Matta 26:1—75

  • Ruhanylar Isany öldürjek bolýar (1—5)

  • Isanyň başyna ýag guýulýar (6—13)

  • Soňky Pasha baýramy we dönüklik (14—25)

  • Agşam nahary (26—30)

  • Petrusyň sözünden dänjekdigi aýdylýar (31—35)

  • Isa Getseman bagynda (36—46)

  • Isa tussag edilýär (47—56)

  • Isa Mejlisiň öňünde (57—68)

  • Petrus Isadan ýüz öwürýär (69—75)

26  Isa sözüni tamamlap, şägirtlerine:  «Iki günden Pasha baýramynyň boljagyny+ we Ynsan oglunyň duşman eline berlip, pürse çüýlenjegini bilýärsiňiz»+ diýdi.  Şol wagt uly ruhanylar we halkyň ýaşululary baş ruhany Kaýafanyň+ howlusyna ýygnandylar.  Olar Isany mekirlik bilen tussag edip, öldürmek üçin dil düwüşdiler+.  Emma olar: «Halk gozgalaň turuzmaz ýaly, Isany baýramçylyk güni tussag etmäliň» diýişdiler.  Isa Betaniýada heýwere keselinden gutulan Simunyň öýüne geldi+.  Isa saçak başynda ýassanyp otyrka, bir aýal atyr ysly gymmatbaha ýag* alyp geldi⁠-⁠de, onuň başyna guýdy.  Şägirtler hüňürdeşip: «Ýagy biderek zaýalamak nämä gerek?  Gymmat satyp, puluny garyplara paýlasa bolardy» diýdiler. 10  Isa olaryň näme hakda gürrüň edýändigini bilip: «Siz näme üçin aýaly günäkärleýäňiz? Ol maňa ýagşylyk etdi. 11  Garyplar hemişe ýanyňyzda bolar+, emma men siziň ýanyňyzda hemişe bolmaryn+. 12  Ol üstüme* atyr ysly ýag guýup, meni jaýlamaga taýynlady+. 13  Size hakykaty aýdýaryn, hoş habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, şu aýalyň eden ýagşylygy hakda hem aýdylar»+ diýdi. 14  Şondan soň 12 resulyň biri Iuda Iskariýot+ uly ruhanylaryň ýanyna gitdi+. 15  Ol: «Isany tutmaga kömek etsem näme berersiňiz?»+ diýdi. Olar 30 kümüş teňňe bereris diýdiler+. 16  Şol günden soň Iuda Iskariýot Isany satmak üçin amatly pursat gözläp başlady. 17  Petir baýramynyň birinji güni+ şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Pasha naharyny nirede taýýarlaly?»+ diýdiler. 18  Isa şeýle diýdi: «Şähere gidiň⁠-⁠de, pylan adamyň ýanyna baryp: „Mugallym şeýle diýýär: „Meniň öldüriljek wagtym golaýlady; şägirtlerim bilen Pasha baýramyny seniň öýüňde bellemekçi“ diýiň». 19  Şägirtler Isanyň aýdyşy ýaly edip, Pasha baýramyna taýýarlyk gördüler. 20  Agşam düşende+, Isa bilen 12 şägirdi saçak başyna geçdi+. 21  Nahar iýip otyrkalar, Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, biriňiz maňa dönüklik edersiňiz»+ diýdi. 22  Şägirtler muňa juda gynanyp, yzly⁠-⁠yzyna: «Mugallym, men däl gerek?» diýişdiler. 23  Isa: «Meniň bilen bir tabakdan nahar iýen adam maňa dönüklik eder+. 24  Ýazylyşy ýaly, Ynsan ogly araňyzdan gidip barýar. Ýöne Ynsan ogluna dönüklik edýän adamyň waý gününe!+ Ol dünýä inmedik bolsa gowy bolardy»+ diýdi. 25  Dönüklik etjek Iuda: «Mugallym*, men däl gerek?» diýip sorady. Isa: «Özüň gowy bilýänsiň» diýip jogap berdi. 26  Nahar iýip otyrkalar, Isa çöregi alyp, doga etdi we çöregi bölüşdirip+ şägirtlerine berdi⁠-⁠de: «Alyň, iýiň. Çörek meniň bedenimi aňladýar»+ diýdi. 27  Soňra şeraply käsäni aldy we Hudaýa doga edip, minnetdarlyk aýtdy⁠-⁠da: «Hemmäňiz içiň+. 28  Ol köp adamlaryň günäsi üçin döküljek+ ganymy+, „äht ganyny“+ aňladýar. 29  Size diýýärin, Atamyň Patyşalygynda siziň bilen täze şerap içýänçäm, indi şerap içmerin»+ diýdi. 30  Soňra olar Hudaýyň şanyna aýdymlar* aýdyp, Zeýtun dagyna gitdiler+. 31  Isa şägirtlerine: «Şu gije hemmäňiz menden ýüz öwrersiňiz*. Sebäbi: „Çopany öldürerin, goýunlar hem dargar“+ diýip ýazylgy. 32  Ýöne direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn»+ diýdi. 33  Petrus: «Hemmeler senden ýüz öwürse⁠-⁠de, men hiç haçan ýüz öwürmerin!*»+ diýdi. 34  Isa oňa: «Saňa hakykaty aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýdi. 35  Petrus: «Seniň bilen ölmeli bolsam⁠-⁠da, senden asla ýüz döndermerin»+ diýdi. Beýleki şägirtler hem şeýle diýdiler. 36  Soňra Isa olar bilen Getseman bagyna geldi+. Ol şägirtlerine: «Doga edip gelýänçäm, şu ýerde oturyň»+ diýdi. 37  Isa ýany bilen Petrusy we Zebedeýiň iki ogluny alyp gitdi. Ol gaýgy⁠-⁠gama batyp, juda hasrat çekýärdi+. 38  Isa olara: «Janym juda hasrat çekýär, gaýgydan ýaňa ölüp barýaryn. Siz bärde galyň, meniň ýaly oýa boluň»+ diýdi. 39  Özi bolsa biraz öňe ýöredi⁠-⁠de, ýere ýüzin ýykylyp+: «Atam, mümkin bolsa, şu käseden+ içirme. Ýöne meniň islegim däl, seniň islegiň bolsun»+ diýip doga etdi. 40  Isa üç şägirdiniň ýanyna gelende, olar uklap ýatan eken. Ol Petrusa: «Meniň bilen ýekeje sagat hem oýa bolup bilmediňizmi?+ 41  Synaga düşmez ýaly+ oýa bolup+, dyngysyz doga ediň+. Dogrudanam, ýürek* yhlasly, ýöne beden ejiz»+ diýdi. 42  Soňra ikinji gezek gidip: «Atam, şu käseden hökman içmeli bolsam, goý, seniň islegiň bolsun»+ diýip doga etdi. 43  Isa şägirtleriniň ýanyna gelende, olar ýene⁠-⁠de uklap ýatan eken, sebäbi olary agyr uky basypdy. 44  Isa gidip, üçünji gezegem öňküsi ýaly doga etdi. 45  Soňra şägirtleriniň ýanyna gelip: «Şeýle wajyp pursatda ýatyp, dynç alýaňyzmy? Ynsan oglunyň günäkärleriň eline tabşyryljak wagty golaýlaşdy. 46  Turuň, gideliň. Maňa dönüklik edýän adam ýetip gelýär» diýdi. 47  Isa entek sözüni tamamlamanka, 12 resulyň biri Iuda geldi. Onuň ýanynda eli gylyçly we taýakly märeke bardy. Olary uly ruhanylar we halkyň ýaşululary iberipdi+. 48  Dönüklik eden şägirt adamlara: «Men kimi ogşasam, ol Isadyr, derrew tutuň» diýip, öňünden aýdypdy. 49  Soňra ol göni Isanyň ýanyna baryp: «Salam, Mugallym!*» diýip, ony mähirli ogşady. 50  Isa oňa: «Sen näme üçin geldiň?»+ diýdi. Şonda adamlar Isany tussag etdiler. 51  Isanyň ýanynda duranlaryň biri gylyjyny çykardy⁠-⁠da, baş ruhanynyň hyzmatkäriniň gulagyny kesdi+. 52  Isa: «Gylyjyňy gynyna sal+, sebäbi gylyç göteren gylyçdan hem öler+. 53  Men Atamdan häziriň özünde 12 goşundan* hem köp perişde ibermegini haýyş edip bilmerin öýdýäňmi?+ 54  Eger şeýle etsem, pygamberlikler nädip ýerine ýeter?» diýdi. 55  Soňra Isa märekä ýüzlenip: «Taýakly hem gylyçly geler ýaly, men garakçymy? Tussag etjek bolsaňyz, her gün ybadathanada öwredýän wagtym+ meni görmediňizmi?+ 56  Emma pygamberlikleriň ählisi ýerine ýetmelidir»+ diýdi. Şonda ähli şägirtleri Isany taşlap, gaçyp gitdiler+. 57  Isany tussag edip, baş ruhany Kaýafanyň+ öýüne getirdiler. Kanunçylar bilen ýaşulular hem ýygnanyşypdyr+. 58  Petrus bolsa uzagrakdan Isanyň yzyndan ýöräp, baş ruhanynyň howlusyna geldi. Soňra içeri girip, nämeleriň boljakdygyny bilmek üçin hyzmatkärleriň ýanynda oturdy+. 59  Uly ruhanylar we Mejlisiň* ähli agzalary Isa ölüm jezasyny bermek üçin, ýalan şaýatlyk etjek adamlary gözlediler+. 60  Ýalan şaýatlyk etmäge gelenler köpdi, ýöne aýdýanlary deň gelmedi+. Ahyry iki şaýat tapyldy. 61  Olar şeýle diýdi: «Ol: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, üç günde guraryn“ diýdi»+. 62  Şonda baş ruhany ýerinden turup: «Seniň aýtjak zadyň ýokmy? Olaryň seni nämede günäkärleýändigini eşideňokmy?»+ diýdi. 63  Ýöne Isa dymyp durdy+. Baş ruhany bolsa: «Biribardan ant iç. Bize aýt, sen Hudaýyň Ogly Mesihmi?»+ diýdi. 64  Isa oňa: «Aýdyşyň ýalydyr. Ýöne bilip goýuň, indi Ynsan oglunyň+ Gudratygüýçli Allanyň sagynda oturanyny+ we gökdäki bulutlaryň içinden gelýänini görersiňiz»+ diýdi. 65  Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirýär! Başga şaýat nämä gerek? Hudaýa dil ýetirýändigini eşidip otyrsyňyz. 66  Siz näme pikir edýäňiz?» diýdi. Olar: «Öldürmeli!»+ diýişdiler. 67  Olar Isanyň ýüzüne tüýkürdiler+. Käbiri ony ýumrugy bilen urdy+, käbiri bolsa şarpyk çaldy+. 68  Olar: «Eý Mesih, seni kim urdy? Pygamber bolsaň, aýt hany?» diýdiler. 69  Petrus şol wagt howluda otyrdy. Onuň ýanyna hyzmatkär gyz gelip: «Senem jelileli Isanyň ýanyndadyň»+ diýdi. 70  Petrus bolsa adamlaryň öňünde: «Men⁠-⁠ä näme diýýändigine düşünemok» diýip, boýun almady. 71  Ol derwezä golaýlaşanda, başga bir gyz: «Şu adam hem nazaretli Isanyň ýanyndady»+ diýdi. 72  Petrus ant içip: «Men ony tanamok!» diýip, ýene⁠-⁠de boýun almady. 73  Biraz wagtdan soň, şol ýerdäki adamlar Petrusa: «Sen⁠-⁠ä şolaryň biri, gepleýşiňden* bildirýär» diýdiler. 74  Şonda ol*: «Men ony tanamok!» diýip, ant içip, awy ýalady. Edil şol wagt horaz gygyrdy. 75  Şonda Isanyň: «Horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi. Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: alebastr gapda ýag.
Ýa⁠-⁠da: bedenime.
Sözme⁠-⁠söz: Rebbi.
Ýa⁠-⁠da: mezmurlar; nagmalar.
Sözme⁠-⁠söz: men sebäpli büdrärsiňiz.
Sözme⁠-⁠söz: Hemmeler sen sebäpli büdrese⁠-⁠de, men hiç haçan büdremerin!
Sözme⁠-⁠söz: ruh. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Rebbi!
Sözme⁠-⁠söz: legiondan.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: çalgyrt gepleýşiňden.
Sözme⁠-⁠söz: ol özüne gargap.