Hyzkyl 31:1—18

  • Beýik kedr agajy Müsür ýykylýar (1—18)

31  Ýehowa 11⁠-⁠nji ýylda, üçünji aýyň birine meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi:  «Ynsan ogly, Müsür faraonyna we onuň goşunyna şeýle diý+:„Seniň ýaly beýik kim bar?   Sen assiriýala, Liwanyň kedr agajyna meňzeýärdiň.Seniň owadan gür ýaprakly şahalaryň kölege berýärdi;Seniň boýuň şeýle beýikdi welin, hatda bulutlara ýetýärdi.   Sen suwlaryň ýakasynda ösdüň,Çeşmeleriň boýunda beýik agaç bolduň. Çar tarapyňdan çeşmeler akýardy.Ýaplar ähli agaçlary suwarýardy.   Şeýdip, sen ähli agaçlardan beýik bolduň. Şahalaryň köpeldi, pudaklaryň ösdi,Sebäbi sen bol suwlaryň boýunda otyrdyň.   Ähli guşlar seniň şahalaryňda höwürtge ýasardylar;Ähli ýyrtyjy haýwanlar aşagyňda guzlardylar;Ähli halklar seniň kölegäňde ýaşardylar.   Seniň şahalaryň ösdi, beýik we owadan agaç bolduň.Sebäbi kökleriň bol suwdan ganardy.   Hudaýyň bagyndaky+ kedr agaçlary,Arça agaçlarynyň şahalary,Çynar agaçlary saňa taý gelmeýärdi. Allanyň bagyndaky hiç bir agaçGözellikde seniň bilen bäsleşip bilmeýärdi.   Men seni gür ýaprakly owadan agaç etdim.Hak Hudaýyň Erem bagyndaky ähli agaçlarSaňa göriplik ederdi“. 10  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen beýik agaç bolup, boýuň bulutlara ýetdi. Sen beýikligiňe buýsanyp, tekepbir bolduň. 11  Men seni milletleriň güýçli hökümdarynyň eline tabşyraryn+; ol saňa garşy söweşer. Men erbet işleriň üçin senden ýüz öwrerin. 12  Ýat halklar, iň zalym milletler seni çaparlar, daglara taşlarlar, seniň ýapraklaryň jülgelerde, döwlen şahalaryň çeşmeleriň boýunda pytrap ýatar+. Ýer ýüzüniň ähli halklary saýaňy taşlap giderler. 13  Asmanyň ähli guşlary töňňäňde höwürtge ýasarlar, ýabany haýwanlar şahalaryňda mesgen tutarlar+. 14  Suwuň boýunda ösýän hiç bir agaç seniň ýaly beýik bolmaz, başy bulutlara ýetmez. Bol suwlardan ganýan hiç bir agaç şeýle beýik bolmaz. Olaryň ählisi heläk bolar, çukura* inen ynsan ogullary bilen birlikde gara ýere siňip giderler“. 15  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Seniň mazara* inen günüň halklara ýas tutduraryn. Men suwlar akmaz ýaly derýalara böwet goýaryn, çeşmeleri beklärin. Sen sebäpli Liwany tümlüge gaplaryn, ähli agaçlaryny guradaryn. 16  Sen ýykylanyňda goh⁠-⁠galmagal turar, halklar gorkup sandyrar. Seni çukura injekler bilen bir mazara indererin. Eremiň ähli agaçlary+, Liwanyň iň owadan agaçlary, bol suwlaryň boýunda ösýän agaçlar ýeriň astynda ynjalyk tapar. 17  Olar seniň bilen gylyçdan geçirilenleriň ýanyna, mazara iner+. Halklaryň arasyndaky ýaranlaryň hem mazara iner“+. 18  Erem bagynda seniň ýaly şöhratly we beýik agaç bardymy?+ Emma sen Erem bagynyň agaçlary bilen gara ýeriň astyna inersiň. Sen gylyçdan geçirilen sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň goşunynyň başyna şeýle betbagtçylyklar iner — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: mazara.
Sözlüge serediň.