Hyzkyl 36:1—38

  • Ysraýyl daglary hakda pygamberlik (1—15)

  • Ysraýyl dikeldiler (16—38)

    • Men adymy aklaryn (23)

    • «Erem bagy ýaly bolupdyr!» (35)

36  Ynsan ogly, Ysraýyl daglary hakda pygamberlik edip, şeýle diý: «Ysraýyl daglary, Ýehowanyň sözüni diňläň!  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Siz barada duşmanyňyz: „Bagtymyz çüwdi! Gadymy depeler mülkümiz boldy!“+ diýipdi“.  Şonuň üçin pygamberlik edip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Olar çar tarapdan üstüňize çozup, sizi dargatdy. Siz aman galan milletleriň oljasy bolduňyz. Il⁠-⁠gün gepiňizi edip, töhmet atdy+.  Ysraýyl daglary, Älemiň Hökümdary Ýehowanyň sözüni diňläň! Älemiň Hökümdary Ýehowa dag⁠-⁠depelere, çeşme⁠-⁠çaýlara, jülgelere, harabalyklara+ we boşap galan şäherlere ýüzlenýär. Şol şäherleri aman galan milletler talap, masgara edipdi+.  Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men gahar⁠-⁠gazap* bilen+ aman galan milletleri we Edomy höküm ederin. Olar meni äsgermediler, ýurdumy mülk edip alan ýaly heşelle kakdylar+. Öri meýdanlarymy talap, ele geçirmek islediler“+.  Ysraýyl ýurdy hakda pygamberlik edip, dag⁠-⁠depelere, çeşme⁠-⁠çaýlara hem⁠-⁠de jülgelere Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men sizi kemsiden milletlere+ gahar⁠-⁠gazap bilen käýärin.  Elimi galdyryp ant içýärin, goňşy halklar kemsidiler — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar+.  — Eý Ysraýyl daglary, agaçlaryňyz gülläp öser, halkyma köp miwe berer+. Sebäbi ysraýyl halkym tizden dogduk mekanyna dolanar.  Men siziň ýanyňyzda bolaryn. Size nazar salaryn, ýerleriňiz sürler, ekin ekiler. 10  Men ilatyňyzy artdyraryn, bütin ysraýyl halkyny köpelderin. Haraba bolup ýatan galalar dikeldilip+, ilatly bolar+. 11  Men siziň halkyňyzy we mal⁠-⁠garaňyzy köpelderin+; olar köpelip, sansyz⁠-⁠sajaksyz bolar. Ýurduňyz edil öňki ýaly ilatly bolar+, has⁠-⁠da gülläp öser+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 12  Eý Ysraýyl daglary, ysraýyl halkym sizde ýaşar, size eýe çykar+, siz olaryň mirasy bolarsyňyz. Indi olary çagalaryndan mahrum etmersiňiz“+. 13  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Olar size: „Halkyny gyryp, çagalaryny elinden alýan ýurt“ diýýärler. 14  Indi siz halkyňyzy gyrmarsyňyz, çagalaryny elinden almarsyňyz — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 15  — Mundan beýläk halklar sizi kemsitmez, üstüňizden gülmez+. Siz indi halkymy heläk etmersiňiz“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar». 16  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi: 17  «Ynsan ogly, ysraýyl halky öz topragynda ýaşaýarka, ýörän ýollary, eden işleri bilen ýurdy haram etdi+. Aýbaşy gelen günleri aýalyň haram bolşy ýaly, olar hem meniň nazarymda haram boldular+. 18  Olar ýurdy gara gana boýap, nejis butlary* bilen haram etdiler. Şonuň üçin men olaryň üstüne gahar⁠-⁠gazabymy dökdüm+. 19  Olary halklaryň arasyna dargatdym, ýurtlaryň arasyna pytratdym+, ýörän ýollaryna we eden işlerine görä höküm etdim. 20  Milletler olary görüp: „Serediň, Ýehowanyň halky gelýär! Olar watanyndan kowuldy“ diýip, meniň mukaddes adyma dil ýetirdiler+. 21  Ysraýyllar baran ýurdunda adyma ysnat getirýärdi, emma men mukaddes adymy goraryn“+. 22  Şonuň üçin ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ysraýyl halky (siz baran ýurduňyzda adyma ysnat getirdiňiz), men siziň hatyraňyza däl⁠-⁠de, öz mukaddes adymyň hatyrasyna sizi halas ederin+. 23  Siz halklaryň arasynda beýik adyma ysnat getirdiňiz, ýöne men masgara edilen adymy hökman aklaryn+. Şonda halklar meniň Ýehowadygymy bilerler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Men siz arkaly halklaryň gözüniň alnynda mukaddes Hudaýdygymy görkezerin. 24  Sizi halklaryň arasyndan we ähli ýurtlardan ýygnap, dogduk mekanyňyza getirerin+. 25  Üstüňize tämizlik suwundan seperin, şonda siz arassa bolarsyňyz+. Sizi ähli haram işleriňizden, ähli nejis butlaryňyzdan+ arassalaryn+. 26  Size päk ýürek bererin+, aň⁠-⁠düşünjäňizi täzelärin+. Gursagyňyzdan daş ýaly ýüregi çykaryp+, ýumşak* ýürek bererin. 27  Men siziň üstüňize ruhumy indererin. Şonda kada⁠-⁠kanunlaryma tabyn bolarsyňyz+, permanlaryma gulak asarsyňyz, olary berjaý edersiňiz. 28  Şonda ata⁠-⁠babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz. Siz meniň halkym bolarsyňyz, menem siziň Hudaýyňyz bolaryn“+. 29  Sizi ähli haram işleriňizden tämizlärin. Topraga bol galla hasylyny berdirerin, gaýdyp açlyk çekmersiňiz+. 30  Siz indi açlyk çekip, milletleriň arasynda masgara bolmaz ýaly, agaçlara köp miwe berdirerin, ekiniň hasylyny bol ederin+. 31  Şonda siz erbet ýoluňyzy we pis işleriňizi ýatlarsyňyz. Günäleriňiz we nejis däp⁠-⁠dessurlaryňyz* sebäpli özüňizi ýigrenersiňiz+. 32  Emma bilip goýuň, muny siziň hatyraňyz üçin etmeýärin+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Eý ysraýyl halky, ýörän ýollaryňyza utanyň, ýüzüňiz gyzarsyn. 33  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sizi günäleriňizden tämizlän günüm haraba bolup ýatan galalaryňyzy täzeden dikeldip+, ilatly ederin+. 34  Ötegçileriň öňünde takrap ýatan ýerleri ekin⁠-⁠dikinli ederin. 35  Şonda adamlar: „Haraba ýurt Erem bagy+ ýaly bolupdyr! Weýran edilen, takrap ýatan, ýer bilen ýegsan bolan galalar dikeldilip, ilatly ýurda öwrülipdir!“+ diýerler. 36  Aman galan goňşy halklar ýykylany dikeldýäniň, harabalygy gülzarlyga öwürýäniň mendigimi, Ýehowadygymy bilerler. Muny men, Ýehowa aýdýar. Aýdanym ýerine ýeter“+. 37  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Şonda men ysraýyl halkymyň: „Bizi süri kimin köpeldäý!“ diýen dilegini kabul ederin. 38  Baýramçylyklarda+ mukaddes halkyň, topar⁠-⁠topar adamlaryň* Iýerusalimi dolduryşy ýaly, weýran bolan galalar hem adamlardan dolar+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: gabanjaňlyk.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözme⁠-⁠söz: etden. Ýagny Ýehowanyň maslahatyny kabul edýän ýürek.
Ýa⁠-⁠da: işleriňiz.
Başga manysy: gurbanlyk berilýän goýun sürüsiniň.