Hyzkyl 27:1—36

  • Tiriň gark bolan gämileri hakda agy (1—36)

27  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi:  «Ynsan ogly, Tir üçin agy* aýdyp+,  şeýle diý:„Deňiz derwezelerinde mekan tutan,Adalaryň halklary bilen söwda⁠-⁠satyk eden Tir,Älemiň Hökümdary Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Eý Tir, sen özüňe: „Men gözelleriň gözelidirin“ diýýärsiň+.   Sen deňziň jümmüşinde.Ussalar görküňe görk goşdy.   Sen gämi ýalydyň,Tagtalaryňy Seniriň+ arçalaryndan ýondular,Pürsüňi Liwanyň kedr agajyndan ýasadylar.   Kürekleriň Başanyň dub agajyndan ýonuldy,Seniň burnuň Kittim+ adalarynyň serwi agajyndan ýasalyp,Pil süňki bilen bezeldi.   Ýelkenleriň Müsüriň al⁠-⁠elwan reňkli zygyr* matasyndandy,Seniň bassyrmaň Alyşah+ adalarynyň gök ýüplüginden,Badam reňkli ýüňünden dokaldy.   Sidonyň we Arwatyň+ ilaty seniň kürekçileriňdi. Eý Tir, seniň ökde deňizçileriň bardy+.   Gebalyň+ tejribeli*, ökde ussalary döwükleriňi bejererdi+. Deňziň ähli gämileri we deňizçileri gelip söwda ederdi. 10  Pars, Ludym we Put+ ilaty seniň goşunyňdy, esgerleriňdi. Olar galkanlary bilen tuwulgalaryny senden asardylar,Saňa şan⁠-⁠şöhrat getirerdiler. 11  Arwatyň batyr esgerleriDiwarlaryň her burçunda garawulçylyk ederdiler, Edermen ýigitleri diňleriňde durardylar.Olar galkanlaryny diwarlaryňdan asyp,Görküňe görk goşardylar. 12  Ummasyz baýlygyňy+ görüp, Tarşyş+ seniň bilen söwda⁠-⁠satyk ederdi. Olar kümüş, demir, galaýy we gurşun berip, seniň harytlaryňy alardy+. 13  Ýawan, Tubal+ we Meşeh+ seniň bilen söwda edip, harytlaryň deregine gullary+, misden ýasalan zatlary bererdi. 14  Togarmah+ ilaty söweş atlaryny, bedewlerini we gatyrlaryny berip, senden haryt alardy. 15  Dedan+ halky hem seniň bilen söwda⁠-⁠satyk ederdi. Ençeme adalaryň halky seniň täjirleriňdi. Olar saňa pil süňküni+ we gymmatbaha gara agaçlary salgyt tölärdi. 16  Köp sanly harytlaryňy görüp, Edom seniň bilen söwda⁠-⁠satyk ederdi. Olar seniň harytlaryňa derek pöwrize daşyny, badam reňkli ýüňi, keşdeli al⁠-⁠elwan ýüpek matalary, merjen hem lagyl daşlaryny bererdi. 17  Ýahuda we Ysraýyl ýurdy seniň bilen söwda⁠-⁠satyk ederdi. Olar seniň harytlaryňa+ derek Minnit+ bugdaýyny we näz⁠-⁠nygmatlar, bal+, zeýtun ýagyny hem melhem ýagyny+ bererdi. 18  Köp sanly harytlaryňy we ummasyz baýlygyňy görüp, Damask+ seniň bilen söwda⁠-⁠satyk ederdi; seniň harydyňa derek Helbon şerabyny we Zahar ýüňüni bererdi. 19  Uzalyň Wedan we Ýawan welaýatlary seniň harytlaryňa derek demir, dalçyn, hoşboý ysly gamyş bererdi. 20  Dedan+ eýerlik atkeçelerini berip, senden haryt alardy. 21  Araplar we bütin Kedar+ baştutanlary seniň täjirleriňdi; olar saňa guzy, goç we geçi getirerdi+. 22  Şeba we Raýman+ täjirleri seniň bilen söwda⁠-⁠satyk ederdi. Olar harytlaryňa derek her dürli saýlama atyrlary, gymmatbaha daşlary we altynlary bererdi+. 23  Haran+, Kanneh, Erem+, Şeba+, Ashur+ we Kilmat täjirleri seniň bilen söwda⁠-⁠satyk ederdi. 24  Olar seniň bazarlaryňda owadan lybaslary, mawy reňkli donlary, keşdeli al⁠-⁠elwan matalary we dürli reňkli halylary satardylar. Olaryň ählisini berk daňyp goýardylar. 25  Hatar⁠-⁠hatar Tarşyş gämileri+ harytlaryňy daşardy.Deňziň ortasynda baýlygyň* dolup daşýardy. 26  Kürekçileriň seni deňiz jümmüşine alyp barar,Gündogar şemaly seni deňiz ortasynda kül⁠-⁠peýekun eder. 27  Seniň ýykylan günüň,Bar baýlygyň, harytlaryň, mallaryň,Gämiçileriň we deňizçileriň,Döwükleriňi bejerýän ussalaryň,Söwdagärleriň+ we ähli esgerleriň+,Sende ýaşaýan halk deňziň jümmüşinde gark bolar+. 28  Deňizçileriň ahy⁠-⁠nalasyndan kenardaky obalar titrär. 29  Ähli kürekçiler, deňizçiler we gämiçiler,Gämilerinden düşüp, kenarda durarlar. 30  Olar seniň üçin dady⁠-⁠perýat ederler+,Başyndan gum sowrup, kül üstünde oturarlar. 31  Saçlaryny syryp, jul* geýerler,Ajy hasratdan ýaňa zar⁠-⁠zar aglarlar. 32  Seniň üçin ýas tutup, agy* aýdarlar: „Deňiz ortasynda Tir ýaly ümsüm ýatan barmy?+ 33  Gämili gelen harytlaryň bilen köpleri begendirerdiň+. Baýlygyň we harytlaryň bilenPatyşalarynyň döwletini artdyrardyň+. 34  Indi sen deňizde, suwuň düýbünde dargap ýatarsyň+.Bar baýlygyň we ähli halkyň seniň bilen gark bolar+. 35  Ähli adalaryň ilaty saňa geň galyp serederler+,Patyşalar gorkudan ýaňa sandyraşyp+,Ýüzleri ak tam bolar. 36  Dünýäniň täjirleri seniň halyňy görüp, sykylyk çalarlar*. Seniň soňuň duýdansyz geler we gorkunç bolar.Sen ebedilik ýok bolarsyň“»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: agy aýdymyny.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: ýaşuly.
Başga manysy: at⁠-⁠abraýyň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: agy aýdymyny.
Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.