Hyzkyl 8:1—18

  • Hyzkyl görnüşde Iýerusalime äkidilýär (1—4)

  • Ybadathanada ýigrenji işler edilýär (5—18)

    • Aýallar Tammuz taňrysy üçin dady⁠-⁠perýat edýärler (14)

    • Adamlar Güne tagzym edýärler (16)

8  Altynjy ýylda*, altynjy aýyň bäşine men öýde otyrdym, ýanymda Ýahuda ýaşululary hem bardy. Şonda Älemiň Hökümdary Ýehowanyň ruhy üstüme indi.  Men daş keşbi oda meňzeş birini gördüm. Onuň bilinden aşagy ot ýaly ýanýardy+. Bilinden ýokarsy bolsa kümüşsöw altyn deý öwşün atýardy+.  Soňra ele meňzeş bir zat saçymdan tutdy. Ruh meni ýokary* göterip, Hudaýdan gelen görnüşde* meni Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyga bakýan derwezäniň agzyna+ getirdi. Ol ýerde Hudaýyň gaharyny getirýän* but durdy+.  Ol ýeri Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty gurşap aldy+. Onuň şöhratyny men jülgede hem görüpdim+.  Ol maňa: «Ynsan ogly, demirgazyga seredäý» diýdi. Men başymy galdyryp, demirgazyga seretdim. Şonda gurbanlyk ojagynyň* demirgazyk tarapynda duran derwezäniň agzynda Hudaýyň gaharyny getirýän buty gördüm.  Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, ysraýyl halkynyň nähili ýigrenji we elhenç işleri edýändigini görýärmiň?+ Şeýle işler sebäpli men mukaddes mekanymdan uzakda durmaga mejbur boldum+. Emma sen mundan⁠-⁠da beter ýigrenji zatlary görersiň».  Soňra ol meni howlynyň girelgesine alyp geldi. Men diwarda bir oýuk* gördüm.  Ol maňa: «Ynsan ogly, diwaryň oýugyny has⁠-⁠da giňelt» diýdi. Men oýugy giňeltdim we bir gapy gördüm.  Ol maňa şeýle diýdi: «Içerik gir⁠-⁠de, olaryň edýän zalym we ýigrenji işlerini gör». 10  Girip görsem, diwarda süýrenijileriň, ýürekbulanyjy ýyrtyjy haýwanlaryň+, Ysraýyl öýüniň nejis butlarynyň* şekilleri+ bardy. Olar tutuş diwaryň ýüzüne oýulyp çekilendi. 11  Ysraýyl öýüniň 70 ýaşulusy olaryň öňünde durdy. Şapanyň+ ogly Ýazanýa hem olaryň ýanyndady. Her biriniň elinde tütetgi ýakylýan gap bardy, onuň hoşboý ysly tüssesi ýokary galýardy+. 12  Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, Ysraýyl öýüniň ýaşulularynyň garaňkylykda, butlaryň şekilinden* doly içki otaglarynda näme edýändigini görýäňmi? Olar: „Ýehowa bizi görmeýär. Ýehowa ýurduny taşlap gitdi“ diýýärler»+. 13  Ol maňa: «Emma sen olaryň edýän ýigrenji işlerindenem beter elhenç zatlary görersiň» diýdi⁠-⁠de, 14  Ýehowanyň öýüniň demirgazyk derwezesiniň agzyna eltdi. Ol ýerde Tammuz taňrysy üçin dady⁠-⁠perýat edýän aýallary gördüm. 15  Ol maňa: «Ynsan ogly, olaryň näme edýändigini görýärmiň? Emma sen olaryň edýän ýigrenji işlerindenem has elhenç zatlary görersiň»+ diýdi. 16  Soňra ol meni Ýehowanyň ybadathanasynyň içki howlusyna+ getirdi. Ýehowanyň ybadathanasynyň girelgesinde, minara bilen gurbanlyk ojagynyň aralygynda ýeňseleri Ýehowanyň ybadathanasyna, ýüzleri gündogara bakyp duran 25⁠-⁠e golaý adam bardy. Olar gündogara bakyp, Güne tagzym* edýärdiler+. 17  Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, olary görýärmiň? Ýahuda öýi nejis işleri edýändigini, ýurdy zalymlykdan doldurýandygyny+, meni ynjadýandygyny az görýärmikä? Üstesine⁠-⁠de, olar burnuma taýak* uzadýarlar. 18  Şonuň üçin men gahar atyma atlanaryn. Olara nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Dady⁠-⁠perýat etseler⁠-⁠de, olary diňlemerin»+.

Çykgytlar

Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we ýehudylaryň sürgündäki altynjy ýyly göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: ýer bilen gögüň arasyna.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: gabanjaňlygyny oýarýan.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: deşik.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa⁠-⁠da: heýkelinden.
Ýa⁠-⁠da: sežde.
Taýak butlara sežde edilende ulanylan bolmaly.