Hyzkyl 6:1—14

  • Ysraýyl daglaryna çykarylan höküm (1—14)

    • Nejis butlar ýok bolar (4—6)

    • «Meniň Ýehowadygymy bilersiňiz» (7)

6  Ýehowa maňa ýene⁠-⁠de şeýle diýdi:  «Ynsan ogly, Ysraýyl daglaryna seret⁠-⁠de, olara garşy pygamberlik et.  Olara şeýle diý: „Ysraýyl daglary, Älemiň Hökümdary Ýehowanyň sözlerini diňläň. Älemiň Hökümdary Ýehowa daglara, depelere, çeşmelere we jülgelere şeýle diýýär: „Ine, men üstüňizden gylyç indererin we seždegähleriňizi* kül ederin.  Gurbanlyk ojaklaryňyz* derbi⁠-⁠dagyn bolar, tütetgi ojaklaryňyz* çym⁠-⁠pytrak bolar+. Nejis butlaryň* öňüne jesetleriňiz zyňlar+.  Nejis butlaryň öňüne ysraýyllaryň jesedini zyňaryn. Süňkleriňizi gurbanlyk ojaklaryňyzyň çar tarapyna pytradaryn+.  Ýaşaýan her bir şäheriňiz haraba öwrüler+, seždegähler ýumrulyp, ýer bilen ýegsan ediler. Gurbanlyk ojaklaryňyz döwler, bölek⁠-⁠bölek ediler, nejis butlaryňyz ýok bolar, tütetgi ojaklaryňyz çym⁠-⁠pytrak ediler we eliňiziň işi ýok ediler+.  Gözüňiziň alnynda jesetler çaşyp ýatar+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+.  Emma men käbiriňizi aman galdyraryn, ýer ýüzüniň halklarynyň arasyna dargadyp, gylyçdan halas ederin+.  Aman galanlar sürgün edilen ýurtlarynda meni ýatlar+. Olar biwepalyk* edenlerinde, menden ýüz öwrenlerinde we nejis butlaryna azgyn höwes bilen seredenlerinde+ hasrat çekendigime+ düşünerler. Olaryň ýüzi gyzarar, zalym we nejis işlerini ýigrenerler+. 10  Olar meniň Ýehowadygymy, bela⁠-⁠beter indererin diýip ýöne ýere aýtmandygymy bilerler“+. 11  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eliňiz bilen başyňyzy tutuň*, alaçsyzlykdan ýaňa aýagyňyz bilen ýer depip aglaň. Ysraýyl öýüniň eden zalym we nejis işleri üçin perýat ediň. Sebäbi olar gylyçdan, açlykdan we mergiden gyrlar+. 12  Uzak ülkedäkiler mergiden, ýakyndakylar gylyçdan öler. Bulardan gaçyp gutulanlar açlykdan öler. Olara soňky damjasyna çenli gaharymy pürkerin+. 13  Nejis butlaryny razy etmek üçin ýakymly ysly gurbanlyklary+ getiren her bir ýerinde — nejis butlarynyň arasynda, gurbanlyk ojaklarynyň töwereginde, beýik baýyrda, daglaryň depesinde, gür ýaprakly agaçlaryň we beýik agaçlaryň şahalarynyň aşagynda jesetleri serlip ýatar+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 14  Olara el götererin, ýurtlaryny çöle öwrerin. Ýaşaýan ýerleri Diblanyň ýanyndaky çölden hem beter çolaryp galar. Şonda meniň Ýehowadygymy bilerler“».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa⁠-⁠da: ahlaksyzlyk.
Sözme⁠-⁠söz: Elleriňizi çarpyň. Gadymy döwürde dady⁠-⁠perýat edenlerinde elini çarpypdyrlar.