Ester 8:1—17

  • Mordekaý baş edip bellenýär (1, 2)

  • Ester patyşa ýalbarýar (3—6)

  • Patyşanyň täze permany (7—14)

  • Ýehudylar şatlanýar (15—17)

8  Şol gün Haşaýar patyşa ýehudylaryň duşmany+ Hamanyň mal⁠-⁠mülküni+ Estere berdi. Ester özüniň Mordekaý bilen garyndaşdygyny+ patyşa gürrüň berdi. Mordekaý patyşanyň huzuryna geldi.  Patyşa Hamana beren möhürli ýüzügini+ yzyna alyp, Mordekaýa dakdy. Ester bolsa Hamanyň bütin hojalygynyň üstünden Mordekaýy baş edip belledi+.  Ester ýene⁠-⁠de patyşanyň huzuryna bardy we aýagyna ýykylyp aglady. Agaglardan Hamanyň ýehudylary gyrmak üçin guran hilesini bozmagy haýyş etdi+.  Patyşa altyn hasasyny Estere uzadanda+, ol ýerinden turup, patyşanyň öňünde durdy.  Soňra Ester şeýle diýdi: «Eger patyşa makul bilse, göwnüňizden turan bolsam, hormatyňyza mynasyp bolsam we razy bolsaňyz, agaglardan+ Hamedatyň ogly Hamanyň hilegärlik bilen ýazan buýrugyny* ýatyrýan kanun çykaryň. Haman patyşanyň golastyndaky ähli welaýatlara ýehudylary ýok etmek barada hat iberipdi+.  Men halkymyň başyna geljek betbagtçylyga çydap bilmerin. Dogan⁠-⁠garyndaşlarymyň heläk bolmagyna döz gelip bilmerin».  Haşaýar patyşa şa aýaly Ester bilen ýehudy Mordekaýa şeýle diýdi: «Men Hamanyň mal⁠-⁠mülküni Estere berdim+. Hamany bolsa ýehudylary gyrjak bolany üçin pürsden asdym+.  Indi siz ýehudylary halas etmek üçin, patyşanyň adyndan buýruk ýazyň we ýüzügim bilen möhürläň. Sebäbi patyşanyň adyndan ýazylan we ýüzügi bilen möhürlenen perman ýatyrylýan däldir»+.  Şeýlelikde, üçünji aýda, ýagny siwan* aýynyň 23⁠-⁠ne patyşanyň kätipleri çagyryldy. Olar Hindistandan tä Efiopiýa çenli 127 welaýatdaky emirlere+, häkimlere, hanlara we ýehudylara Mordekaýyň beren ähli tabşyryklaryny ýazdylar+. Buýruk her welaýatyň öz elipbiýinde*, her halkyň ene dilinde, ýehudylaryň hem öz elipbiýinde we ene dilinde ýazyldy. 10  Mordekaý buýrugy Haşaýar patyşanyň adyndan ýazdy, ýüzügi+ bilen möhürledi we çaparlara berdi. Olar patyşanyň hyzmaty üçin seýislenen ýyndam atlara münüp ýola düşdüler. 11  Hatlarda ähli şäherdäki ýehudylara bilelikde ýygnanyşyp, öz janyny goramaga rugsat berildi. Bir halkyň ýa⁠-⁠da welaýatyň esgerleri hüjüm etse, ýehudylaryň olary, aýallaryny, çagalaryny öldürmäge, gyrmaga we mal⁠-⁠mülküni talamaga haky bardy+. 12  Buýruk Haşaýar patyşanyň ähli welaýatlarynda 12⁠-⁠nji aýda, ýagny adar* aýynyň 13⁠-⁠ne amala aşyrylmalydy+. 13  Ýehudylar şol gün duşmanlaryna gaýtawul bermäge taýyn bolar ýaly, buýruk ähli welaýatlarda güýje girmelidi we halklara yglan edilmelidi+. 14  Çaparlar patyşanyň hyzmaty üçin seýislenen atlara münüp, patyşanyň buýrugy bilen, okdurylyp gitdiler. Perman Şuşan*+ galasynda hem yglan edildi. 15  Mordekaý patyşanyň huzuryndan çykdy+. Onuň egninde gök hem ak matadan şa lybasy, badam reňkli ýüňden dony, başynda owadan altyn täji bardy. Şuşan galasyndaky adamlar şatlykdan ýaňa gygyryşdylar. 16  Ýehudylar üçin ýagty gelejege ýol açylyp, şatlykly, begençli günler geldi we abraýlary artdy. 17  Ähli welaýatlardaky we şäherlerdäki ýehudylar patyşanyň buýrugyny, kanunyny eşidip şatlandylar, begendiler. Olar toý⁠-⁠meýlis gurnadylar we uly baýram etdiler. Köp adamlar ýehudylardan gorkup, özlerine ýehudy diýýärdiler+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: hatlaryny.
Ýa⁠-⁠da: ýazuwynda.
Ýa⁠-⁠da: Suza.