Hyzkyl 15:1—8

  • Iýerusalim derde ýaramaz üzüm agajydyr (1—8)

15  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi:  «Ynsan ogly, üzüm agajynyň beýleki tokaý agaçlaryndan näme tapawudy bar?  Onuň agajy derde ýaraýarmy? Adamlar ondan goş⁠-⁠golam asmak üçin asgyç ýasaýarmy?  Üzümiň agajyny ýakmak üçin oda taşlaýarlar. Ot onuň iki tarapyny ýakyp, ortasyny garaldýar. Soňra ol derde ýararmy?  Üzümiň agajyny oda taşlamankalar hem hiç bir derde ýaramaýar. Otda ýanyp garalsa, onda nämä ýarar öýdýärsiň?»  «Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Tokaý agaçlarynyň içindäki üzüm agajyny odun edip berişim ýaly, Iýerusalimiň ilatyny hem şeýle ederin+.  Men oňa garşy çykaryn. Bir otdan gaçyp gutulsa⁠-⁠da, başga bir ot olary ýalmap ýuwudar. Olara garşy çykanymda, meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“»+.  «Olar dönüklik edendigi üçin+ ýurdy boşap galar+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar