Koloslylara hat 4:1—18

  • Hojaýynlara maslahat (1)

  • «Hemişe doga ediň» (2—4)

  • Adamlar bilen paýhasly boluň (5, 6)

  • Hoşlaşyk sözleri (7—18)

4  Hojaýynlar, gullaryňyz bilen dogruçyl we adalatly boluň, sebäbi siziň hem gökde Hojaýynyňyz bar+.  Hudaýa hemişe* doga ediň+, muňa sowuk⁠-⁠sala garamaň we minnetdar boluň+.  Hudaý sözüni, ýagny Mesih hakdaky mukaddes syry wagyz etmäge ýol açar ýaly, biziň üçin hem doga ediň+, sebäbi men tussaglykda otyryn+.  Şonda men arkaýyn wagyz edip bilerin, sebäbi wagyz etmek meniň borjumdyr.  Ýygnaga degişli bolmadyk adamlar bilen mundan beýläk hem özüňizi paýhasly alyp baryň. Wagtyňyzy paýhasly ulanyň*+.  Duzuň nahary tagamly edişi ýaly, siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun+. Şonda her kime nädip jogap bermelidigini bilersiňiz+.  Eziz doganym hem⁠-⁠de Halypamyzyň wepaly gullukçysy we guly Tihikus+ men hakda ähli täzelikleri gürrüň berer.  Biziň ýagdaýymyz hakda bilip, ýürekleriňiz rahatlyk tapar ýaly, ony ýanyňyza iberýärin.  Tihikus bilen ildeşiňiz, wepaly we eziz doganym Onesimi+ hem iberýärin. Olar size bärde bolýan zatlary gürrüň bererler. 10  Meniň bilen tussaglykda oturan Aristarhus+ bilen Barnabasyň ýegeni Markus+ salam aýdýar. Eger ol barsa, gowy garşylamagy öň hem sizden haýyş edipdim+. 11  Sünnetli ýehudylaryň arasynda Ýustus diýilýän Isa hem salam aýdýar. Diňe şu doganlar Hudaýyň Patyşalygy hakda meniň bilen wagyz edip, eginme⁠-⁠egin işleşdiler. Olar maňa köp göwünlik berdiler*. 12  Siziň ildeşiňiz we Isa Mesihiň guly Epafras+ salam aýdýar. Siziň imanda berk durup, Hudaýyň islegi bilen edilýän işlere ynamly bolmagyňyz üçin, Epafras siziň üçin hemişe yhlasly doga edýär. 13  Ol siziň üçin, Laodikiýadakylar bilen Iýerapoldakylar üçin köp zähmet çekýär. Men muňa şaýatdyryn. 14  Eziz doganym Luka+ lukman hem⁠-⁠de Dimas+ salam aýdýar. 15  Laodikiýadaky doganlara, uýamyz Nimfa we öýündäki ýygnaga meniň adymdan salam aýdyň+. 16  Haty okanyňyzdan soňra, Laodikiýadaky ýygnaga hem okamaga beriň+. Siz hem meniň Laodikiýa iberen hatymy okaň. 17  Arhipusa+: «Ünsli bolup, Halypamyzyň şägirdi hökmünde tabşyrylan gullugyňy gowy berjaý et» diýiň. 18  Men Pawlus, size salam aýdýaryn, muny öz elim bilen ýazdym+. Meniň tussaglykda oturandygymy unutmaň+. Hudaý size ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: erjellik bilen.
Sözme⁠-⁠söz: Amatly wagty satyn alyň.
Ýa⁠-⁠da: meni berkitdiler.