Hyzkyl 18:1—32

  • Günä eden adama temmi berler (1—32)

    • Günä eden adam öler (4)

    • Atasynyň günäsi üçin ogly jeza çekmez (19, 20)

    • Erbet adamyň ölmegini islemeýärin (23)

    • Toba eden adam uzak ömür sürer (27, 28)

18  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi:  «Ysraýyl ýurdunda: „Atalary turşy üzüm iýdiler, ogullarynyň dişi gamaşdy*+ diýen nakyl bar. Munuň manysy näme?  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Ysraýylda şol nakyl gaýdyp agzalmaz.  Ine, ähli adamlaryň jany* meniňki, atasynyň jany hem, oglunyň jany hem meniňki. Günä eden adam* öler.  Aýdaly, bir dogruçyl adam bar. Ol adalatly bolup, halal ýaşaýar.  Ol daglaryň depesinde butlara* berilýän gurbanlyklardan iýmeýär+. Ysraýyl öýüniň nejis butlaryna doga⁠-⁠dileg etmeýär. Goňşusynyň aýaly bilen ýatmaýar+, aýbaşysy gelýän aýala ýanaşmaýar*+.  Ol hiç kime zulum etmeýär+, gaýtam girewine alan zadyny gaýtaryp berýär+. Hiç kimi talamaýar+, gaýtam aç adama nan+, ýalaňaja don berýär+.  Öz peýdasyny gözläp, göterimine karz bermeýär+, adalatsyzlyk etmeýär+, adamlaryň dawasyny adalatly çözýär+.  Ol kada⁠-⁠kanunlarym boýunça ýaşap, hökümlerimi berjaý edip, wepaly bolýar. Şeýle adam dogruçyldyr. Ol uzak ömür sürer+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 10  Aýdaly, onuň ogly talaňçy+ ýa⁠-⁠da ganhor+ bolup, erbet işleri edýär. 11  Atasy erbet işleri etmese⁠-⁠de, ogly daglaryň depesinde butlara berilýän gurbanlyklardan iýýär. Goňşusynyň aýaly bilen ýatýar. 12  Mätäje we garyba zulum edýär+, adamlary talaýar, girewine alan zadyny yzyna bermeýär. Nejis butlara doga⁠-⁠dileg edýär+, ýigrenji işlere baş goşýar+. 13  Ol öz peýdasyny gözläp, göterimine karz berýär+. Şeýle ogul janyndan mahrum bolar. Ol ýigrenji işleri edendigi üçin öler, öz ganyna özi galar. 14  Aýdaly, bir adam kakasynyň edýän günälerini görýär, ýöne özi beýle işleri etmeýär. 15  Ol daglaryň depesinde butlara berilýän gurbanlyklardan iýmeýär. Ysraýyl öýüniň nejis butlaryna doga⁠-⁠dileg etmeýär. Goňşusynyň aýaly bilen ýatmaýar. 16  Ol hiç kime zulum etmeýär, gaýtam girewine alan zadyny gaýtaryp berýär. Ol hiç kimi talamaýar, gaýtam aç adama nan, ýalaňaja don berýär. 17  Ol garyba azar bermeýär, öz peýdasyny gözläp, göterimine karz bermeýär. Ol kada⁠-⁠kanunlarymy, hökümlerimi berjaý edýär. Şeýle adam atasynyň günäsi üçin ölmez. Ol uzak ömür sürer. 18  Emma kakasy hilegärlige ýüz urdy, doganyny talady we halkyň arasynda haram işleri etdi. Kakasy öz günäsi üçin öler. 19  Emma siz: „Atasynyň günäsi sebäpli näme üçin ogly jeza çekmeýär?“ diýersiňiz. Sebäbi ogly adalatly bolup, halal ýaşaýar. Kada⁠-⁠kanunlaryma eýerip, elmydama olary berjaý edýär. Şonuň üçin ol uzak ömür sürer+. 20  Günä eden adam* öler+. Ogul atasynyň günäsi üçin, atasy hem oglunyň günäsi üçin jeza çekmez. Halal ýaşandygy üçin hudaýhon adamyň diňe özüne sylag berler. Haram işleri edendigi üçin erbediň hem diňe özüne höküm çykarylar+. 21  Emma erbet adam günälerine toba etse, kada⁠-⁠kanunlaryma eýerip, adalatly bolsa we halal ýaşasa, ol uzak ömür sürer. Janyndan mahrum bolmaz+. 22  Eden günäleriniň hiç biri üçin jeza berilmez*+. Ol dogry işleri edýändigi üçin uzak ömür sürer“+. 23  Heý⁠-⁠de, men erbet adamyň ölmegini isleýärinmi?+ — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Eýsem, erbet işlerini taşlap, uzak ýaşamagyny islemeýärinmi?+ 24  Eger hudaýhon adam halal ýaşamagyny bes edip, haram işe baş goşsa*, erbetleriň edýän ýigrenji işlerini etse, ol ýaşarmy? Onuň eden ýagşy işleriniň hiç biri ýatlanmaz+. Ol biwepa bolup, günä edendigi üçin öler+. 25  Emma siz: „Ýehowa adalatsyzlyk edýär!“+ diýersiňiz. Eý ysraýyl halky, gulak goýuň! Men näme adalatsyzlyk edýärinmi?+ Eýsem, adalatsyzlyk edýän siz dälmi?+ 26  Eger hudaýhon adam halal ýaşamagyny bes edip, haram işe baş goşup ölse, muňa özi günäkär. 27  Erbet adam ýolundan dänip, adalatly bolsa we halal ýaşap başlasa, janyny halas eder+. 28  Ol eden işleriniň erbetdigine düşünse we günälerine toba etse, uzak ömür sürer. Janyndan mahrum bolmaz. 29  Emma ysraýyl halky: „Ýehowa adalatsyzlyk edýär!“ diýer. Eý ysraýyl halky, men näme adalatsyzlyk edýärinmi?+ Eýsem, adalatsyzlyk edýän siz dälmi? 30  Eý ysraýyl halky, şonuň üçin her biriňizi eden işleriňize görä höküm ederin+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Toba ediň, ähli günäli işleriňizden el çekiň. Ýogsam olar size badak atar*, başyňyzdan jeza iner. 31  Ähli günäleriňizden tämizleniň+. Ýüregiňizi arassalaň, aň⁠-⁠düşünjäňizi täzeläň*+. Size janyňyzdan mahrum bolmak nämä gerek+, eý ysraýyl halky? 32  Men hiç bir adamyň ölmegini islemeýärin+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Toba edip, uzak ýaşaň»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: küteldi.
Ýa⁠-⁠da: ýaşaýşy. Sözlüge serediň: Jan.
Ýa⁠-⁠da: jan. Sözlüge serediň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: jan.
Sözme⁠-⁠söz: ýatlanmaz.
Ýa⁠-⁠da: adalatsyzlyk etse.
Sözme⁠-⁠söz: siziň öňüňizde büdredýän daş goýar. Sözlüge serediň: Büdredýän daş.
Sözme⁠-⁠söz: Özüňize täze ýürek we täze ruh ediniň.