Hyzkyl 44:1—31

  • Gündogar derwezehana ýapyk dur (1—3)

  • Ýat halklar üçin tabşyryk (4—9)

  • Lewiler we ruhanylar üçin tabşyryk (10—31)

44  Ol meni yzyma getirip, daşky howlynyň gündogar derwezehanasyna* eltdi+. Onuň derwezesi ýapykdy+.  Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Onuň derwezesi ýapyk durar, açylmaz we hiç bir ynsan girip bilmez. Ol ýerden Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň geçendigi üçin+ derweze ýapyk durmalydyr.  Halkyň baştutany bolsa şol ýerde oturyp, Ýehowanyň huzurynda çörek iýer+, sebäbi ol baştutan. Ol derwezehananyň eýwanyndan girip çykar»+.  Soňra ol meni demirgazyk derwezehanadan ybadathananyň öňüne eltdi. Men Ýehowanyň ybadathanasynyň Ýehowanyň şöhratyndan doludygyny görüp+, ýere ýüzin ýykyldym+.  Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, ünsli bol we syn et! Ýehowanyň ybadathanasy hakda aýtjak tabşyryklarymyň we kanunlarymyň ählisini ünsli diňle. Ybadathananyň girelgelerine we çykalgalaryna ünsli bol+.  Gozgalaňçy ysraýyllara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ysraýyl halky, ýigrenji işleriňizden* el çekiň.  Siz päliýaman* we sünnetsiz ýat halky mukaddes mekanyma getirip, ybadathanamy haram edýärsiňiz. Siz ýigrenji işleri* edip ähtimi bozup⁠-⁠da, maňa çörek, malyň ýagyny we ganyny getirýärsiňiz.  Siz mukaddes zatlarymy äsgermezçilik edýärsiňiz+. Ybadathanadaky borçlaryňyzy başgalara tabşyrýarsyňyz“.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýylda ýaşaýan päliýaman*, sünnetsiz, başga milletli adam ybadathana girmez. 10  Ysraýyl halky nejis butlara* sežde edip, menden ýüz dönderende, lewiler hem menden daşlaşdylar+. Şol sebäpli lewiler eden günäleri üçin jezasyny çekerler. 11  Soňra olar ybadathananyň derwezehanalarynda gözegçilik ederler we mukaddes mekanymda hyzmat ederler+. Olar halkym üçin ýakma gurbanlyklaryny we başga gurbanlyklaryny soýarlar, halka hyzmat etmek üçin dik durarlar. 12  Olar nejis butlaryna sežde edýän ysraýyl halkyna hyzmat etdiler we olara badak atyp*, günä etmeklerine sebäp boldular+. Şonuň üçin men golumy galdyryp, olara garşy ant içdim — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Olar eden günäsi üçin jezasyny çekerler. 13  Olar ruhany bolup, huzurymda hyzmat etmezler, mukaddes, iň mukaddes zatlaryma ýakynlaşmazlar. Olar nejis işleri edendikleri üçin masgara bolarlar. 14  Soňra men olara ybadathana gözegçilik etmegi tabşyraryn. Olar ybadathanadaky borçlaryny berjaý edip, ähli işleri ýola goýarlar+. 15  Ysraýyl halky menden ýüz öwrende+, Sadygyň neslinden lewi ruhanylar+ ybadathanada öz borçlaryny ýerine ýetirdiler. Şonuň üçin olar meniň öňümde hyzmat ederler we huzurymda durup malyň ýagyny+ hem ganyny getirerler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 16  — Olar mukaddes mekanyma girmek, gurbanlyk ojagymda* maňa hyzmat etmek+ hem⁠-⁠de öz borçlaryny ýerine ýetirmek+ üçin saýlanandyr. 17  Olar içki howlynyň derwezehanasyna girenlerinde, zygyr* köýnek geýsinler+. Olar içki howlynyň derwezehanasynda ýa⁠-⁠da içki howluda hyzmat edenlerinde, ýüňden edilen eşik geýmesinler. 18  Olar başyna zygyr matadan selle orasynlar we zygyr matadan balak* geýsinler+. Olar derledýän eşik geýmesinler. 19  Olar daşky howluda duran halkyň öňüne çykmazdan öň, eşiklerini çalyşsynlar. Hyzmat edenlerinde geýen eşiklerini çykaryp+, mukaddes naharhanalarda goýsunlar+. Olar eşikleri bilen mukaddesligi halka geçirmez ýaly, başga eşik geýsinler. 20  Ruhanylar saçyny syrmasynlar+ ýa⁠-⁠da uzyn ösdürmesinler, olar saçyny kesdirsinler. 21  Ruhanylar içki howla girenlerinde şerap içmesinler+. 22  Olar dul galan ýa⁠-⁠da ärinden aýrylyşan aýala öýlenmesin+. Ýöne olar ysraýyl gyza ýa⁠-⁠da ruhanynyň dul galan aýalyna öýlenip bilerler+. 23  Olar mukaddes zat bilen adaty zadyň we halal bilen haramyň tapawudyny halkyma öwretsinler+. 24  Olar kazylyk edip, dawalary çözsünler+ we meniň permanlarym boýunça höküm çykarsynlar+. Baýramçylyklar bilen bagly kanunlarymy we tabşyryklarymy berjaý etsinler+. Sabat günümi mukaddes hasaplasynlar. 25  Olar haram bolmaz ýaly, ölen adamyň jesedine golaýlaşmasynlar. Emma olar kakasy, ejesi, ogul⁠-⁠gyzy, erkek dogany we durmuşa çykmadyk gyz dogany üçin ýas tutup* biler+. 26  Ruhanylar tämizlenensoň, ýedi gün geçsin. 27  Olar mukaddes mekanda hyzmat etmek üçin içki howla we mukaddes ýere girende, günä gurbanlygyny bersinler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 28  Ine olaryň mirasy: olaryň mirasy mendirin+. Olara Ysraýylda miras bermäň, sebäbi olaryň mirasy mendirin. 29  Olar galla sadakasyndan+, günä we ýazyk gurbanlyklaryndan iýerler+. Ysraýyl halkynyň Hudaýa bagyş eden ähli zatlary ruhanylaryňkydyr+. 30  Ilkinji hasylyň saýlama miweleriniň we getirilýän sadakalaryň ählisi ruhanylaryňkydyr+. Hasylyňyzyň ilkinji ununy ruhanylara beriň+. Şonda öýüňiziň berekedi hiç haçan egsilmez+. 31  Parçalanan ýa⁠-⁠da haram ölen guşuň we malyň etini ruhanylar iýmeli däldirler“+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: beýik binasyna.
Ýa⁠-⁠da: däp⁠-⁠dessurlaryňyzdan.
Sözme⁠-⁠söz: ýüregi sünnetsiz.
Ýa⁠-⁠da: däp⁠-⁠dessurlary.
Sözme⁠-⁠söz: ýüregi sünnetsiz.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözme⁠-⁠söz: büdredýän daş goýup. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: içki geýim.
Sözme⁠-⁠söz: haram bolup.