Hyzkyl 26:1—21

  • Tire garşy pygamberlik (1—21)

    • Tor guradylýan ýer (5, 14)

    • Daş we toprak deňze zyňlar (12)

26  Ýehowa 11⁠-⁠nji ýylda*, aýyň birine meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi:  «Ynsan ogly, Tir şäheri Iýerusalime+: „Saňa geregem şol! Halklaryň derwezesi döwüldi!+ Indi hemmeler meniň ýolumdan geçer. Indi menem baýaryn, sebäbi sen weýran bolduň“ diýdi.  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eý Tir, seniň bilen söweşerin! Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, köp halklary saňa garşy aýaga galdyraryn.  Eý Tir, olar diwaryňy we diňleriňi ýer bilen ýegsan ederler+. Men bolsa topragyňy syryp⁠-⁠süpürip, seni ýalaňaç gaýa öwrerin.  Sen deňziň ortasynda balykçylaryň torlaryny guradýan ýeri bolarsyň+. Sebäbi muny men aýdýaryn — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar — halklar seni talarlar.  Seniň obalaryňda ýaşaýan ähli adamlar gylyçdan geçiriler. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Meniň emrim bilen Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* demirgazykdan Tire hüjüm eder+. Ol şalaryň şasydyr+, ol atlary+, söweş arabalary+, at münýän gerçekleri we uly goşuny bilen üstüňe çozar.  Patyşa seniň obalaryňy gylyçdan geçirer. Daş⁠-⁠töweregiňe gabaw diwarlaryny gurar we gabaw depelerini galdyrar; seniň garşyňda uly galkanlary goýar.  Diwarlary ýykýan enjam bilen galalaryňy kül⁠-⁠peýekun eder. Diňleriňi palta* bilen ýumrar. 10  Birgiden atlary seni tozana garar, atly ýigitleriň we söweş arabalaryň güpürdisinden ýaňa diwarlaryň sarsar. Ol edil diwarsyz şäheri basyp alan serdar deý derwezäňden girer. 11  Atlary bilen köçeleriňi basgylar+, halkyňy gylyçdan geçirer, berk sütünleriňi ýer bilen ýegsan eder. 12  Duşmanlar mal⁠-⁠mülküňi talap, harytlaryňy olja alarlar+. Diwarlaryňy, kaşaň jaýlaryňy weýran eder. Olar daşlaryňy, tagtalaryňy we topragyňy deňze zyňarlar“. 13  Sende eşidilýän aýdym sesini, arfanyň owazyny keserin+. 14  Seni ýalaňaç gaýa öwrerin, sen balykçylaryň torlaryny guradýan ýeri bolarsyň+. Indi sen hiç haçan dikeldilmersiň. Sebäbi muny men, Ýehowa aýdýaryn — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 15  Älemiň Hökümdary Ýehowa Tire şeýle diýýär: „Ölüm penjesine düşen ilatyň nala çeker, içiňden jellat geçer, ýykylanyň hakda habar ýaýrar. Şonda goňşy adalar gorkmazmy?+ 16  Ähli deňiz hanlary tagtyndan düşüp, donlaryny çykarar, keşdeli lybasynyň ýakasyny ýyrtar we gorkudan ýaňa sandyrar. Olar dyza çöküp, gorkudan ýaňa titrär we aňk⁠-⁠taňk bolup saňa sereder+. 17  Olar sen hakda agy* aýdar+: „Şan⁠-⁠şöhratly şäher, deňizden gelenlere gujak açan şäher!Sen nädip weýran bolduň?+Senem, halkyňam deňiz pälwanydy+,Ýer ýüzüniň bütin halky haýbatyňdan gorkýardy. 18  Seniň weýran bolan günüň adalar sarsar,Ýok bolanyňda, deňiz adalary titrär“+. 19  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni weýran edip, ilatsyz şäher ederin. Seni güýçli tolkunlar bilen basyp, deňziň içine çökererin+. 20  Men seni we ýanyňdakylary çukura inderip, gadymy günlerde ölüp gidenleriň ýanyna ibererin. Sende hiç kim ýaşamaz; sen haraba öwrülen gadymy şäherler ýaly bolarsyň; gabra injekler ýaly seni çukura indererin+. Şonda men ýagty jahany* şan⁠-⁠şöhrata beslärin. 21  Sen duýdansyz gorka düşüp, ýom⁠-⁠ýok bolarsyň+. Seni agtararlar, ýöne tapmazlar“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar

Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki 11⁠-⁠nji ýyly göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.
Ýa⁠-⁠da: gylyç.
Ýa⁠-⁠da: agy aýdymyny.
Ýa⁠-⁠da: dirileriň ýurduny.