Hyzkyl 20:1—49

  • Gozgalaňçy Ysraýylyň taryhy (1—32)

  • Ysraýyl dikeldiler (33—44)

  • Günorta ýurtlary höküm edilýär (45—49)

20  Ýedinji ýylda*, bäşinji aýyň onuna ysraýyl ýaşulularynyň käbiri Ýehowadan maslahat soramak üçin ýanyma gelip, öňümde oturdylar.  Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi:  «Ynsan ogly, ysraýyl ýaşulularyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Menden maslahat soramaga geldiňizmi? Men diri şaýatdyryn! Size jogap bermerin+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“.  Olara çykarylan hökümi yglan etmäge taýýarmyň? Ynsan ogly, hökümi yglan etmäge taýýarmyň? Olara ata⁠-⁠babalarynyň eden ýigrenji işlerini aýdyp ber+.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ysraýyly saýlan günüm+, Ýakubyň ogullaryna ant içdim*, Müsürde özümi tanatdym+. Hawa, ant içip: „Siziň Hudaýyňyz men, Ýehowadyryn“ diýdim.  Şol gün olary Müsürden azat edip, saýlap⁠-⁠seçen ýerime, süýt bilen bal akýan ýurda getirjekdigimi wada berdim+. Ol ýer ýüzüniň iň owadan ýurdudy*.  Olara: „Goý, her kes sežde edýän nejis butlaryny* ýok etsin. Müsüriň nejis butlary bilen özüni haram etmesin+. Siziň Hudaýyňyz men, Ýehowadyryn“+ diýdim.  Emma olar gozgalaň turzup, maňa gulak asmak islemediler. Olar nejis butlaryny ýok etmediler. Müsüriň nejis butlaryndan ýüz döndermediler+. Şonuň üçin Müsür ýurdunda olaryň üstüne gaharymy dökjekdigimi we gazabymy soňky damjasyna çenli pürkjekdigimi ant içdim.  Emma men adymyň hatyrasyna niýetimden el çekdim. Muny başga halklaryň arasynda adyma dil ýetirilmesin diýip etdim+. Halkyma özümi tanatmak üçin milletleriň gözüniň alnynda olary Müsürden çykardym+. 10  Olary Müsürden çykaryp, çöle getirdim+. 11  Soňra olara kada⁠-⁠kanunlarymy we permanlarymy öwretdim+. Olary berjaý eden adam uzak ömür sürerdi+. 12  Şeýle⁠-⁠de olar bilen aramda alamat bolar ýaly+ Sabat gününi berdim+. Muny olary mukaddes edýäniň men, Ýehowadygymy bilmekleri üçin etdim. 13  Emma ysraýyl halky çölde gozgalaň turuzdy+. Olar kada⁠-⁠kanunlarymy berjaý etmedi, permanlarymdan ýüz öwürdi. Aslynda, olary berjaý eden adam uzak ömür sürerdi. Olar Sabat güni baradaky kanunymy bozdular*. Şonuň üçin çölde gazabymy olaryň üstüne döküp, ýok etjekdigimi söz beripdim+. 14  Ýöne adymyň hatyrasy üçin niýetimden el çekdim, sebäbi beýleki halklaryň öňünde adyma dil ýetirilmegini islemedim+. 15  Çölde olara: „Wada eden ýurduma — süýt bilen bal akýan ýurda+, ýer ýüzüniň iň owadan ýurduna — girmersiňiz!“ diýip söz berdim+. 16  Sebäbi olar permanlarymdan ýüz öwürdiler, kada⁠-⁠kanunlarym boýunça ýaşamadylar, Sabat güni baradaky kanunymy bozdular, nejis butlaryna ýüregini berdiler+. 17  Ýöne olara nebsim agyrdy. Olary ýok etmedim, çölde gyryp taşlamadym. 18  Çölde+ olaryň ogullaryna şeýle diýdim: „Ata⁠-⁠babalaryňyzyň düzgünlerine eýermäň+, olaryň däp⁠-⁠dessurlaryny ýerine ýetirmäň we nejis butlary bilen özüňizi haram etmäň. 19  Siziň Hudaýyňyz men, Ýehowadyryn! Kada⁠-⁠kanunlarymy berjaý ediň, permanlaryma gulak asyň we olary ýerine ýetiriň+. 20  Sabat günümi mukaddes hasaplaň+. Ol siziň bilen baglaşan ähtimiň alamaty bolar we meniň Hudaýyňyz Ýehowadygymy ýatladar“+. 21  Emma ogullary gozgalaň turuzdylar+. Olar kada⁠-⁠kanunlarymy berjaý etmediler, permanlaryma gulak asmadylar, olary ýerine ýetirmediler. Aslynda, olary berjaý eden adam uzak ömür sürerdi. Olar Sabat güni baradaky kanunymy bozdular. Şonuň üçin çölde olaryň üstüne gaharymy dökjekdigimi we gazabymy soňky damjasyna çenli pürkjekdigimi ant içdim+. 22  Emma men adymyň hatyrasy üçin+ niýetimden el çekdim+, sebäbi başga halklaryň öňünde adyma ysnat gelmegini islemedim. 23  Çölde olary halklaryň arasyna dargatjakdygymy we milletleriň arasyna pytratjakdygymy ant içdim+. 24  Sebäbi olar permanymy ýerine ýetirmediler, kada⁠-⁠kanunlarymdan ýüz öwürdiler+, Sabat güni baradaky kanunymy bozdular, ata⁠-⁠babalarynyň nejis butlarynyň yzyna eýerdiler+. 25  Şeýle⁠-⁠de olara biderek düzgünlerine eýermäge, janlaryny halas edip bilmeýän permanlarymy ýerine ýetirmäge ýol berdim+. 26  Olara nowbaharlaryny otda ýakyp gurbanlyk bermäge, özlerini haram etmäge ýol berdim+. Şeýdip, halkyň başyna heläkçilik indi. Muny meniň Ýehowadygymy bilmekleri üçin etdim“. 27  Ynsan ogly, ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ata⁠-⁠babalaryňyz hem şeýle işleri edip, maňa dönüklik etdiler we adyma ysnat getirdiler. 28  Olary wada eden ýurduma getirdim+. Olar beýik depeleri we gür ýaprakly baglary+ görüp, gurbanlyklary getirdiler, meni kemsidýän sadakalary berdiler. Olar ýakymly ysly gurbanlyklary we şerap sadakalary getirdiler. 29  Halkymdan: „Siz şol depä näme üçin barýarsyňyz?“ diýip soradym. (Ol ýere häzirem „Depe“ diýilýär)“+. 30  Ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Sizem ata⁠-⁠babalaryňyz ýaly, nejis butlara eýerip, olara sežde edip*, özüňizi haram edýärsiňiz+. 31  Siz henizem ogullaryňyzy otda ýakyp, nejis butlaryňyza gurbanlyk getirip, özüňizi haram edýärsiňiz+. Eý ysraýyl halky, indi men size maslahat bererinmi?+ Men diri şaýatdyryn! — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Size asla jogap bermerin+. 32  Siz: „Geliň, başga halklar we milletler ýaly agaja, daşa sežde* edeliň!“ diýýärsiňiz+. Emma arzuwyňyz hiç haçan amala aşmaz“». 33  «Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Güýç⁠-⁠kuwwatly golum we gahar⁠-⁠gazabym bilen üstüňizden patyşalyk ederin+. 34  Güýç⁠-⁠kuwwatly golum, gahar⁠-⁠gazabym bilen sizi dargan ýurtlaryňyzdan ýygnaryn we pytran halklaryňyzdan gaýtaryp getirerin+. 35  Sizi halklaryň çölüne getirerin we siziň bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz durup çözlüşerin+. 36  Müsürdäki çölde ata⁠-⁠babalaryňyz bilen nähili çözlüşen bolsam, siziň bilen hem şeýle ederin. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 37  — Sizi çopan taýagynyň aşagyndan geçirerin+, ähtimi berjaý etmäge mejbur ederin. 38  Emma gozgalaňçylary, kanunymy bozýanlary araňyzdan ýok ederin+. Olary gelmişek bolup ýaşan ýurdundan alyp gaýdaryn. Ýöne olar Ysraýyl ýurduna gadam basmazlar+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“. 39  Eý ysraýyl halky, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Baryň, nejis butlaryňyza sežde ediň!+ Ýöne bilip goýuň, gulak asmasaňyz, sizi terk ederin. Şonda gurbanlyklaryňyz we nejis butlaryňyz bilen mundan beýläk mukaddes adyma ysnat getirip bilmersiňiz“+. 40  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Bütin ysraýyl halky mukaddes dagymda, Ysraýylyň beýik dagynda+ maňa sežde eder+. Sizden razy bolaryn, sadakalaryňyzy, ilkinji hasylyňyzy we mukaddes sowgatlaryňyzy kabul ederin*+. 41  Halklaryň arasyndan ýygnanymda we dargadan ýurtlarymdan getirenimde+, ýakymly ysly gurbanlyklary berersiňiz. Şonda sizden razy bolaryn. Size eden ýagşylyklarymy görüp, halklar mukaddesdigimi bilerler“+. 42  Sizi ata⁠-⁠babalaryňyza wada beren ýurduma, Ysraýyl ýurduna getirerin+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 43  Ol ýerde eden erbet işleriňizi, özüňizi haram edendigiňizi ýatlarsyňyz+. Erbet işleriňiz üçin özüňizi ýigrenersiňiz+. 44  Eý ysraýyl halky, size erbet işleriňiz ýa⁠-⁠da azgyn ýollaryňyz üçin jeza bermän, adymyň hatyrasyna pikirimden el çekerin+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar». 45  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi: 46  «Ynsan ogly, günorta bak⁠-⁠da, yglan et. Günortanyň tokaý ýurtlaryna pygamberlik et. 47  Günortanyň tokaý ýurtlaryna şeýle diý: „Ýehowanyň sözüni diňläň! Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Üstüňize lowlap duran ot iberýärin+. Ol her bir al⁠-⁠ýaşyl öwüsýän we guran agajy ýakyp kül eder. Ýanyp duran alaw öçmez+. Günortadan demirgazyga çenli hemmeleriň ýüzüni ýakar. 48  Şonda ähli adamlar ody meniň, Ýehowanyň ýakandygyma düşünerler. Ýanyp duran alaw asla öçmez“»+. 49  Men şeýle diýdim: «Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa, adamlar maňa: „Aý, ol boş gürrüň edýär*“ diýýär».

Çykgytlar

Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki ýedinji ýyly göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: elimi galdyrdym.
Ýa⁠-⁠da: bezegidi.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa⁠-⁠da: Sabat gününi haram etdiler.
Ýa⁠-⁠da: olar bilen zyna edip.
Ýa⁠-⁠da: gulluk; hyzmat.
Ýa⁠-⁠da: getirmegiňize garaşaryn.
Ýa⁠-⁠da: matal; mysal aýdýar.