Hyzkyl 3:1—27

  • Hyzkyl Hudaýyň golýazmasyny iýýär (1—15)

  • Hyzkyl garawul edip bellenýär (16—27)

    • Tabşyryga sowuk⁠-⁠sala seretseň, başgalaryň ganyna galarsyň (18—21)

3  Ol maňa: «Ynsan ogly, öňüňde duran golýazmany iý. Soňra git⁠-⁠de, ysraýyl halkyna sözümi aýt»+ diýdi.  Şonda men agzymy açdym, ol maňa golýazmany uzadyp:  «Ynsan ogly, golýazmany iý⁠-⁠de, garnyňy doýur» diýdi. Men iýip başladym, ol bal ýaly süýjüdi+.  Ol şeýle diýdi: «Ynsan ogly, Ysraýyl öýüne bar⁠-⁠da, meniň habarymy ýetir.  Seni düşnüksiz we nätanyş dilde gepleýän halkyň ýanyna däl⁠-⁠de, ysraýyl halkynyň ýanyna iberýärin.  Seni düşnüksiz, nätanyş sözleri aýdýan we düşünmeýän diliňde gepleýän halklaryň ýanyna ibermeýärin. Eger olaryň ýanyna iberen bolsam, seni diňlärdiler+.  Emma ysraýyl halky seni diňlemez, sebäbi olar meni diňlemek islemeýär+. Ysraýyl öýüniň ählisi boýnuýogyn we doňýürekdir+.  Şonuň üçin ýüzüňi edil olaryňky ýaly galňadaryn, maňlaýyňy olaryňky ýaly gaty ederin*+.  Maňlaýyň almaz daşy ýaly bolar, çakmakdaşyndan hem gaty bolar+. Olardan gorkma, ýüz⁠-⁠gözünden heder etme+. Sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr». 10  Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, aýdýan sözlerimiň ählisini diňle, olary ýüregiň töründe sakla. 11  Sürgün edilen halkyň+ ýanyna bar⁠-⁠da, habarymy aýt. Seni diňlesin, diňlemesin+, olara: „Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“ diý». 12  Ruh meni alyp barýarka+, arkamdan: «Goý, Ýehowanyň şöhraty mekanynda wasp edilsin!» diýen gürrüldili ses eşidildi. 13  Ol ýerden jandarlaryň bir⁠-⁠birine degýän ganatlarynyň sesi+, olaryň ýanyndaky tigirleriň sesi+ we güýçli gürrüldi eşidilýärdi. 14  Ruh meni ýokary galdyryp, alyp gitdi. Ýehowanyň ruhy maňa güýçli täsir etdi. Gaýgy⁠-⁠gamdan we gahar⁠-⁠gazapdan ýaňa kalbymda harasat gopdy. 15  Şeýlelikde, men Telabypdaky sürgün edilen halkyň ýanyna gitdim. Olar Kebar derýasynyň ýakasynda+ ýaşaýardy. Men olaryň ýanynda galdym we ýedi günläp özüme gelip bilmän*+ gezdim. 16  Ýedi günden Ýehowa maňa şeýle diýdi: 17  «Ynsan ogly, seni Ysraýyl öýüne garawul edip belleýärin+. Agzymdan çykan her bir sözi diňläp, meniň adymdan halka duýdurmalysyň+. 18  Men erbetlik edýäne: „Sen ölersiň“ diýsem, senem gidip oňa aýtmasaň, erbet ýolundan dönüp, diri galar ýaly+ duýdurmasaň, ol erbet adam eden günäsi üçin öler+. Sen bolsa onuň ganyna galarsyň*+. 19  Eger erbet adama duýdursaň⁠-⁠da, ýamanlyk etmegini goýmasa, egri ýoldan ýörese, ol eden günäsi üçin öler. Sen bolsa öz janyňy halas edersiň+. 20  Eger hudaýhon adam halal ýaşamagyny bes edip, haram işe baş goşsa*, onuň başyna heläkçilik indererin*, ol hem öler+. Sen oňa duýdurmasaň, ol günäsi üçin öler, ýagşy işleri unudylar. Sen bolsa onuň ganyna galarsyň*+. 21  Eger sen hudaýhon adama günä etmez ýaly duýdursaň, ol hem günä etmegini goýsa, duýduryşyňa gulak asyp, janyny halas eder+. Senem öz başyňy gutararsyň». 22  Maňa ol ýerde Ýehowanyň ruhy inip: «Tur⁠-⁠da, jülgä git. Men ol ýerde seniň bilen gepleşjek» diýdi. 23  Men turdum⁠-⁠da, jülgä gitdim. Jülgäni Ýehowanyň şöhraty gurşap alypdy+. Men şeýle şöhraty Kebar derýasynyň boýunda hem görüpdim+. Men ýere ýüzin ýykyldym. 24  Hudaýyň ruhy üstüme inip, meni aýaga galdyrdy+. Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Öýüňe baryp, gapyny ýapyp otur. 25  Ynsan ogly, sen halkyň arasyna çykmazyň ýaly, olar seni ýüp bilen daňarlar. 26  Diliňi damagyňa ýapyşdyraryn, lal bolarsyň, olara käýäp bilmersiň. Sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr. 27  Diňe meniň bilen gepleşeniňde diliňi açaryn+. Sen olara: „Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin+, diňlemedik diňlemesin. Olar gozgalaňçy halkdyr+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: olaryň kesir bolşy ýaly, senem tutanýerli ederin.
Ýa⁠-⁠da: aňk⁠-⁠taňk bolup; äm⁠-⁠säm bolup.
Ýa⁠-⁠da: Onuň ölümi üçin senden hasap soraryn.
Ýa⁠-⁠da: adalatsyzlyk etse.
Sözme⁠-⁠söz: onuň öňünde büdredýän daş goýaryn. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Onuň ölümi üçin senden hasap soraryn.