Hyzkyl 11:1—25

  • Zalym han⁠-⁠begler höküm edilýär (1—13)

    • Şäher gazana meňzedilýär (3—12)

  • Ýurt arassalanar (14—21)

    • Olaryň aň⁠-⁠düşünjesini täzelärin (19)

  • Iýerusalimden Hudaýyň nury göterilýär (22, 23)

  • Hyzkyl görnüşde Haldeýa getirilýär (24, 25)

11  Ruh meni ýokary galdyryp, Ýehowanyň öýüniň gündogar derwezesine getirdi+. Derwezäniň agzynda 25 adamy gördüm, olaryň arasynda halkyň han⁠-⁠begleri+ Azuryň ogly Ýazanýa we Binaýanyň ogly Pelatýa hem bardy.  Alla maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, päliýaman adamlar şäheriň ilatyna erbet maslahat berýär.  Olar: „Häzir özümize öý gurmagyň wagtydyr+. Şäher* gazan+, bizem içindäki et ýaly“ diýýärler.  Ynsan ogly, şonuň üçin pygamberlik et+, olara garşy pygamberlik et».  Ýehowanyň ruhy üstüme indi+. Ol maňa şeýle diýdi: «Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eý Ysraýyl öýi, aýdýanlaryňyz dogry. Men siziň oý⁠-⁠pikirleriňizi bilýärin.  Siz şäherde köpleriň ganyna galdyňyz, köçelerini jesetlerden doldurdyňyz“»+.  «Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Şäheriň içinde gyran adamlaryňyz etdir. Şäher bolsa gazandyr+. Emma sizi içinden çykaryp taşlarlar“».  «Siz gylyçdan gorkýarsyňyz+, depäňizden gylyç hem iner — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.  — Sizi ol ýerden çykaryp, ýat halklaryň eline tabşyraryn we jeza bererin+. 10  Gylyçdan ölersiňiz+. Sizi Ysraýyl serhedinde höküm ederin+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 11  Şäher siziň üçin gazan bolmaz, sizem içindäki et bolmarsyňyz. Sizi Ysraýyl serhedinde höküm edenimde, 12  meniň Ýehowadygymy bilersiňiz. Sebäbi kanunlaryma eýermediňiz we permanlarymy berjaý etmediňiz+. Gaýtam goňşy halklaryň däp⁠-⁠dessurlaryny* berjaý etdiňiz»+. 13  Pygamberlik edip bolan badyma, Binaýanyň ogly Pelatýa dünýäden ötdi. Men ýere ýüzin ýykyldym⁠-⁠da, batly ses bilen dady⁠-⁠perýat edip: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, Ysraýylyň aman galanlaryny gyryp taşlajak bolýarmyň?»+ diýdim. 14  Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi: 15  «Ynsan ogly, mülküni satyn almaga haky bolan doganlaryňa we bütin Ysraýyl öýüne Iýerusalimiň ilaty şeýle diýýär: „Ýehowadan daşda duruň. Ýurt bize miras berildi, ol biziňki“. 16  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men olary uzak ülkelere sürgün etsem⁠-⁠de, beýleki ýurtlara dargatsam⁠-⁠da+, baran ýerlerinde gysga wagtlyk olaryň mukaddes mekany bolaryn“+. 17  Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn. Dargadylan ýurtlaryňyzdan getirip, Ysraýyl topragyny bererin+. 18  Olar watanyna dolanyp, şäheri nejis butlardan, ýigrenji däp⁠-⁠dessurlardan arassalar+. 19  Men olary agzybir ederin*+, aň⁠-⁠düşünjesini täzelärin+. Olaryň gursagyndan daş ýaly ýüregini çykaryp+, olara ýumşak* ýürek bererin+. 20  Olar meniň kada⁠-⁠kanunlarym boýunça ýaşarlar, buýruklaryma gulak asyp, olary berjaý ederler. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn“. 21  Emma ýüregini nejis butlara we ýigrenji däp⁠-⁠dessurlara* beren adamlar bolsa, eli bilen edenini egni bilen çekerler — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar». 22  Şonda keruplar ganatlaryny galdyrdylar, tigirlerem olaryň gapdalyndady+. Ysraýyl Hudaýynyň nury* olaryň üstündedi+. 23  Soňra Ýehowanyň nury+ şäheriň üstünden göterilip, şäheriň gündogaryndaky dagyň+ üstüne baryp durdy. 24  Hudaýyň ruhunyň görkezen görnüşinde* ruh meni göterip, Haldeý ýurdundaky sürgün edilen halkyň arasyna getirdi. Soňra görnüş gaýyp boldy. 25  Men sürgündäki adamlara Ýehowanyň görkezen zatlarynyň ählisini gürrüň berip başladym.

Çykgytlar

Ýehudylar Iýerusalimde özlerini howpsuz duýýardylar.
Sözme⁠-⁠söz: hökümlerini.
Sözme⁠-⁠söz: olara bir ýürek bererin.
Sözme⁠-⁠söz: etden. Ýagny Ýehowanyň maslahatyny kabul edýän ýürek.
Ýa⁠-⁠da: işlere.
Sözme⁠-⁠söz: şöhraty.
Sözlüge serediň.