Hyzkyl 14:1—23

  • Butparazlar höküm edilýär (1—11)

  • Iýerusalime çykarylan höküm hökman amala aşar (12—23)

    • Hudaýhon Nuh, Danyýar we Eýýup (14, 20)

14  Ysraýylyň käbir ýaşululary gelip, ýanymda oturdylar+.  Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi:  «Ynsan ogly, olar nejis butlarynyň* yzyna eýermekden asla el çekmeýär. Olar halka päsgelçilik döredip*, olary günä iterýär. Indi men näme üçin olara jogap bermelimişim?+  Olara ýüzlenip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eger ysraýyllardan biri nejis butlarynyň yzyna eýermegi goýmasa, halka päsgelçilik döredip, olary günä iterse, soňam gelip pygambere ýüz tutsa, men, Ýehowa oňa nejis butlarynyň sanyna görä jeza* bererin.  Ysraýyl halkynyň ýüregi gorkudan sandyrar. Sebäbi olaryň ählisi menden ýüz öwrüp, nejis butlarynyň yzyna eýerdiler“+.  Ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Yzyňyza dolanyň, nejis butlaryňyzdan ýüz öwrüň we ýigrenji işleriňizden* el çekiň+.  Ysraýyllardan biri ýa⁠-⁠da Ysraýylda ýaşaýan gelmişek menden ýüz öwürse, nejis butlarynyň yzyna eýermegi goýmasa, halka päsgelçilik döredip, günä iterse, soňam gelip pygamberime ýüz tutsa+, oňa men, Ýehowa jeza bererin.  Men oňa garşy çykaryn, başgalar üçin alamat ederin we düşen halyndan sapak edinerler. Ony halkymyň içinden ýok ederin+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“.  „Eger pygamber aldanyp jogap berse, onda aldawa salan men, Ýehowadyryn+. Men pygambere el götererin we ysraýyl halkymyň arasyndan sogrup taşlaryn. 10  Olar* eden günäsi üçin jezasyny çekerler. Pygamber hem, oňa ýüz tutan adam hem günäkär hasaplanar. 11  Belki, şondan soň ysraýyl halky ýolumdan sowulmaz, günä işlere baş goşup, özlerini haram etmez. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn“+. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar». 12  Ýehowa maňa ýene⁠-⁠de şeýle diýdi: 13  «Ynsan ogly, tutuş ýurt dönüklik edip, günä gazansa, halkyma el götererin we galla ammarlaryny ýer bilen ýegsan ederin*+. Onuň başyna açlyk indererin+. Tutuş ýurtdan ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn+. 14  Hatda olaryň arasynda Nuh+, Danyýar+ we Eýýup+ bolsa⁠-⁠da, halal ýaşandygy üçin diňe olaryň üçüsi öz janyny halas edip bilerdiler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar». 15  «Eger men ýurda ýyrtyjy haýwanlary ibersem, olar ýurduň halkyny tüýt⁠-⁠müýt etse*, ýurt çöllüge öwrülse, ýyrtyjy haýwanlar+ sebäpli hiç kim ol ýerden geçip bilmese, 16  olaryň arasynda şol üç hudaýhon adam bolsa⁠-⁠da, ogul⁠-⁠gyzlaryny halas edip bilmezdi. Men diri şaýatdyryn! Olar diňe özlerini halas ederdi we ýurt çöllüge öwrülerdi — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar». 17  «Eger men ýurduň üstüne gylyç inderip+: „Goý, gylyç ýurduň içinden geçsin“ diýsem, adamlary we haýwanlary gyryp taşlasam+, 18  olaryň arasynda şol üç hudaýhon adam bolsa⁠-⁠da, ogul⁠-⁠gyzlaryny halas edip bilmezdi. Men diri şaýatdyryn! Olar diňe özlerini halas ederdi — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar». 19  «Eger men ýurda mergi indersem+, gan döküp, gaharymy çykarsam, adamlary we haýwanlary gyryp taşlasam, 20  olaryň arasynda üç hudaýhon adam — Nuh+, Danyýar+ we Eýýup+ bolsa⁠-⁠da, ogul⁠-⁠gyzlaryny halas edip bilmezdi. Men diri şaýatdyryn! Olar halal ýaşandygy üçin diňe öz janyny halas edip bilerdi+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar». 21  «Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Iýerusalimden adamlary, haýwanlary ýok etmek üçin+, oňa garşy dört jezany+: gylyjy, açlygy, ýyrtyjy haýwanlary we mergini iberenimde+, şu aýdanlarym ýerine ýeter. 22  Emma käbir ogul⁠-⁠gyzlaryňyz aman galar we olar ýurtdan alnyp gidiler+. Olar ýanyňyza baryp, ýörän ýollary we eden etmişleri hakda gürrüň bererler. Şonda Iýerusalimiň başyna näme üçin betbagtçylyk inderendigime düşünersiňiz we janyňyz aram tapar“». 23  «Olaryň ýörän ýollary we eden etmişleri hakda eşidip, şol betbagtçylyklary olaryň başyndan sebäpsiz ýere indermändigime düşünersiňiz+. Şonda janyňyz aram tapar — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar

Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa⁠-⁠da: halkyň öňünde büdredýän daş goýup. Sözlüge serediň: Büdredýän daş.
Ýa⁠-⁠da: jogap.
Ýa⁠-⁠da: däp⁠-⁠dessurlaryňyzdan.
Ýagny ysraýyl halky.
Sözme⁠-⁠söz: çörek taýaklaryny döwerin. Çörek asylyp goýulýan taýaklar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: çagalaryndan mahrum etse.