Markus 4:1—41

  • PATYŞALYK BARADAKY MYSALLAR (1—34)

    • Daýhan (1—9)

    • Isanyň mysallary (10—12)

    • Daýhan hakdaky mysal düşündirilýär (13—20)

    • Çyra sebediň aşagynda goýulmaýar (21—23)

    • Ölçäp bermek (24, 25)

    • Uklap ýatan daýhan (26—29)

    • Gorçisa dänesi (30—32)

    • Mysallary ulanýar (33, 34)

  • Isa apy⁠-⁠tupany ýatyrýar (35—41)

4  Isa deňziň kenaryna baryp, adamlara ýene⁠-⁠de öwredip başlady. Onuň ýanyna uly märeke ýygnandy. Ol gaýyga münüp, kenardan az⁠-⁠owlak daşlaşdy, adamlar bolsa deňziň kenarynda oturdy+.  Isa mysal getirip+, köp zatlary öwredip başlady+:  «Üns beriň! Bir daýhan ekin ekmäge gidýär+.  Ol tohum sepende, käbiri ýoluň gyrasyna düşdi, guşlar hem gelip tohumy iýdi.  Käbiri bolsa daşlyk topraga düşdi. Tohum çalt gögerdi, sebäbi topragy galyň däldi+.  Gün çykdy welin, olar güne ýanyp gurady, sebäbi köki berk däldi.  Käbir tohumlar ýandaklaryň arasyna düşdi. Ýandaklar ösüp, olary bogdy welin, tohum hasyl bermedi+.  Galan tohumlar bolsa mes topraga düşdi we gögerip, ösüp başlady. Olaryň käbiri 30, käbiri 60, käbiri bolsa 100 esse hasyl berdi»+.  Soňra Isa: «Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+ diýdi. 10  Märeke gaýdansoň, Isanyň 12 resuly we käbir şägirtleri mysallaryň manysyny soradylar+. 11  Isa olara: «Hudaý gökdäki Patyşalygynyň mukaddes syryny size düşündirýär+. Başgalar üçin bolsa aýdan zatlarym ýöne bir mysal bolup galýar+. 12  Olar seretse⁠-⁠de, görmeýärler, eşitse⁠-⁠de, düşünmeýärler. Olar hiç haçan yzyna dolanmaz, Hudaý hem olary bagyşlamaz»+ diýdi. 13  Soňra olara şeýle diýdi: «Siz şu mysala düşünmeýän bolsaňyz, beýleki mysallara nädip düşünersiňiz? 14  Daýhanyň sepýän tohumy Hudaýyň sözüdir+. 15  Ýoluň gyrasyna düşen tohumlar sözi eşiden adamlara meňzeýär. Olar sözi eşiden badyna, Şeýtan gelip+, ýüreklerine ekilen sözi sogrup alýar+. 16  Daşlyk topraga düşen tohumlar bolsa sözi eşiden badyna, ony şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr+. 17  Tohum olaryň ýüreginde kök urmansoň, az wagtlyk iman edýärler. Hudaýyň sözi sebäpli kynçylyklara ýa⁠-⁠da yzarlamalara duşanlarynda, imandan dänýärler. 18  Ýandaklaryň arasyna düşen tohumlar bolsa sözi eşitse⁠-⁠de+, 19  durmuşyň* gaýgy⁠-⁠aladasyna basylýan+, baýlygyň* yşkyna düşýän+ we her hili höweslere ýüregini berýän+ adamlardyr. Şol zatlar sözi bogup, hasyl bermeýär. 20  Emma mes topraga düşen tohumlar Hudaýyň sözüni eşidip, höwes bilen kabul edýän adamlardyr. Olaryň käbiri 30, käbiri 60, käbiri bolsa 100 esse hasyl berýär»+. 21  Soňra Isa şeýle diýdi: «Hiç kim çyrany sebediň ýa⁠-⁠da stoluň* aşagynda goýmaýar. Yşyk berer ýaly, ol şemdanyň üstünde goýulýar+. 22  Üsti açylmajak gizlin zat ýokdur. Näçe gizlin saklansa⁠-⁠da, bilinmejek zat ýokdur+. 23  Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+ 24  Isa olara: «Eşidýän zatlaryňyza üns beriň+. Nähili ölçeg bilen ölçäp berseňiz, size⁠-⁠de şeýle ölçeg bilen ölçäp bererler, hatda artygy bilen hem bererler. 25  Kimde bar bolsa, oňa has köp berler+, emma kimde ýok bolsa, elindäkisi hem alnar»+ diýdi. 26  Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Hudaýyň Patyşalygy tohum sepýän daýhana meňzeýär. 27  Daýhan gije ýatýar, irden turýar, tohum bolsa gögerýär. Daýhan tohumyň nädip ösýänini bilmeýär. 28  Toprak öz⁠-⁠özünden hasyl berýär. Başda baldak ösýär, soňra baş çykýar, ahyrynda dänesi bişip ýetişýär. 29  Hasyl ýetişen badyna, daýhan ony orýar, sebäbi orak döwri gelip ýetdi». 30  Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzetse bolar? Ony haýsy mysal arkaly düşündirip bolar? 31  Ol gorçisa dänesi ýalydyr. Gorçisa dänesi tohumlaryň iň kiçisidir+. 32  Ýöne ösende, beýleki ösümliklerden has beýik bolýar. Şahalary şeýle bir ulalýar welin, guşlar onda höwürtge ýasaýar, saýasynda oturýar». 33  Isa olaryň düşünjesini göz öňünde tutup, Hudaýyň sözüni köp mysallar arkaly öwredýärdi+. 34  Ol hemişe mysallar getirip öwredýärdi. Ýöne şägirtlerine ähli zady aýratynlykda düşündirýärdi+. 35  Şol gün agşam Isa şägirtlerine: «Ýörüň, deňziň beýleki kenaryna geçeliň»+ diýdi. 36  Olar märekäni ugradyp, Isanyň oturan gaýygyna mündüler. Şol ýerde başga gaýyklar hem bardy+. 37  Birdenkä güýçli ýel turdy, tolkunlar gaýyga urup başlady. Gaýyk suwdan dolup barýardy+. 38  Emma Isa gaýygyň yzky tarapynda başyny ýassyga goýup, uklap ýatyrdy. Şägirtler Isany turzup: «Mugallym, göreňokmy, gark bolup barýarys!» diýdiler. 39  Isa ýerinden turup, ýele käýedi, soňra deňze: «Ýuwaş! Sem bol!»+ diýdi. Şonda ýel ýatyp, ümsümlik aralaşdy. 40  Isa olara: «Nämä gorkýaňyz? Entegem iman edeňizokmy?» diýdi. 41  Emma olar şonda⁠-⁠da gorkup, biri⁠-⁠birine: «Bu kimkä? Oňa ýelem, deňizem gulak asýar» diýişdiler+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: şu döwrüň. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: aldawçy baýlygyň.
Sözme⁠-⁠söz: krowatyň.