Hyzkyl 39:1—29

  • Äjit goşuny bilen ýok ediler (1—10)

  • Hamon⁠-⁠Äjit deresindäki mazar (11—20)

  • Ysraýyl dikeldiler (21—29)

    • Hudaý ysraýyla ruhuny inderer (29)

39  Ynsan ogly, Äjide+ garşy pygamberlik et. Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Meşeh bilen Tubalyň+ baştutany Äjit, men saňa garşy söweşerin.  Seni yzyňa öwrerin. Uzak demirgazykdan çykaryp+, Ysraýyl daglaryna getirerin.  Çep eliňdäki ýaýyňy, sag eliňdäki okuňy urup gaçyraryn.  Sen Ysraýyl daglarynda heläk bolarsyň+. Sen⁠-⁠de, ähli goşunlaryň⁠-⁠da, halklaryň⁠-⁠da heläk bolar. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara şam ederin“+.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar: „Sen açyk meýdanda ölersiň+, sebäbi muny men aýdýaryn.  Men Mäjidiň we adalaryň asuda ýaşaýan halkynyň üstüne ot ibererin+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler.  Ysraýyl halkyma mukaddes adymy tanadaryn; mundan beýläk mukaddes adyma dil ýetirtmerin. Şonda halklar Ysraýylda Mukaddes Hudaýyň+ mendigimi, Ýehowadygymy bilerler+.  Pygamberlik amala aşar, ol gün hökman geler! Men şol gün hakda öňünden aýdypdym — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.  — Ysraýyl şäherleriniň ilaty daşary çykyp, ýaraglary ýakarlar. Ululy⁠-⁠kiçili galkanlary, ýaýlary, peýkamlary, serdesseleri*, naýzalary üýşürip ýakarlar+. Ýaraglary ýedi ýyllap ýakarlar. 10  Olar çölden ojar ýygmazlar, tokaýdan odun daşamazlar, sebäbi ýaraglar odun bolar. Olar özlerini talanlary talarlar, olja alanlardan olja alarlar. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 11  Şol gün men Äjit+ üçin Ysraýylda, deňziň gündogar tarapyndaky derede mazar gazaryn. Ol ýerden köp ýolagçylar geçerdi, indi bolsa hiç kim geçmez, sebäbi şol derede Äjit goşuny bilen jaýlanar. Adyna Hamon⁠-⁠Äjit deresi*+ diýerler. 12  Ysraýyl halky ýurdy arassalamak üçin ýedi aýlap jesetleri gömer+. 13  Ýurduň bütin ilaty olary jaýlap, şöhrat gazanarlar. Menem şol gün şöhratlanaryn+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 14  Bütin ýurdy arassalamak üçin, ýurduň içine aýlanyp, galan⁠-⁠gaçan jesetleri gömjek adamlary bellärin. Olar ýedi aýlap ýurda aýlanarlar. 15  Ýurduň içini aýlanýanlar adam süňküni görüp, ýanyna bellik goýarlar. Soňra gölegçiler* süňkleri Hamon⁠-⁠Äjit deresinde+ gömerler, 16  ýanynda Hamona* atly şäher hem bolar. Olar tutuş ýurdy arassalarlar“+. 17  Ynsan ogly, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Dürli guşlara we ýabany haýwanlara jar et: „Geliň, üýşüň! Siziň üçin beriljek gurbanlygyma geliň. Ysraýyl daglarynda beriljek uly gurbanlyga+ geliň. Siz et iýip, gan içersiňiz+. 18  Siz ýer ýüzüniň batyr esgerleriniň etini iýersiňiz, baştutanlarynyň ganyny içersiňiz. Olaryň ählisi Başanyň baga bakylan mallary: goçlary, guzulary, geçileri we öküzleridir. 19  Siz üçin soýlan gurbanlyk malynyň ýagyndan gerk⁠-⁠gäbe bolýançaňyz iýiň, ganyndan serhoş bolýançaňyz içiň. 20  Siz meniň saçagymdan atlaryň, arabakeşleriň, batyr ýigitleriň we esgerleriň etini iýip doýarsyňyz+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 21  Ähli halklaryň arasynda özümi şöhratlandyraryn. Ähli milletlere çykaran hökümimi we güýçli golumy görkezerin+. 22  Şol günden başlap ysraýyl halky meniň Ýehowadygymy, olaryň Hudaýydygymy biler. 23  Ysraýyl halkynyň eden günäsi we dönükligi üçin+ sürgün edilendigini ähli milletler bilerler. Şonuň üçin ysraýyl halkyndan ýüz öwrüp+, olary duşman eline tabşyrdym+, ählisini gylyç bilen gyrdym. 24  Olara haram işlerine we günälerine görä jeza berip, olardan ýüz öwürdim“. 25  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ýakubyň ýesir düşen adamlaryny gaýtaryp getirerin+, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin+. Mukaddes adymy gabanjaňlyk bilen goraryn*+. 26  Olar maňa dönüklik edip, masgara boldular+. Indi olar öz ýurdunda asuda ýaşarlar, hiç kim olary gorkuzmaz+. 27  Olary halklaryň arasyndan ýygnaryn, duşmanlaryň ýurdundan yzyna getirerin+. Ysraýyllara rehim edip, köp milletleriň öňünde mukaddes Hudaýdygymy äşgär ederin+. 28  Olary halklaryň arasyna sürgün edipdim. Indi olaryň hiç birini galdyrman watanyna getirerin+. Şonda meniň Ýehowadygymy, olaryň Hudaýydygymy bilerler. 29  Ysraýyl halkynyň üstüne ruhumy indererin+, indi olardan ýüz öwürmerin“+. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar

Sowuk ýarag hökmünde ulanylýan ujy ýogyn taýak.
Ýa⁠-⁠da: Äjidiň goşunynyň deresi.
Ýa⁠-⁠da: ölini jaýlaýanlar.
Manysy: Köpçülik.
Ýa⁠-⁠da: adyma ýürekden wepaly bolaryn.