Markus 16:1—8

  • Isa direlýär (1—8)

16  Sabat güni*+ geçenden soň, magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem+ we Selime atyr ysly ýag satyn aldylar. Olar ýagy Isanyň jesedine çalmakçydylar+.  Olar hepdäniň birinji güni* daň bilen ýola düşüp, Gün doganda mazara geldiler+.  Olar biri⁠-⁠birine: «Mazaryň agzyndaky daşy kim aýryp bererkä?» diýişdiler.  Olar gelenlerinde, daş eýýäm aýrylan eken. Daş örän uludy+.  Mazaryň içine girenlerinde, sag tarapda oturan uzyn ak donly bir ýigidi görüp, juda gorkdular.  Ol aýallara şeýle diýdi: «Gorkmaň!+ Men siziň pürse çüýlenen nazaretli Isany gözleýändigiňizi bilýärin. Isa bärde däl, ol direldi+. Ine onuň ýatan ýeri+.  Baryň, şägirtlerine we Petrusa: „Ol sizden öň Jelilä barar+. Aýdyşy ýaly, ony şonda görersiňiz“+ diýiň».  Aýallar mazardan çykyp, gaçyp gitdiler. Olar muňa haýran galdylar we gorkudan ýaňa sandyrap durdylar. Olar gorkup hiç kime hiç zat aýtmadylar*+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
Gadymy we ygtybarly golýazmalara görä, Markusyň hoş habary 8⁠-⁠nji aýatdaky sözler bilen tamamlanýar. Goşmaça maglumata serediň: A3.