamara arimatiýaly Ýusup atly baý adam geldi. Ol hem Isanyň şägirdidi+. 58  Ýusup Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady+. Pilatus hem jesedi bermegi buýurdy+. 59  Ýusup Isanyň jesedini arassa we nepis* mata dolady+. 60  Ol Isany gaýada oýup ýasalan täze mazarda jaýlady+. Soňra mazaryň agzyna uly daş goýup gitdi. 61  Emma magdalaly Merýem bilen beýleki Merýem mazaryň ýanynda oturdylar+. 62  Şol gün Sabat gününe* taýýarlyk görülýärdi+. Ertesi uly ruhanylar we fariseýler Pilatusyň ýanyna geldiler. 63  Olar Pilatusa: «Hökümdar, şol ýalançy dirikä, „Men üç günden direlerin“+ diýýärdi. 64  Şonuň üçin mazarda üç günläp garawul dursun. Ýogsam şägirtleri jesedi ogurlap+: „Ol direldi!“ diýäýmesinler. Şonda soňky aýdan ýalan sözleri öňküsinden⁠-⁠de beter bolar» diýdiler. 65  Pilatus: «Esgerler siziň eliňizde, nädip garawullaýyn diýseňiz garawullaň» diýdi. 66  Şonda olar mazaryň agzynda duran daşy möhürläp, garawul goýdular.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: altynjy sagatdan.
Sözme⁠-⁠söz: dokuzynjy sagada.
Sözme⁠-⁠söz: Dokuzynjy sagat töweregi.
Ýa⁠-⁠da: gubkany.
Sözme⁠-⁠söz: ruhy çykdy. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Zebedeýiň ogullarynyň ejesi.
Sözme⁠-⁠söz: zygyr. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.