Matta 17:1—27

  • Isanyň daş keşbi özgerýär (1—13)

  • Gorçisa dänesi ýaly iman (14—21)

  • Isanyň öljekdigi ýene⁠-⁠de aýdylýar (22, 23)

  • Balygyň agzyndaky kümüş teňňe (24—27)

17  Alty günden Isa Petrusy, Ýakup bilen dogany Ýahýany ýanyna alyp, bir beýik daga çykdy+.  Şonda olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgedi, ýüzi Gün ýaly şöhle saçýardy, egin⁠-⁠eşigi bolsa göwher daşy kimin öwşün atýardy*+.  Şägirtler Isanyň Musa we Ylýas bilen gepleşip durandygyny gördüler.  Şonda Petrus Isa ýüzlenip: «Halypam, bäri gowy ekeni. Eger isleseň, üç çadyr guraýyn: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi.  Petrus heniz gepläp durka, olaryň daşyny ak bulut gurşady. Bulutdan: «Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi.  Şägirtler sesi eşidip, gorkudan ýaňa ýere ýüzin ýykyldylar.  Isa olaryň ýanyna gelip, elini degirdi⁠-⁠de: «Turuň, gorkmaň!» diýdi.  Olar başyny galdyrsa, Isadan başga hiç kim ýok eken.  Isa şägirtleri bilen dagdan düşüp gelýärkä: «Ynsan ogly ölümden direlýänçä, gören görnüşiňizi* hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy+. 10  Şägirtler Isadan: «Kanunçylar näme üçin ilki Ylýas pygamber gelmeli diýýärler?»+ diýip soradylar. 11  Ol şeýle jogap berdi: «Dogrudan⁠-⁠da, ilki Ylýas gelip, ähli zatlary düzetmelidi+. 12  Emma men size diýýärin, Ylýas eýýäm geldi, ýöne ony tanamadylar. Olar Ylýasa islänini etdiler+. Ynsan ogly⁠-⁠da olaryň elinden görgi görer»+. 13  Şonda şägirtler Isanyň suwa çümdürýän Ýahýa barada aýdýandygyna düşündiler. 14  Olar märekäniň ýanyna gelenlerinde+, bir adam Isanyň öňünde dyza çöküp: 15  «Agam, ogluma rehim et! Ol garaguş keselinden ejir çekýär, ýagdaýy agyr. Ol özüni oda⁠-⁠suwa urýar+. 16  Oglumy şägirtleriň ýanyna eltdim, ýöne sagaldyp bilmediler» diýdi. 17  Isa: «Eý imansyz we azgyn nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Oglany ýanyma getiriň» diýdi. 18  Isa jyna käýedi welin, ol oglandan çykyp gitdi. Oglan şol bada sagaldy+. 19  Şägirtler Isanyň ýanyna ýeke özleri gelip: «Biz jyny näme üçin çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. 20  Ol: «Siziň imanyňyz az. Size hakykaty aýdýaryn, eger gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu daga: „Bärden başga ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Siziň başarmajak zadyňyz bolmaz»+ diýdi. 21  *—— 22  Jelilä gelenlerinde, Isa şägirtlerine: «Ynsan ogly duşmanlaryň eline berler+. 23  Duşmanlar ony öldürer, emma ol üçünji güni direler»+ diýdi. Şägirtleri muny eşidip, örän gynandylar. 24  Olar Kapernawuma gelenlerinde, salgytçylar Petrusa: «Mugallymyň iki teňňe* salgyt tölärmi?» diýdiler+. 25  Ol: «Hawa, tölär» diýdi. Emma Petrus öýe giren badyna, Isa: «Simun, seniň pikiriňçe, patyşalar salgydy ýa⁠-⁠da gümrügi kimden alýarlar? Ogullaryndanmy ýa⁠-⁠da başga adamlardan?» diýip sorady. 26  Ol: «Başga adamlardan» diýende, Isa şeýle diýdi: «Dogry, diýmek, ogullar salgyt tölemeýär. 27  Ýöne dawa turmaz ýaly+, deňze bar⁠-⁠da, çeňňek taşla. Birinji tutan balygyň agzyny açsaň, kümüş teňňe* bardyr. Teňňäni alyp, özüňe⁠-⁠de, maňa⁠-⁠da salgyt töle».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ap⁠-⁠akdy.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: iki drahma. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme⁠-⁠söz: statir. Tetradrahma göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.