Markus 7:1—37

  • Ynsan taglymaty paş edilýär (1—13)

  • Haramlyk ýürekden çykýar (14—23)

  • Grek aýalyň imany (24—30)

  • Lal adam sagalýar (31—37)

7  Iýerusalimden gelen fariseýler we kanunçylaryň käbiri Isanyň daşyna üýşdüler+.  Olar Isanyň käbir şägirtleriniň hapa, ýagny ýuwulmadyk eli bilen nahar iýýändigini gördüler.  Aslynda, fariseýler we ähli ýehudylar ata⁠-⁠babalarynyň däp⁠-⁠dessuryna eýerip, elini tirsegine çenli ýuwup, soňra nahar iýýärdiler.  Bazardan gelenlerinde⁠-⁠de, ýuwunman nahar iýmezdiler. Olar başga⁠-⁠da köp däp⁠-⁠dessurlary gyşarnyksyz berjaý edýärdiler, käseleri, küýzeleri we mis gaplary suwa batyryp çykarýardylar+.  Fariseýler we kanunçylar Isadan: «Şägirtleriň ata⁠-⁠babalaryň däp⁠-⁠dessuryny berjaý etmän näme üçin hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýip soradylar+.  Isa olara: «Eý ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda dogry aýdypdyr: „Halk maňa diňe dilinde sarpa goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr+.  Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler“+.  Siz Hudaýyň tabşyrygyndan el çekip, adamlaryň däp⁠-⁠dessurlaryna berk ýapyşýarsyňyz»+ diýdi.  Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Siz däp⁠-⁠dessurlaryňyzy berjaý etmek üçin, Hudaýyň tabşyrygyndan mekirlik bilen ýüz öwürýärsiňiz+. 10  Meselem, Musa pygamber „Ene⁠-⁠ataňa hormat goý“+ we „Ene⁠-⁠atasyna sögen* adam öldürilsin“+ diýipdi. 11  Siz bolsa: „Ene⁠-⁠atasyna: „Size kömek ederdim welin, bar zadymy Hudaýa gurban* etdim“ diýen adama 12  ene⁠-⁠atasyna kömek etmäge rugsat bermeýärsiňiz+. 13  Şeýdip, siz nesilden⁠-⁠nesle geçip gelýän däp⁠-⁠dessurlary wajyp hasaplap, Hudaýyň sözüne eýermeýärsiňiz+. Siz şuňa meňzeş başga⁠-⁠da köp zatlary edýärsiňiz»+. 14  Soňra Isa märekäni ýene⁠-⁠de ýanyna çagyryp: «Meni diňläň, aýtjak zatlarymyň manysyna düşünjek boluň+. 15  Adamy iýýän zady haram etmeýär, ýüreginden çykýan zat haram edýär»+ diýdi. 16  *—— 17  Isa märekäniň ýanyndan gaýdyp, öýe girende, şägirtleri mysalyň manysyny soradylar+. 18  Isa olara: «Sizem düşünmediňizmi? Adamy iýýän zadynyň haram etmeýändigini bileňizokmy? 19  Adamyň iýen zady ýüregine däl⁠-⁠de, garnyna baryp, soňra täret edende çykýar» diýdi. Şeýdip, Isa ähli zadyň halaldygyny aýtdy. 20  Ol ýene⁠-⁠de: «Adamy ýüreginden çykýan zat haram edýär+. 21  Sebäbi erbet pikirler: ahlaksyzlyk*, ogurlyk, ganhorlyk, 22  zyna, açgözlük, zalymlyk, aldawçylyk, haýasyz işler*, göriplik, erbet sözler, tekepbirlik we akylsyzlyk adamyň ýüreginden çykýandyr+. 23  Şeýle erbet zatlar ýürekden çykyp, adamy haram edýändir» diýdi. 24  Isa ol ýerden gaýdyp, Tir bilen Sidona gitdi+. Ol özüniň gelendigini hiç kimiň bilmegini islemän, bir öýe bardy. Emma onuň gelendigini şonda⁠-⁠da bildiler. 25  Şol ýerde gyzjagazy jynly bir aýal bardy. Ol Isa hakda eşiden badyna gelip, aýagyna ýykyldy+. 26  Ol aýal grekdi, Siriýanyň çäginde ýerleşýän Finikiýada ýaşaýardy. Ol Isadan gyzyndaky jyny çykarmagy gaýta⁠-⁠gaýta haýyş etdi. 27  Isa oňa: «Ilki çagalar iýip doýmaly. Çagalaryň çöregini agzyndan alyp, güjüklere bermek dogry däl ahyryn!»+ diýdi. 28  Aýal bolsa: «Agam, dogry aýdýaň! Ýöne güjükler hem çagalaryň agzyndan gaçan owuntyklary iýýär ahyryn» diýdi. 29  Isa oňa: «Şeýle diýeniň üçin sag⁠-⁠aman öýüňe gaýt, jyn gyzyňdan çykdy»+ diýdi. 30  Aýal öýüne gaýtdy. Baryp görse, gyzy düşekde ýatyr, jyn bolsa içinden çykypdyr+. 31  Isa Tirden gaýdansoň, Sidonyň we Dekapolisiň* içi bilen Jelile deňzine gitdi+. 32  Şonda Isanyň ýanyna ker we sakaw adamy getirip+, üstüne elini goýmagy haýyş etdiler. 33  Isa ony märekeden çete çykardy. Barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy. Soňra tüýkürdi⁠-⁠de, onuň diline elini degirdi+. 34  Soňra göge bakyp, uludan demini aldy⁠-⁠da: «Effafa!», ýagny «Açyl!» diýdi. 35  Şonda adamyň gulagy açyldy+, sakawlaman gepläp başlady. 36  Isa muny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy+. Emma olara näçe tabşyrsa⁠-⁠da, şonça⁠-⁠da ol hakda köp gürrüň edýärdiler+. 37  Adamlar haýran galyp+: «Ol täsin işleri edýär. Ol hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar»+ diýişýärdiler.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Ene⁠-⁠atasy bilen gödek gepleşýän.
Grekçe «korban», ýagny Hudaýa bagyş etmek.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Manysy: On şäher.