Hyzkyl 17:1—24

  • Iki bürgüt we üzüm agajy hakda matal (1—21)

  • Ýaş şaha beýik kedr agajy bolup ýetişer (22—24)

17  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi:  «Ynsan ogly, ysraýyl halky barada matal ber, mysal aýt+.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Uly ganatly, uzyn ýelekli, gür we dürli reňkli äpet bürgüt+ Liwana+ uçup geldi hem⁠-⁠de kedr agajynyň başyny ýolup aldy+.  Ol agajyň iň ýokarky şahasyny ýolup, täjirleriň* ýurduna alyp gitdi. Ony täjirleriň şäherinde ekdi+.  Soňra ol ýurduň* tohumyndan alyp+, söwüt agajy deý bolsun diýip, mes topraga we çeşmäniň ýakasyna ekdi.  Ol gögerip, pessejik boýly we çyrmaşyp ösýän üzüm agajy boldy+. Agajyň şahalary kän ýaýramady, kökleri aşagynda ösdi. Şeýdip, ol üzüm agajy bolup ýetişdi. Ol pyntyklap, şaha çykardy+.  Uly ganatly we uzyn ýelekli+ başga bir äpet bürgüt uçup geldi+. Ýaňky üzüm agajy oturdylan ýerinden köklerini, teşne şahalaryny höwes bilen bürgüde tarap uzatdy+.  Onuň şahalary berkesin, miwe bersin, beýik üzüm agajy bolsun diýip, çeşmäniň ýakasynda, mes toprakda oturdylsa⁠-⁠da, şeýle etdi“+.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ol pajarlap ösermi? Biri gelip, köki bilen sogurmazmy?+ Şonda onuň miweleri çüýremezmi, şahalary guramazmy?+ Ol şeýle bir gurar welin, köki bilen sogurmak üçin güýçli gollar we birgiden adam gerek bolmaz. 10  Ol başga ýerde ekiläýse⁠-⁠de, ösüp bilermi? Gündogar ýeli öwüsse, bütinleý guramazmy? Ol ekilen ýerinde gurap galar“». 11  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi: 12  «Gozgalaňçy halka şeýle diý: „Siz aýdanlarymyň manysyna düşünmediňizmi? Wawilon patyşasy Iýerusalime gelip, onuň patyşasyny, han⁠-⁠beglerini tutup, ýany bilen Wawilona alyp gitdi+. 13  Şeýle⁠-⁠de ol patyşanyň neslinden bir adama+ ant içirip, onuň bilen äht baglaşdy+. Ol ýany bilen ýurduň abraýly adamlaryny hem alyp gitdi+. 14  Ol muny patyşalyk gowşak bolsun, aýaga galyp bilmesin we ähtini bozan güni, onuň soňy gelsin diýip etdi+. 15  Emma patyşa oňa garşy baş göterdi+. Ol Müsüre çapar ýollap, ençeme at+ we esger+ sorady. Onuň işi ugruna bolarmyka? Şeýle işleri eden adam jezadan gutularmyka? Ähti bozan aman galyp bilermikä?“+ 16  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Ol* özüni patyşa edip goýan hökümdarynyň* ýaşaýan ýerinde, Wawilonda öler. Sebäbi ol ant içip baglaşan ähtini bozdy+. 17  Wawilonyň esgerleri halky gyrmak üçin şäheriň daşyna depe we diwar aýlarlar. Şonda faraonyň ägirt goşunynyň we sansyz⁠-⁠sajaksyz esgerleriniň söweşde kömegi degmez+. 18  Ol ant içip baglaşan ähtini bozdy. Söz* berenem bolsa, şol işleri etdi. Ol gaçyp gutulmaz“. 19  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Maňa beren wadasynda durman, ähtimi bozandygy üçin edenini egni bilen çekdirerin+. 20  Men oňa torumy taşlaryn. Ol meniň toruma düşer+. Maňa dönüklik edendigi üçin, Wawilona getirip, höküm çykararyn+. 21  Onuň ähli gaçgak esgerleri gylyçdan geçiriler. Aman galanlary bolsa çar tarapa dargadylar+. Şonda muny meniň, Ýehowanyň aýdandygyny bilersiňiz“+. 22  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Beýik kedr agajynyň başyndan bir şaha+ alyp oturdaryn. Agajyň şahalarynyň arasyndan bir ýaş şahany+ alyp, belent dagyň+ depesinde oturdaryn. 23  Ony Ysraýylyň beýik dagynda ekerin. Onuň şahalary ösüp, miwe berer we beýik kedr agajy bolup ýetişer. Agaçda her dürli guşlar höwürtgelär we saýasynda ýaşar. 24  Şonda ähli agaçlar beýik agajy peseldip, pessejik agajy beýgeldýäniň+, gülläp oturan agajy guradyp, guran agajy ösdürýäniň men, Ýehowadygymy+ bilerler. Muny aýdýan men, Ýehowadyryn. Aýdan sözümi hökman ýerine⁠-⁠de ýetirerin“».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Kengan.
Ýagny Ýahuda ýurdy.
Ýagny Sadykýar.
Ýagny Nawuhodonosoryň.
Sözme⁠-⁠söz: El.