Hyzkyl 19:1—14

  • Ysraýylyň baştutanlary hakda agy (1—14)

19  Ysraýyl baştutanlary hakda agy* aýt.  Olara aýt:«Ejeňizi kime deňäýin?Ol şirleriň arasyndaky ene ýolbars kimindi. Güýçli arslanlaryň arasynda ýatardy,Balalaryny ösdürip, kemala getirerdi.   Çagalarynyň birini kemala getirdi,Ol güýçli arslan bolup ýetişdi+. Awuny tüýt⁠-⁠müýt etmegi öwrendi,Hatda adamlary parçalady.   Halklar muny eşitdiler,Çukur gazyp duzaga düşürdiler.Burnuna çeňňek ildirip,Müsür ýurduna alyp gitdiler+.   Ene balasyna garaşdy, aý aýlanyp, günler geçdi,Gelmejegine gözi ýetdi. Soňra başga balasyny alyp, güýçli arslan edip ýetişdirdi.   Ol hem şirleriň arasynda ýaşady, güýçli şir bolup ýetişdi. Awuny tüýt⁠-⁠müýt etmegi öwrendi, adamlary parçalady+.   Olaryň berk diňleriniň arasynda aýlandy,Şäherlerini weýran etdi.Boşap galan ülkede arryldysy eşidilýärdi+.   Şonda daş⁠-⁠töwerekdäki halklar oňa duzak gurdy,Arslan olaryň gazan çukuryna düşdi.   Burnuna çeňňek ildirip, gözenege saldylar.Wawilon patyşasynyň ýanyna getirdiler. Ysraýyl daglarynda sesi eşidilmez ýaly, gabap goýdular. 10  Ejeň akar suwuň boýundaky üzüm* bagy+ kimindi, Bol suwdan ganyp, hasyl getirdi,Şahalarynyň san⁠-⁠sajagy ýokdy. 11  Onuň berk şahalaryndan şa hasasy ýasaldy. Ol ösüp, başga agaçlardan has beýik boldy.Beýikliginden, gür ýapragyndan ýaňa uzaklardan görnerdi. 12  Emma ony gazap bilen sogrup taşladylar+.Gündogar ýeli miwelerini guratdy. Berk şahalary çapyldy, ol gurady+, ot ýakyp ýandyrdy+. 13  Indi ony çölde,Suwsuz, gurak ýerde oturtdylar+. 14  Ot şahalaryny ýakdy, soňra çybyklaryny,Miwelerini ýalmap ýuwutdy.Şa hasasyny ýasamak üçin,Ýekeje⁠-⁠de mäkäm şahasy galmady+. „Ine, şu agy* dillerden düşmez“».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: agy aýdymyny.
Sözme⁠-⁠söz: ganyňdaky üzüm.
Ýa⁠-⁠da: agy aýdymy.