Hyzkyl 22:1—31

  • Iýerusalim — ganhor şäher (1—16)

  • Ysraýyl zir⁠-⁠zibile döndi (17—22)

  • Ysraýylyň han⁠-⁠begleri we halky höküm edilýär (23—31)

22  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi:  «Ynsan ogly, ganhor şähere+ hökümi yglan edersiňmi? Ýigrenji işlerini+ ýüzüne basarsyňmy?  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eý ganhor şäher!+ Seniň soňky sagadyň geldi+. Nejis butlaryň* bilen özüňi haramladyň!+  Köp gan döküp günä gazandyň+, nejis butlaryň seni haram etdi+. Şeýdip, hasabat bermeli günüňi ýakynlaşdyrdyň. Seniň soňuň geldi. Milletleriň öňünde ýüzügara bolarsyň, halklar üstüňden güler+.  Eý biabraý*, dawa⁠-⁠jenjelden doly şäher! Ýakyndaky we uzakdaky halklara gülki bolarsyň+.  Sebäbi ähli Ysraýyl baştutanlary ygtyýaryndan peýdalanyp gan dökýär+.  Olar ene⁠-⁠atasyny sylamaýar+, gelmişegi aldaýar, ýetimlere we dul aýallara sütem edýär“»+.  «Mukaddes ýerlerimi harladyňyz we Sabat güni baradaky kanunymy berjaý etmediňiz+.  Sende ganhor töhmetçiler ýaşaýar+. Olar daglarda butlara berilýän gurbanlyklary iýýärler we köçelerde haýasyz işleri edýärler+. 10  Olar kakasynyň aýaly bilen ýatýarlar*+. Aýbaşysy gelýän aýala ýanaşýarlar*+. 11  Biri goňşusynyň aýaly bilen azgynçylyk edýär+, beýlekisi oglunyň gelni bilen zyna edýär+, başgasy bolsa öz uýasynyň, kakasynyň gyzynyň namysyna degýär+. 12  Bigünä gan dökmek üçin para alýarlar+. Peýdasyny gözläp, göterimine karz berýärler+. Goňşusynyň puluny elinden gaňryp alýarlar+. Olar meni bütinleý unutdylar. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 13  Haram gazanç edişiňizi we bigünä gany döküşiňizi görüp, ýüregim bulanýar. 14  Size çäre gören günüm hem şeýle batyr* we güýçli bolup bilersiňizmi?+ Men, Ýehowa aýdyşym ýaly edip, size çäre görerin. 15  Sizi halklaryň arasyna dargadaryn, ýurtlaryň arasyna pytradaryn+. Haram işleriňiziň soňuna çykaryn+. 16  Halklaryň öňünde abraýdan düşersiňiz. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz»+. 17  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi: 18  «Ynsan ogly, ysraýyl halky meniň gözümde zir⁠-⁠zibile döndi. Ählisi ojaga oklanan mis, galaýy, demir we gurşun ýalydyr. Olar kümşüň galyndysy kimin boldy+. 19  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Zir⁠-⁠zibile dönendigiňiz üçin+, ähliňizi Iýerusalimde ýygnaryn. 20  Kümşi, misi, demri, gurşuny we galaýyny eretmek üçin ojaga salyp, ody güýçlendirýärler. Menem gahar atyma atlanyp, sizi bir ýere ýygnaryn we eretmek üçin gazap odumy tutaşdyraryn+. 21  Sizi bir ýere jemläp, gazap odumy başyňyzdan indererin+ we şäheriň içinde erederin+. 22  Ojakda kümşüň ereýşi kimin, sizem şäheriň içinde erärsiňiz. Şonda başyňyzdan gazabyny indereniň mendigimi, Ýehowadygymy bilersiňiz“». 23  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi: 24  «Ynsan ogly, ol şähere şeýle diý: „Eý Iýerusalim, sen hiç haçan tämizlenmersiň, gazap gününde asla ýagmyr ýagmaz. 25  Pygamberleriň dildüwşük gurup+, awuny parçalaýan arlaýjy arslan kimin+ adamlary ýalmap ýuwudýar. Başgalaryň baýlygyna, gymmatly zatlaryna el urýar. Olaryň derdinden ýaňa ençeme aýallar dul galýar. 26  Ruhanylaryň kanunymy bozýarlar+, mukaddes ýerlerimi haram edýärler+. Mukaddes we ýönekeý zadyň arasynda hiç hili tapawut goýmaýarlar+. Halal bilen haramyň tapawudyny öwretmeýärler+. Sabat güni baradaky kanunymy berjaý etmeýärler. Meni asla äsgermeýärler. 27  Han⁠-⁠begleriň awuny parçalaýan möjekler ýaly boldy. Olar haram gazanç etmek üçin adamlary öldürip, bigünä gan dökýärler+. 28  Diwara hek çalyşlary ýaly, pygamberleriň hem erbet işleriniň üstüni örtýärler; ýalan görnüşleri* görüp, ýalan pygamberlik edýärler+. Men, Ýehowa hiç zat aýtmasam⁠-⁠da, olar: „Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“ diýýärler. 29  Ýurduň halky biri⁠-⁠birini aldap talaýarlar+. Ejizleri we garyplary ezýärler. Gelmişekleri aldaýarlar, hakyndan mahrum edýärler“. 30  Olaryň arasyndan şäher diwaryny dikeltjek ýa⁠-⁠da diwaryň ýykylan ýerinde öňüme geçip, ýurdy gorajak adamy gözledim+, emma tapmadym. 31  Şonuň üçin olaryň üstüne gaharymy dökerin. Gazap odum bilen ýok ederin. Eli bilen edenlerini egni bilen çekdirerin — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar

Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa⁠-⁠da: ady haram.
Sözme⁠-⁠söz: kakasynyň uýat ýerlerini açýarlar.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: ýürekli.
Sözlüge serediň.