Matta 11:1—30

  • Isa Ýahýany öwýär (1—15)

  • Gulak asmaýan nesil (16—24)

  • Isa Atasyny şöhratlandyrýar (25—27)

  • Isanyň boýuntyrygy (28—30)

11  Isa 12 şägirdine görkezme berip, beýleki şäherlere wagyz etmäge we öwretmäge gitdi+.  Ýahýa türmededi+. Ol Mesihiň eden işleri hakda eşidende, Isanyň ýanyna şägirtlerini iberip+:  «Gelmeli Mesih senmi ýa başga birine garaşmalymy?»+ diýip soratdy.  Isa olara: «Baryň, eşidýän we görýän zatlaryňyzy Ýahýa gürrüň beriň+.  Körler görýär+, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär+, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara hoş habar aýdylýar+.  Maňa şübhelenmeýän* adam bagtlydyr»+ diýdi.  Isa Ýahýanyň şägirtlerini ugratdy⁠-⁠da, märekä ýüzlenip, Ýahýa barada şeýle diýdi: «Siz çöle näme görmäge gitdiňiz?+ Ýele yranýan gamşymy?+  Siz näme görmäge gitdiňiz? Gowy geýnen adamymy? Gowy geýinýän adamlar patyşalaryň köşgünde bolýar.  Dogrudan⁠-⁠da, ol ýere näme üçin gitdiňiz? Pygamberi görmägemi? Size diýýärin, ol pygamberden hem has beýikdir+. 10  Ol hakda şeýle ýazylandyr: „Seniň öňüňden habarçymy ýollaýaryn, ol saňa ýol taýýarlar“+. 11  Bilip goýuň, şu wagta çenli adamlaryň arasynda suwa çümdürýän Ýahýadan beýigi bolan däldir. Emma gökdäki Patyşalykda iň pesi ondan beýikdir+. 12  Suwa çümdürýän Ýahýanyň günlerinden bäri adamlar gökdäki Patyşalyga ýetmek isleýärler. Jan edýän adamlar hem oňa ýetýärler+. 13  Ýahýanyň günlerine çenli Pygamberler kitabynda we Töwratda gelejekki zatlar öňünden aýdylypdy+. 14  Ynansaňyz⁠-⁠da, ynanmasaňyz⁠-⁠da, gelmegine garaşýan Ylýas pygamberiňiz Ýahýadyr+. 15  Goý, gulagy bar adam eşitsin! 16  Men şu nesli kime meňzedeýin?+ Olar bazarda oturyp, deň⁠-⁠duşlaryna şeýle diýýän çagalar ýalydyr: 17  „Size tüýdük çalyp berdik, tans etmediňiz; zaryn⁠-⁠zaryn agladyk, hasrat çekmediňiz“. 18  Ýahýa hemmeler ýaly iýip içmedi, ýöne adamlar: „Ol jynly“ diýdiler. 19  Ynsan ogly hemmeler ýaly iýip içdi+, ýöne adamlar: „Ol hajymelik, arakhor, salgytçylaryň we günäkärleriň dosty“+ diýýärler. Emma adamyň akyldarlygy edýän işlerinden görünýär»+. 20  Isa ençeme gudrat görkezdi, ýöne şäherleriň köpüsi toba etmedi. Isa olara käýäp, şeýle diýdi: 21  «Waý günüňize, Horaziniň halky! Waý günüňize, Beýtsaýdanyň ilaty! Eger sizde edilen gudratlar Tir bilen Sidonda edilen bolsady, olar bireýýäm toba edip, jul geýerdiler, kül üstünde oturardylar+. 22  Size diýýärin, Kyýamat güni* Tir bilen Sidon halkyna size garanyňda has aňsat düşer+. 23  Eý Kapernawumyň+ halky, Hudaý sizi arşa çykarar öýdýäňizmi?! Ýok, ol sizi mazara* indirer+, sebäbi sizde edilen gudratlar Sodomda edilen bolsady, ol häzire çenli aman galardy. 24  Size diýýärin, Kyýamat güni* Sodomyň halkyna size garanyňda has aňsat düşer»+. 25  Şonda Isa şeýle diýdi: «Eý Atam, ýeriň⁠-⁠gögüň Eýesi! Saňa hemmeleriň öňünde alkyş aýdýaryn. Sebäbi sen hakykaty akyldar hem bilimli adamlardan gizläp, çaga ýaly pesgöwünli adamlara açdyň+. 26  Eý Atam, sen şeýle bolmagyny islediň. 27  Atam ähli zady maňa tabşyrdy+. Ogly Atadan başga hiç kim gowy tanaýan däldir+. Atany⁠-⁠da Oglundan we Oglunyň tanatmak isleýän adamlaryndan başga hiç kim gowy tanaýan däldir+. 28  Eý ýadaw we agyr ýükli adamlar! Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn*. 29  Men ýumşak we pesgöwünlidirin+, meniň boýuntyrygymy dakynyň, menden görelde alyň, şonda janyňyz rahatlyk tapar. 30  Meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: büdremeýän.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: göwnüňizi götereýin.